2. mowzuk: fonetik we orfografik derñewler geçirmek


Download 27.33 Kb.
bet1/4
Sana16.06.2023
Hajmi27.33 Kb.
#1506379
  1   2   3   4
Bog'liq
2. MOWZUK FONETIK WE ORFOGRAFIK DERÑEWLER GEÇIRMEK.




2. MOWZUK: FONETIK WE ORFOGRAFIK DERÑEWLER GEÇIRMEK.

Lingwistik derñewiñ bir görnüşi fonetik derñewdir. Bu derñewi hem möçberi we maksady taýdan doly fonetik derñew we doly däl fonetik derñew diýen toparlara bölmek bolar. Olara dil biliminiñ degişli fonetika bölümindäki ähli meseleler, kada-düzgünler mahsusdyr. Fonetik derñewde sözüñ fonetik düzümi boýunça derñelişi, fonetik birlik, fonetik serişdeler bilen baglanyşykly orfoepik kadalar nazara alynýar. Doly däl fonetik derñewde geçilýän tema laýyklykda fonetika mahsus düzgünler bölekleýin derñelýär. Meselem, “Sesleriñ häsiýetnamasy” atly tema geçilýän bolsa, diñe şoña görä, beýleki fonetik kadalara (bogna, basyma we ş.m.) degmezden sesleriñ aýratynlygy boýunça fonetik dwerñewi etmek. Doly fonetik derñewde, esasan, aşakdaky düzgünler berjaý edilýär:


1.Sözdäki çekimli we çekimsiz fonemalara, olaryñ añladylyşyna häsiýetnama bermek;
2.Sözdäki bogunlara häsiýetnama bermek, bogunlaryñ tiplerini, görnüşlerini, bogun galyplaryny anyklamak, bogundaky sesleri ýüze çykarmak.
3.Sözüñ takta gatnaşygyny ýüze çykarmak, näçe taktyñ bardygyny bilmek, haýsy taktyñ nygtalyp aýdylýandygyny kesgitlemek, taktlary bogna bölmek.
4.Frazanyñ mukdaryny, onuñ nähili äheñde aýdylýandygyny, bir frazada näçe taktyñ bardygyny anyklamak.
5.Jümlede nähili ses üýtgeşmeleriniñ (kombinator, pozision ses üýtgeşmeleriniñ) ýüze çykýandygyny kesgitlemek. Meselem, Herekete bereket. I. 1)”Herekete” sözünde 8 sany ses we 8 sany harp bar. Olaryñ dört çekimsiz we 4 gezek gaýtalanyp gelýän e çekimlisi (diýmek, mukdary boýunça 1 sany çekimli) bar. Çekimsiz seseler şulardan ybarat: h, r, k, t. H— owaz perdeleriniñ gatnaşmazlygy taýdan dymyk çekimsiz galmagally, dilardy-yzky kentlewük, ýasy yşgalañly, süýkeş, agyz ýolly çekimsiz. R—sonorly, açyk, dilujy-alynky kentlewük, titreýji, agyz ýolly çekimsiz. K—galmagally, dymyk, dilardy-ortaky kentlewük, sap degşikli, zarply, agyz ýolly çekimsiz. T—galmagally, dymyk, dilujy-diş düýbi, sap degşikli, zarply, agyz ýolly çekimsiz. E—çekimli, dowamlylygy taýdan gysga (şeýle hem soñky bogundaky e uzyn) inçe, dodaklanmaýan, giñ, diliñ öñe-yza hereketi taýydan ýokarky galyş. 2) “Bereket” sözünde 7 sany ses we 7 sany harp bar…
II. Birinji sözde 4 bogun bar. Bogunlaryñ hemmesi açyk we örtülgi, soñky bogun basymly, galanlary basymsyz. Bogun galyplarynyñ hemmesi KW görnüşinde.
III.Sözleriñ hersi bir takt. “Herkete” takty nygtalyp aýdylýar.
IV.Bir fraza, ol habar äheñinde aýdylýar. Bu frazada iki takt bar. (Fonetik serişdeleriñ—frazanyñ aýdylyş aýratynlygynyñ derñewinde, esasan, aşakdaky kadalar berjaý edilýär:

Download 27.33 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
  1   2   3   4




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling