2. mowzuk: fonetik we orfografik derñewler geçirmek


Download 27.33 Kb.
bet2/4
Sana16.06.2023
Hajmi27.33 Kb.
#1506379
1   2   3   4
Bog'liq
2. MOWZUK FONETIK WE ORFOGRAFIK DERÑEWLER GEÇIRMEK.

a)Äheñi, esasan, sözlemde ýüze çykarmak, ony degişli . ? ! ?! belgileri bilen bellemek; Eger frazazada melodika aýratyn mahsus alamat bar bolsa ony we tembri anyklamak.
b)Sözdäki we sözlemdäki basymyñ görnüşlerini anyklamak, olary degişli ′ belgi bilen añlatmak.
Ç)Taktlaryñ arasyndaky säginmäni ýüze çykarmak, näçe säginmäniñ bardygyny bilmek. Ony // görnüşdäki belgi bilen añlatmak. Meselem, Düzzüm—türkmen halkynyñ milli oýny.)
V.Jümlede düýpli ses özgermeleri duýulmaýar. “Herekete” sözünde dymyk t çekimsiziniñ açyk d sesine öwrülip aýdylmak häsiýeti duýulýar. Diýmek, orfografiýa ornaşdyrylmadyk orfoepik kada—dymyklaryñ açyklaşmasy bolup geçýär.
Kombinator üýtgeşme—koartikulýasiýa netijesinde, ýagny sesleriñ bilelikdäki artikulýasiýasy, özara biri-birine täsiri netijesinde ýüze çykýan ses üýtgeşmeleri. Muña degişli metateza, assimilýasiýa we ş.m. degişli.
Pozision ses üýtgeşmeleri—sesiñ sözdäki belli bir orny bilen, ýagny söz başynda, ortasynda, ahyrynda açyk ýa-da ýapyk bogunda, basym astynda gelip bilmek-bilmezlik ýagdaýy bilen baglylykda ýüze çykýan ses üýtgemesi. Muña proteza, ysgynsyzlanma, we ş.m. degişlidir.
























































































































Çekimli sesleriň häsiýetnamasy
t/b
Çekimli sesler
Sesleriň aýratynlygy
Mysallar
1
A
Mukdar taýdan hem gysga, hem uzyn, hil taýdan yzky hatar, diliñ öñe-yza hereketi boýunça aşaky galyş, dodaklaryñ gatnaşyp-gatnaşmazlygy taýdan dodaklanmaýan, howanyñ ýolunyñ daralyp-giñelmegi taýdan giñ, aýdylyşy taýdan ýogyn çekimli
At ;
At [a:t]
2
O
Mukdar taýdan hem gysga, hem uzyn, hil taýdan yzky hatar, diliñ öñe-yza hereketi boýunça ortaky galyş, dodaklaryñ gatnaşyp-gatnaşmazlygy taýdan dodaklanýan, howanyñ ýolunyñ daralyp-giñelmegi taýdan giñ, aýdylyşy taýdan ýogyn çekimli
Ot;
Ot [o:t]
3
Ö
Mukdar taýdan hem gysga, hem uzyn, hil taýdan alynky hatar, diliñ öñe-yza hereketi boýunça ortaky galyş, dodaklaryñ gatnaşyp-gatnaşmazlygy taýdan dodaklanýan, howanyñ ýolunyñ daralyp-giñelmegi taýdan giñ, aýdylyşy taýdan inçe çekimli
Öt;
Öt [ö:t]
4
Y
Mukdar taýdan hem gysga, hem uzyn, hil taýdan ortaky hatar, diliñ öñe-yza hereketi boýunça ýokarky galyş, dodaklaryñ gatnaşyp-gatnaşmazlygy taýdan dodaklanmaýan, howanyñ ýolunyñ daralyp-giñelmegi taýdan dar, aýdylyşy taýdan ýogyn çekimli
Yza
Yz [y:z]
5
I
Mukdar taýdan hem gysga, hem uzyn, hil taýdan alynky hatar, diliñ öñe-yza hereketi boýunça ýokarky galyş, dodaklaryñ gatnaşyp-gatnaşmazlygy taýdan dodaklanmaýan howanyñ ýolunyñ daralyp-giñelmegi taýdan dar, aýdylyşy taýdan inçe çekimli
It;
It [i:t]
6
U
Mukdar taýdan hem gysga, hem uzyn, hil taýdan yzky hatar, diliñ öñe-yza hereketi boýunça ýokarky galyş, dodaklaryñ gatnaşyp-gatnaşmazlygy taýdan dodaklanýan, howanyñ ýolunyñ daralyp-giñelmegi taýdan dar, aýdylyşy taýdan ýogyn çekimli
Burun;
Uý [u:ý]

7
Ü
Mukdar taýdan hem gysga, hem uzyn, hil taýdan alynky hatar, diliñ öñe-yza hereketi boýunça ýokarky galyş, dodaklaryñ gatnaşyp-gatnaşmazlygy taýdan dodaklanýan, howanyñ ýolunyñ daralyp-giñelmegi taýdan dar, aýdylyşy taýdan inçe çekimli


Üz;
Çüý [çü:ý]
8
E
Mukdar taýdan hem gysga, hem uzyn, hil taýdan alynky hatar, diliñ öñe-yza hereketi boýunça ortaky galyş, dodaklaryñ gatnaşyp-gatnaşmazlygy taýdan dodaklanmaýan, howanyñ ýolunyñ daralyp-giñelmegi taýdan giñ, aýdylyşy taýdan inçe çekimli
El;
Eý [e:ý]
9
Ä
Mukdar taýdan hem gysga, hem uzyn, hil taýdan alynky hatar, diliñ öñe-yza hereketi boýunça ortaky galyş, dodaklaryñ gatnaşyp-gatnaşmazlygy taýdan dodaklanmaýan, howanyñ ýolunyñ daralyp-giñelmegi taýdan giñ, aýdylyşy taýdan inçe çekimli
Äht;
Äň [ä:ň]



Download 27.33 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   2   3   4




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling