2. mowzuk: fonetik we orfografik derñewler geçirmek
Demri nem posladar, ynsany gep. 1)Barlanýan söz; demir; Demir+i=demri; 2)Dem(i)ri→demri; 3)Bu sözdäki i
Download 27.33 Kb.
|
2. MOWZUK FONETIK WE ORFOGRAFIK DERÑEWLER GEÇIRMEK.
- Bu sahifa navigatsiya:
- Sözlemiñ orfografik derñewi
- Soraglar we ýumuşlar
Demri nem posladar, ynsany gep.
1)Barlanýan söz; demir; Demir+i=demri; 2)Dem(i)ri→demri; 3)Bu sözdäki i sesiniñ düşürilip ýazylyşynyñ ýagdaýyny, ornuny şeýle görkezmek bolar: dem_ri; 4)Sözdäki i orfogramma bolup, ol dar çekimliniñ düşmek düzgünine gabat gelýär, ýagny bu kada degişli ähli şert ýerine ýetýär. Ol şertler şulardan ybarat (N.Garaýewiň, Ý.Ballyýewiň “Türkmen dili” okuw mekdepleriniň X synpy üçin synag okuw kitabynyň (Aşgabat, 2009) maglumatlaryndan ugur alynmagy hökmanydyr): a)düýp söz iki bogunly bolmaly; b)bogunlardaky çekimliler gysga aýdylmaly; ç)birinji bogun açyk, ikinji bogun ýapyk bolmaly; d)düşürilýän dar çekimliniñ öñünden z,d-den beýleki açyk çekimsizler gelmeli; e)düýp sözüñ soñy z, l, n, r, s, ş seslerine gutarmaly; ä)düýp söze çekimlä başlanýan goşulma goşulmaly. 5)”Demir” sözündäki ýerine ýetýän orfografik kada bilen baglanyşykly dil hadysasyna degişli başga mysallar: gelin-gelni (getirmek), ömür-ömri (uzak bolsun!), köwüş-köwşüm (arassa), çagyl-çagly (dökmek), agyz-agzyny (açmak, beklemek), tomus-tomsuñ (jöwzasy). Sözlemiñ orfografik derñewi: Ýazdyrma, beýannama, düzme ýazdyrylanda, test ýumuşlary ýerine ýetirilende orfografik derñew etmek aşakdaky ýagdaýa gorä göz öñünde tutulýar: I.Sözüñ dürs ýazylyşy üçin kadany dogry saýlamak (a)çekimlileriñ; b)çekimsizleriñ; ç)baş harplaryñ; d)setir harplaryñ ýazuw düzgüni, e)aýry; ä)bile; i)çyzyjak arkaly bölünip ýazylyşy nazara alynýar; sözlemde orfogrammasy bolan sözleriñ hersi sözleriñ orfografik derñewindäki ýaly aýratynlykda derñelýär; (eger sözlemde şol bir kada eýerýän birmeñzeş orfogrammalar bar bolsa, onda olara bir orfogramma hökmünde garamak mümkin; sebäbi ol orfogrammalar şol bir şertiñ, düzgünleriñ gaýtalanmagyny talap edýär); II.Şol kadalaryñ şertlerini kesgitlenen orfogramma görä düşündirmek (orfografik derñewiñ jemlemesinde gelnen netijä görä, umumy sözlemde näçe sany orfogrammanyñ bardygy sözler boýunça anyk görkezilýär). Meselem, Akja bulut ýaly ýüpek tutular Tamyñyzyñ aýnasyna tutular… (K.Gurbannepesow) 1)Barlanýan sözler; I. Tutular: tut+y(u)+lar=tutular; II. Tutular: tut+ul+ar=tutular; 2) I. Tuty(u)lar→tutular; II. Tutular; 3) I. Bu sözdäki y sesiniñ dodaklandyrylyp u görnüşinde ýazylyşynyñ ýagdaýyny, ornuny şeýle görkezmek bolar: tutular; II. ”Tutular” sözündäki ikinji bognuñ dodaklandyrylmasyny şeýle görkezmek mümkin: tutular; 4) I. Sözdäki u orfogramma bolup, ol y çekimliniñ dodaklanmak düzgünine gabat gelýär, ýagny bu kada degişli ähli şert ýerine ýetýär. Ol şertler şulardan ybarat: a)düýp sözüñ birinji bognunda dodak çekimli bolsa; b)bogunlar, esasanam, ikinji ýapyk bogun birinji bogundaky dodak çekimliniñ täsiri bilen dodaklandyrylyp gysga aýdylsa; ç)düýp söz sada bolandygy üçin onuñ diñe birinji we ikinji bogunlarynda (y→u) çekimlileri dodaklandyryp ýazmak mümkin; II. Sözdäki ul orfogramma bolup, ol ikinji bognuñ dodaklanmak düzgünine gabat gelýär. Onuñ şertleri şulardyr: a)düýp söz bir bogundan ybarat bolsa; b)şol bogunda dodak çekimli bolsa; ç)bogun dodaklandyrylyp gysga aýdylsa; d)bir bogunly düýp söz çekimsize gutarýandygy sebäpli, çekimli sese başlanýan we dodaklanýan goşulma ikinji bogundan goşulýar. 5) I. ”Tutular” sözündäki ýerine ýetýän orfografik kada bilen baglanyşykly dil hadysasyna degişli başga mysallar: guýy (guý+y)-guýular (guý+y(u)+lar); süri (sür+i)-sürüde (sür+i(ü)+de) we başgalar. II. “Tutular” sözündäki orfografik kada bilen baglanyşykly ýene-de mysallary getirmek bolar: ut-utular (ut+ul+ar); gutul-gutular (gut (1969-njy ýylda çykan “Gadymy türki sözlükden” ugur alynsa, gadymy “gut” türki sözünden bolup, “bagt” manysynda ulanylýar: gut+la+g=gutlag; gut+ly=gutly) +ul+ar) we ş.m. Sözlemde birmeñzeş häsiýeti bolmadyk (birinji orfogramma söz ýasaýjy (-y) goşulmadaky dodaklanma hadysasynda, ikinji orfogramma dereje ýasaýjy (-ul) goşulmadaky dodaklanma hadysasy hökmünde ýüze çykýar) iki sany orfogrammaly söz (tutular(at bolan); tutular (işlik bolan)) bar. Orfografik derñewiñ ýerine ýetirilişinde tertip yzygiderliligini berk saklap, şeýle görkezmek bolar: 1.Orfogrammany ýa-da sözüñ orfogrammasyny tapmak (bölekleýin däl-de, esasy obýekt bolýan sözüñ doly derñewi). 2.Bellenilen orfogrammany kada laýyklykda saýlamak we orfografik kada görä kesgitleme bermek. 3.Orfogrammany sözde grafik taýdan añlatmak. Adamyñ dil kadalaryny biliş derejesi dilden jogap bereni bilen deñeşdirilende, ýazuw işinde has aýdyñ ýüze çykýar. Ýazuw işi orfografik kadalaryñ nähili derejede özleşdirilendigini, orfogrammalaryñ dogry kesgitlenendigini, has takygy, orfografik derñewe degişli düzgünleriñ berjaý ediliş ýagdaýyny açyp görkezýär. Şu nukdaýnazardan orfografik derñewiñ ähmiýetlidigi barada şeýle netije gelip çykýar: orfogrammalaryñ üsti bilen orfografik kadalary gaýtalamak, berkitmek; orfogrammalar arkaly orfografiýanyñ dil biliminiñ beýleki bölümlerine gatnaşygyny anyklamak (meselem, ýokardaky “tutular” sözüniñ mysalynda sözdäki orfogrammanyñ üsti bilen leksika-grammatik, stilistik aýratynlyklaryñ bolmagy); orfografik derñew arkaly dürs ýazuwy öwrenmek mümkinçiligi göz öñünde tutulýar. Häzirki döwrüñ ýaş neslini dil nukdaýnazaryndan sowatly, giñ düşünjeli ynsan edip ýetişdirmek her bir dilçi mugallymyñ öñünde durýan jogapkärçilikli işdir. Soraglar we ýumuşlar: 1. Orfografik derñew barada aýdyp beriň. 2. Sözüñ orfografik derñewi barada aýdyp beriň. 3. Sözlemiñ orfografik derñewi barada aýdyp beriň. Download 27.33 Kb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling