B. G. Pürliýew, E. G. Rahmanowa ykdysadyýetiň esaslary


§ 8.  Jemgyýetdäki nygmatlar we hyzmatlar


Download 0.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet12/51
Sana28.10.2023
Hajmi0.69 Mb.
#1728578
1   ...   8   9   10   11   12   13   14   15   ...   51
Bog'liq
Pürliýew B~Ykdysadyýetiň esaslary-2013`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

§ 8. 
Jemgyýetdäki nygmatlar we hyzmatlar
Islegleri kanagatlandyrmagyň çeşmesi nygmatdyr. Oňa 
dürli-dürli kesgitleme berýärler. Käbirleri nygmat düşün-
jesini zatlar we predmetler bilen çäklendirýärler. Beýleki 
birleri bolsa nygmatlara diňe zähmetiň önümlerini däl, eý­
sem tebigatyň beren zatlaryny-da degişli edýärler. Nygmaty 
is lendik peýdaly netije hökmünde kesgitleýän pikir has 
ýaýrandyr.
Nygmat – bu belli bir adamyň islegini kanagatlandyrýan 
islendik peýdaly zatdyr (predmet, hadysa, zähmet önümi).
Ykdysady edebiýatda nygmatlary toparlara bölmegiň 
çylşyrymly ulgamy bar. Onuň esasynda goýlan ölçeglere 
bag lylykda nygmatlar şu toparlara bölünýär:
● maddy we maddy däl nygmatlar;
● ykdysady we ykdysady däl nygmatlar;
● jemgyýetçilik we jemgyýetçilik däl nygmatlar;
● häzirki we geljekki nygmatlar;
● göni we gytaklaýyn nygmatlar;
● uzak wagtlyk we gysga möhletli nygmatlar we ş.m.
Ilkinji üç topar has möhümdir, şonuň üçin olaryň üstün­
de durup geçýäris.


30
I bölüm
Maddy nygmatlar – bu tebigatyň eçilen zatlarydyr (kli­
mat, ýer, howa), önümçiligiň önümleridir (jaýlar, maşynlar, 
iýmit önümleri we ş.m.).
Maddy däl nygmatlar – bu adam ukybynyň ösmegine 
täsir edýän nygmatlardyr: saglygy goraýyş, sungat eserleri, 
teatr, muzeý, bilim we başgalar.
Nygmatlaryň ykdysady we ykdysady däl toparlara bö-
lün meginiň esasynda olara bolan islegleriň we islegleri ka­
nagatlandyrmak üçin bar bolan nygmatlaryň arasyndaky 
my nasybet (gatnaşyk) durýar.
Ykdysady nygmatlara ykdysady işiň obýekti ýa-da ne­
tijesi bolup durýan, ýagny islegler bilen deňeşdirilende, 
çäk li mukdarda alyp bolýan nygmatlar degişli. Bu hadysa 
resurslaryň çäkliligi bilen baglanyşyklydyr.
Ykdysady däl nygmatlar (tebigy nygmatlar) adamyň 
tagallasy talap edilmezden tebigat tarapyndan berlen nyg-
matlardyr (howa, suw we ş.m.). Bu nygmatlar tebigatda 
ada myň isleglerini doly we mydama kanagatlandyrýan 
muk darda «erkin» halda bardyr.
Jemgyýetçilik nygmatlara milli goranyş, jemgyýet çilik 
tertibiniň goralmagy, howa maglumaty, köçeleriň yşyk lan-
dyrylmagy we ençeme beýleki zatlar degişli. Jemgyýet çilik 
nygmatlary jemgyýetçilik däl nygmatlardan, birinjiden, 
sarp edilişinde bäsdeşligiň ýokdugy bilen, ikinjiden, olary 
peý dalanmaga päsgelçiligiň bolup bilmeýändigi bilen ta­
pawutlanýar.
Adam üçin zerur nygmatlaryň arasynda hyzmatlar aý-
ratyn orny eýeleýär we olaryň ähmiýeti barha artýar.
Hyzmatlar – munuň özi adamyň haýsydyr bir isleglerini 
kanagatlandyrýan peýdaly iş we onuň netijesidir.
Hyzmatyň özboluşlylygy onuň zat görnüşiniň ýokdu­
gyndan, emma adamyň peýdaly netije berýän işi (söwda, 
abat laýyş işleri, durmuş hyzmatlary we ş.m.) arkaly döredil-
ýändiginden ybarat.


31
YKDYSADYÝETIŇ UMUMY ESASLARY

Download 0.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   8   9   10   11   12   13   14   15   ...   51




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling