B. G. Pürliýew, E. G. Rahmanowa ykdysadyýetiň esaslary


§ 11.  Puluň wezipeleri we görnüşleri


Download 0.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet15/51
Sana28.10.2023
Hajmi0.69 Mb.
#1728578
1   ...   11   12   13   14   15   16   17   18   ...   51
Bog'liq
Pürliýew B~Ykdysadyýetiň esaslary-2013`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

§ 11. 
Puluň wezipeleri we görnüşleri
Gymmat ölçegi. Puluň mazmuny onuň wezipelerinde 
ýüze çykýar. Puluň gymmat ölçegi hökmündäki wezipesi 
harytlaryň gymmatynyň hil taýdan birmeňzeş we mukdar 
taýdan deňeşdirip bolýan ululyklar hökmünde aňlatmakdan 
ybaratdyr.
Harydyň gymmatynyň pulda aňladylmagy onuň gym-
matynyň pul görnüşidir ýa-da onuň nyrhydyr. Nyrh hem 
iňňän möhüm ykdysady düşünje bolup durýar, çünki olaryň 
hereketi arkaly gymmat kanunynyň täsiri amala aşýar.
Harydyň nyrhyny kesgitlemek üçin ony pikiriňde alty-
nyň belli bir mukdaryna deňleşdirmek gerek. Altynyň döw-
let tarapyndan pul birligi hökmünde bellenýän belli bir 
agram mukdaryna nyrhlaryň masştaby diýilýär.
Nyrhlaryň masştabynyň ulanylmagy – bu altynyň dürli 
harytlaryň gymmatynyň laýyk gelýän dürli mukdarlarynyň 
pul birliginde berkidilen mukdar bilen ölçenmegidir. Nyrh-
3. Sargyt № 2215


34
I bölüm
laryň masştaby döwletiň ygtyýary boýunça üýtgäp biler, şol 
bir wagtda gymmat ölçegi hökmünde pul döwlet häkimiýeti­
ne bagly bolmazdan, özakymlaýyn işleýär.
Aýlanyşyk serişdesi. Aýlanyşyk ýaýrawy giňeldilen 
üznüksiz önümçiligiň zerur basgançagy hökmünde harydyň 
we puluň, ýagny aýlanyşyk hadysasynyň iki polýusynyň 
(iki tarapynyň) üznüksiz hereket etmegi bolup durýar. Jem-
gyýet çilik üznüksiz önümçiliginde ileri tutmaklyk önüm-
çilige, aýlanyşyk ýaýrawynda bolsa puluň hereketini şert-
lendirýän haryt hereketine degişlidir.
Harytlaryň «haryt–haryt» (H–H) formulasy boýunça 
gös-göni alyş-çalyş edilmegi hem-de «haryt–pul–haryt» (H–
P–H) formulasynda haryt aýlanyşygy diňe bir görnüşi boýun­
ça däl, eýsem mazmuny boýunça-da tapawutlydyr. Haryt 
aý lanyşygy mahalynda satyn alyş we satuw üzňeleşýärler, 
özbaşdak bolýarlar, aluw we satuw amallary eýýäm wagt 
taýdan hem, giňişlikde-de gabat gelmeýärler.
Aýry-aýry harytlaryň nyrhlary we ähli haryt toplumy-
nyň nyrhlarynyň derejesi bazarda harytlaryň üznüksiz 
aluw-satuw amallaryndan emele gelýär. Diýmek, gymmat 
ölçeginiň emele geliş hadysasy puluň aýlanyşyk serişdesi 
hökmünde işleýän hakyky alyş-çalyş hadysasy bilen aýryl­
maz bag lanyşyklydyr.

Download 0.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   11   12   13   14   15   16   17   18   ...   51




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling