B. G. Pürliýew, E. G. Rahmanowa ykdysadyýetiň esaslary


Download 0.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet16/51
Sana28.10.2023
Hajmi0.69 Mb.
#1728578
1   ...   12   13   14   15   16   17   18   19   ...   51
Bog'liq
Pürliýew B~Ykdysadyýetiň esaslary-2013`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

Maýa toplaýyş serişdesi. Hazyna dörediş serişdesi 
hök münde puluň wezipesi aýlanyşyk hadysasynyň ol ýa-da 
beýleki bir ýagdaýlara görä arasynyň üzülmeginiň netijesinde 
ýüze çykýar. Meselem, eger haryt öndüriji öz harydyny satyp, 
düşen puly başga haryda öwürmedik bolsa, onda bu ha latda 
pul aýlanyşyk ýaýrawyndan gidýär, hazyna öwrülýär.
Maýa toplaýyş we puluň belli bir döwürde aýlanyşyk 
ýaýrawyndan aýrylmagy önümçilik hadysasynyň özi bi­
len, maýanyň aýlanyp çykmagynyň şertleri bilen şert len-
di rilendir. Önümçilik serişdeleriniň satyn alynmagy adat-
ça, puluň hazyna hökmünde deslapdan toplanmagyny göz 


35
YKDYSADYÝETIŇ UMUMY ESASLARY
öňünde tutýar. Şonuň üçin her bir haryt öndüriji ol ýa-da 
başga bir derejede hazyna toplaýjy bolup durýar.
Puluň öz görnüşinde toplanmagy bilen bir hatarda 
hazynanyň altyndan we kümüşden ýasalan, emma gös-göni 
pul görnüşinde işlemeýän bezeg şaý-sepleri görnüşinde to­
planmagy-da bolup geçýär. Hazynanyň şol gör nüşiniň ösme­
gi puluň hödürlenmeginiň gizlin çeşmesini döredýär.
Töleg serişdesi. Haryt dolanyşygy hadysasynda puluň 
töleg serişdesi hökmündäki wezipesi-de ýüze çykýar. Şonda 
satyn alyş harydy deslapdan satmazdan amala aşyrylýar; 
şol pursatda zerur harydy öz harydyny deslapdan satmaz­
dan we puly bolmazdan satyn almaklyk diňe haryt ön­
düriji tarapyndan haryt üçin töleg geçirmek möhletiniň 
gaýra goýlan ýagdaýynda edilip bilinýär. Şonlukda harydy 
ýerleşdirmegiň aýratyn görnüşi bolan karzyna satmaklyk 
ýüze çykýar. Möhletiniň dolmagy bilen bergidar karzdara 
alnan harydyň gymmatyny töleýär. Şu amalda pul töleg 
serişdesiniň wezipesini ýerine ýetirýär.
Pul haryt aýlanyşygynyň daşynda, meselem, iş haky 
tölenende, dürli maliýe borçnamalary (zaýomlar, salgytlar 
boýunça, ýeriň ýa-da jaýlaryň kärendesi üçin we ş.m.) boýun­
ça töleg geçirilende hem-de umuman harytlaryň hereketiniň 
(H–P–H) howaýy aralykçysy hökmünde çykyş etmän, bir 
eýäniň elinden beýlekisiniň eline geçip, özbaşdak hereket 
edýän halatlarynda-da töleg serişdesi hökmünde işleýär.

Download 0.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   12   13   14   15   16   17   18   19   ...   51




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling