B. G. Pürliýew, E. G. Rahmanowa ykdysadyýetiň esaslary


§ 2. Ykdy sadyýet ylmynyň usullary


Download 0.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet5/51
Sana28.10.2023
Hajmi0.69 Mb.
#1728578
1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   51
Bog'liq
Pürliýew B~Ykdysadyýetiň esaslary-2013`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

§ 2. Ykdy
sadyýet ylmynyň usullary
Ykdysadyýet ylmy akyl ýetiriş usullarynyň giň toplu­
myny ulanýar:
ylmy abstragirleme usuly obýektiň barlag edilişini 
tötänleýin, wagtlaýyn hadysalardan saplamakdan we 
mydamalyk, kysymdaş, mahsus sypatlary kesgitle-
mekden ybarat. Abstragirleme usulynyň kömegi bilen 
barlag edilýän obýektleriň düýp mazmunyny aňlad-
ýan ylmy düşünjeler kesgitlenýär hem-de ykdysady 
modeller gurulýar; 
analiz we sintez usuly hadysalaryň bölekler boýunça 
(analiz) we tutuşlygyna özara baglanyşykda (sintez) 
öwrenilmegini göz öňünde tutýar;
●  materialistik dialektika usuly ykdysady hadysalara 
üznüksiz ösüşde we özara baglanyşykda seredilmegi­
ni aňladýar;
taryhy we logiki usullar ykdysady hadysalar öwreni­
lende, degişli netijeleri çykarmak arkaly olara dogry 
baha berilmegine mümkinçilik döretmek üçin ylmy 
barlaglaryň logiki taýdan yzygiderli umumylaşdyrylyş 
bilen utgaşdyrylmagyny göz öňünde tutýar; 
●  induksiýa we deduksiýa usullary aýry-aýry şertleriň 
sel jer mesi esasynda umumy netije (induksiýa), umumy 
ýagdaýdan bolsa hususy netije (deduksiýa) çyka rylýar;
mukdar üýtgeşmeleriniň hil üýtgeşmelerine geçişini 
ýüze çykarýan usul hadysalar seljerilende we umu-
my laşdyrylanda ykdysady iş we jemgyýetçilik ýa şa ý-
şyndaky hadysalar baradaky statistiki mag lumat la-
ryň giňden peýdalanylmagyna daýanýar; 
ykdysady-matematiki modelirleme barlaglaryň ul-
gam laýyn usullarynyň biri bolmak bilen, ykdysady 
hadysalaryň üýtgemeginiň sebäplerini, şol üýt geme-
leriň kanunalaýyklyklaryny, olaryň netijelerini resmi-


17
leş dirilen görnüşde kesgitlemäge, şonuň ýaly-da ykdy­
sady hadysalaryň çaklanmagyna mümkinçilik berýär;
ykdysady synaglar, hatda olaryň ähtimal netijelerini 
ykdysady durmuşda takyk çaklamak mydama müm­
kin bolup durmasa-da gereklidir. Herniçik bolanda 
hem, ykdysady synaglar hojalyk işine ornaşdyrylanda 
öz-özünden bolýan hereketleriň kadasyna öwrülmeli 
däldir.

Download 0.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   51




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling