B. G. Pürliýew, E. G. Rahmanowa ykdysadyýetiň esaslary


Download 0.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet3/51
Sana28.10.2023
Hajmi0.69 Mb.
#1728578
1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   51
Bog'liq
Pürliýew B~Ykdysadyýetiň esaslary-2013`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

YKDYSADY ÝETE GIRIŞ
§ 1. 
Ykdysadyýet näme?
«Ykdysadyýet» («экономика») adalgasy «оikonomia» 
(hojalygyň dolandyrylyşy) diýen gadymy grek sözlerinden 
gelip çykypdyr. Bu adalga köp dürli mana eýe bolmak bi­
len, adamzat jemgyýeti ösdügiçe onuň many-mazmuny 
has-da baýlaşýar. Ilkibaşda öý hojalygyny alyp barmagyň 
sungatyny aňladýan «ekonomiýa» (tygşytlylyk) grek dilin­
de «oikos» (öý, hojalyk) – «nomos» (taglymat, kanun) adal­
galary goşulýar. Häzirki wagtda bu adalga giňden ýaýran 
bolup, onuň mazmuny has başgaçarakdyr. Tygşytlylyk bu 
gün harajatlaryň kemeldilmegini, serişdeleriň aýawly, reje­
li, netijeli çykdajy edilmegini aňladýar.
Häzirki zaman düşünjesinde «ykdysadyýet» adalgasy 
birnäçe mana eýedir:
birinjiden, ykdysadyýet – sözüň giň manysynda ho-
jalygyň özüdir, ýagny ýaşaýyş şertlerini üpjün etmek, isleg-
leri kanagatlandyrmak maksady bilen adamlar tarapyndan 
peýdalanylýan ähli serişdeleriň, zatlaryň, maddy we ruhy 
dünýäniň predmetleriniň umumy jemidir. Şu manyda ykdy­
sadyýete ýaşaýyş üpjünçiliginiň, adamlaryň ýaşaýşynyň üz-
nüksiz täzelenmeginiň, ýaşaýyş şertlerini goldamagyň we 
gowulandyrmagyň ynsan tarapyndan döredilen we peýdala­
nylýan ulgamy hökmünde düşünmek gerek; 
ikinjiden, ykdysadyýet ylym hökmünde ykdysa dy ul-
gamyň mazmuny, maksatlary hem-de wezipeleri ha kyn-
daky ulgamlaşdyrylan taglymatdyr. Bu babatda ol tu tuş 
milli hojalygyň, önümçiligiň käbir şertleriniň we element-
leriniň (ilatlaşma, zähmet, dolandyryş), senagatyň, oba ho-
jalygynyň, gurluşygyň, maddy däl önümçiligiň (bilim, sag-
lygy goraýyş, hyzmatlar ýaýrawy) aýry-aýry pudaklarynyň 
öwrenilmegi bilen meşgullanýar.


13
üçünjiden, ykdysadyýet – munuň özi maddy, medeni we 
ruhy gymmatlyklaryň önümçiligi, paýlanyşy, alyş-çalşy we 
sarp edilişi mahalynda adamlaryň arasynda emele gelýän 
gatnaşyklaryň belli bir ykdysady ulgamyny döredýän taryhy 
taýdan kesgitli köplügidir.
Ykdysadyýet düýp manysy boýunça jemgyýetçilik baý-
lygynyň yzygiderli we özara baglanyşykly hereketi bolup, ol 
şeýle aýlawy geçýär: önümçilik – paýlaýyş – alyş-çalyş – sarp 
ediş. Gös-göni önümçilik, ýagny peýdaly önümiň döredilme­
gi bu hereketiň ugur alyş basgançagy bolup çykyş edýär. 
Önümçilik ykdysadyýet üçin aýgytlaýjy ähmiýete eýedir: 
eger önüm döredilmedik bolsa, onda hiç zady paýlap hem, 
alyş-çalyş edip hem, sarp edip hem bolmaýar. Paýlaýyş her 
bir adamyň döredilen baýlykdaky paýyny ýüze çykarýar. 
Alyş-çalyş mahalynda paýlaýyş mahalynda alnan önümler 
beýleki gerekli zatlara çalşylýar. Sarp ediş nygmatlaryň 
adamlar tarapyndan öz isleglerini kanagatlandyrmak üçin 
peýdalanmagyny aňladýar.
Ykdysadyýetiň ösüşi mahalynda hemmetaraplaýyn 
has ösen adamyň islegleriniň emele gelmegi bolup geçýär. 
Hä zirki zaman önümçiligi esasy islegleriň köpçülikleýin 
kana gatlandyrylmagyny üpjün etmäge ukyplydyr. Ol iki 
sany ýaýrawy (sferany) öz içine alýar: maddy önümçilik 
(zat görnüşindäki baýlygyň döredilmegi) we maddy däl 
önümçilik (ruhy, ahlak we gaýry gymmatlyklaryň, ýagny 
ruhy-medeni, sungat, ylmy eserleriň we ş.m. döredilmegi). 
Bu ýaýrawlarda hyzmatlar barha möhüm orny eýeleýär. 
Maddy däl önümçiligiň, şol sanda hyzmat ediş ýaýrawynyň 
ösmegi maddy önümçiligiň kämillik, ösüş we netijelilik de­
rejesine baglydyr.
Şeýlelikde, tutuş ykdysadyýet – bu hojalykdyr, hojalyk 
we hojalygy alyp barmak hakyndaky ylymdyr hem-de hoja-
lygy ýöretmegiň barşynda adamlaryň arasynda emele gel ýän 
gatnaşyklardyr. Adamlaryň isleglerini kanagatlandyrmak 


14
üçin zerur maddy, medeni we ruhy nygmatlary döretmek 
boýunça olaryň mydamalyk hojalyk işiniň ýaýrawy hökmün­
de ykdysadyýet ynsan durmuşynyň hökmany şerti bolup 
durýar. Şoňa görä-de adamlar ykdysady nygmatlary, ýagny 
önümçilik işiniň obýektlerini we netijelerini yzygiderli döre­
dip başlapdyrlar.

Download 0.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   51




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling