B. G. Pürliýew, E. G. Rahmanowa ykdysadyýetiň esaslary


§ 3.  Ykdysady nazaryýet we amaly


Download 0.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet6/51
Sana28.10.2023
Hajmi0.69 Mb.
#1728578
1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   51
Bog'liq
Pürliýew B~Ykdysadyýetiň esaslary-2013`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

§ 3. 
Ykdysady nazaryýet we amaly 
ykdysadyýet
Ykdysadyýet ylmynyň nazary we amaly böleklere bö lün-
megi dogrudyr. Şonuň ýaly bölünişik nazaryýetçiler we ama ly 
ykdysatçylar tarapyndan öwrenilýän ykdysady ob ýekt lere we 
hadysalara göz ýetirmegiň we olary beýan etme giň ulanyl ýan 
usullaryndaky hakyky tapawutlary nazara alýar.
Ykdysady nazaryýet ykdysady hadysalary «sap”, «ideal 
görnüşde» görkezmeklige we beýan etmeklige ýykgyn edýär, 
ençeme abstrakt düşünjeleri ulanýar, hakyky ýagdaýy tak-
mynan beýan edýän modellere ymtylýar. Durmuş hakyka-
tyny öz bolşunda şöhlelendirmeýändigine garamaz dan, na-
zary modeller umumy ykdysady ýagdaýy suratlan dyrmak, 
esasy şertleri ýüze çykarmak, hakykata golaýlaşýan düşün-
jeleri, meýilleri kesgitlemek nukdaýnazaryndan peýdalydyr.
Nazary ykdysadyýete syýasy ykdysat degişli edilýär, 
onuň özi ykdysadyýet ylmyndaky ykdysady hadysalaryň bolup 
geçmeginiň umumy kanunalaýyklyklaryny ýüze çykarmak 
bilen baglanyşykly nazary ugur hökmünde döräpdi. Ykdysady-
matematiki modelirleme, has giňişleýin babatda bolsa, ykdy­
sadyýeti dolandyrmagyň esasy ýörelgelerini öwrenýän ykdy­
sady kibernetika hem, ykdysady nazaryýete sepleşip gidýär.
Ykdysadyýet ylmynyň amaly ykdysadyýet diýen şahasy 
ykdysadyýeti anyklap öwrenmek bilen baglanyşyklydyr 
2. Sargyt № 2215


18
hem-de ykdysady hadysalary önümçilik işini jikme-jik sel­
jermek esasynda öwrenmek wezipesini öz öňünde goýýar. 
Amaly ykdysadyýete hakyky maglumatlar esasynda hasap-
lamalaryň geçirilmegi, anyk sanlaryň giňden peýdalanyl­
magy mahsusdyr.
Amaly ykdysadyýet makroykdysady meselelere-de ga­
raýar we seljerme berýär, emma aşa abstraktlaşdyrmakdan 
gaça durup, olara anyk çemeleşýär. Amaly ykdysadyýet, 
ylmy nazaryýet bilen deňeşdirilende, hojalyk ýöretmegiň iş 
tejribesine, ykdysady işiň anyk görkezijilerine daýanýandygy 
bilen tapawutlanýar.
Nazary ykdysadyýet hem, amaly ykdysadyýet ylmy-da 
ykdysady statistikanyň maglumatlaryny, ykdysady gör ke-
zijileriň seljerilmegini, deňeşdirilmegini giňden peýdalan-
ýar. Emma munuň özi ykdysadyýeti dar manydaky tejribe 
öw reniş ylmyna syrykdyrmaga delil bolup bilmez. Ykdysa-
dyýet ylmy, şübhesiz, toplanan tejribäni öwrenýär we şonuň 
esasynda umumylaşdyrylan netijeleri çykarýar.

Download 0.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   51




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling