B. G. Pürliýew, E. G. Rahmanowa ykdysadyýetiň esaslary


§ 24.  Jemgyýetde adam ösüşiniň


Download 0.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet31/51
Sana28.10.2023
Hajmi0.69 Mb.
#1728578
1   ...   27   28   29   30   31   32   33   34   ...   51
Bog'liq
Pürliýew B~Ykdysadyýetiň esaslary-2013`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

§ 24. 
Jemgyýetde adam ösüşiniň 
indeksiniň ähmiýeti 
Türkmenistanyň durmuş ugra nazarlandyrylan bazar 
ykdysadyýetine geçýän şertlerinde adam ösüşiniň indeksi 
diýen görkeziji möhüm ähmiýete eýe bolýar.
Bu görkezijiniň zerurdygy Birleşen Milletler Gurama-
synyň Ösüş maksatnamasy (BMG ÖM) tarapyndan görkezil-
ýär. Adam ösüşiniň konsepsiýasy adama giňeldilen üznük­
siz önümçilik mahalynda baş maksat we iň möhüm serişde 
hökmünde garalmagyny talap edýär.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkme-
nistan üçin, özygtyýarlylygyny pugtalandyrmak bilen bir­


70
II bölüm
likde, sazlaşykly ösmegiň barşynda jemi içerki önümini 
ykdysady mümkinçiliklerini artdyrmak zerur bolup durýar. 
Şonda şu iki sany strategik resursyň özara baglanyşygy üp­
jün edilmelidir:
fiziki resurslar, ýagny esasy önümçilik serişdeleri, 
işläp bejermäge taýýar çig mal, pul aktiwleri;
adam resurslary, ýagny adam ösüşiniň indeksi arkaly 
aňladylýan ýokary hilli ilatlaşma.
Islendik durmuş-ykdysady we syýasy özgertmeleriň 
ne ti jelilik ölçegi aýgytly ähmiýete eýe bolan şol strategik 
resurslaryň her birisine edýän oňyn täsiriniň üsti bilen ýüze 
çykýar.
Dünýä jemgyýetçiligi adam ösüşiniň indeksine adam 
potensialynyň şu üç sany iňňän möhüm bölekleriniň, bir ta­
rapdan, ösüşiniň, beýleki tarapdan bolsa, peýdalanylyşynyň 
näderejededigine toplumlaýyn baha berilmegi hökmünde 
garaýar:
● öndürilýän jemi içerki önümiň (JIÖ) ilatyň jan başyna 
düşýän möçberi;
● ömrüň dowamlylygy we ýaşaýşyň hili;
● bilim almak we alnan bilimleri kämilleşdirmek müm­
kinçiligi.
BMG-nyň Ösüş maksatnamasynyň işläpdüzmelerine la-
ýyk lykda adam ösüşiniň indeksi adam potensialynyň giňel-
dilen üznüksiz önümçiliginiň her bir ýurtdaky şertlerine 
obýektiw baha bermek hem-de şol maglumatlaryň ýurtlar 
arasynda deňeşdirilip görülmegi üçin zerur.

Download 0.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   27   28   29   30   31   32   33   34   ...   51




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling