B. G. Pürliýew, E. G. Rahmanowa ykdysadyýetiň esaslary
§ 21. Hyrydarlyk, hödürleme we
Download 0.69 Mb. Pdf ko'rish
|
Pürliýew B~Ykdysadyýetiň esaslary-2013`Türkmen döwlet neşirýat gullugy
§ 21.
Hyrydarlyk, hödürleme we bazar nyrhlary Hyrydarlyk nyrhlaryň mümkin bolan dürli derejeleri bilen sarp edijiler tarapyndan degişli nyrhlar boýunça sa- tyn alyn ýan önümleriň möçberiniň arasyndaky baglanyşygy gör kezýär. Nyrhlar bilen hyrydarlyk bildirilýän önümiň muk da- rynyň arasyndaky baglanyşyk ters, ýagny oňyn däl bagla- nyşykdyr. Düzgün bolşy ýaly, sarp edijiler nyrhlar ýokary bolanda pes nyrhlar mahalyndakydan az satyn alýarlar. Bu baglanyşyga hyrydarlyk kanuny diýilýär. Hödürleme mümkin bolan nyrhlar bilen öndürijiler ta- rapyndan dürli nyrhlar boýunça bazarda teklip ediljek önü- miň mukdarynyň arasyndaky baglanyşygy beýan edýär. Bu baglanyşyk gönüdir, ýagny oňyn häsiýetlidir. Hödürleme kanuny öndürijileriň haýsydyr bir harydyň nyrhy pes bolandaka görä has ýokary bolan derejesi ma halynda ony öndürmäge serişdeleriň köp mukdaryny gönük dirmegi amatly hasap edýändiklerini aňladýar. Hyrydarlyk we hödürleme deňagramlylyk nyrhyny ýa- da bazar nyrhyny hem-de satylýan önümiň deňagramly mukdaryny kesgitleýärler. Deňagramlylyk nyrhyndan pes nyrhlara ugurdaş ýüze çykýan aşa hyrydarlyk ýa-da gytçylyk satyjylara has ýokary nyrhyň teklip edilmelidigini habar berýär. 63 YKDYSADYÝETIŇ UMUMY ESASLARY Ösýän nyrh, birinjiden, serişdeleri şol harydy öndürme- giň peýdasyna gaýtadan paýlamaga, ikinjiden, öndürijileri käbir sarp edijileri bazardan gysyp çykarmaga itekleýär. Nyrhlar deňagramlylyk nyrhyndan ýokary bolandaky artyk hödürleme ýa-da önümiň agyşyk bolmagy satyjylary agyşyk haryt gorlaryndan dynmakdan ötri nyrhlary arzan latmaga itekleýär. Pese gaçýan nyrhlar, birinjiden, şol önümi öndürmäge harçlanýan serişdeleriň kemeldilmeginiň zerurdygyny tele keçilere habar berýär, ikinjiden bolsa, bazara goşmaça satyn alyjylary çekýär. Hyrydarlygy we hödürlemäni kesgitleýän şertleriň üýt- gemegi hyrydarlygyň we hödürlemäniň mynasybetindä ki üýtgeşmelere getirip biler. Hyrydarlykdaky üýtgeş meler bilen deňagramlylyk nyrhyndaky we satylýan önümiň deň- agramly mukdaryndaky şondan gelip çykýan üýtgeş mele riň arasyndaky baglanyşyk gönüdir. Hödürlemäniň üýtgeýşi bilen nyrhyň şondan soňraky üýtgeýşiniň arasynda ters baglanyşyk bar. Şol bir wagtyň özünde hödürlemäniň üýtgeýşi bilen satylýan önümiň muk daryndaky şondan soňraky üýtgeýşiň arasyndaky bag lany- şyk göni häsiýetlidir. Download 0.69 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling