B. G. Pürliýew, E. G. Rahmanowa ykdysadyýetiň esaslary


Nyrh, hyrydarlyk we hödürleme


Download 0.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet26/51
Sana28.10.2023
Hajmi0.69 Mb.
#1728578
1   ...   22   23   24   25   26   27   28   29   ...   51
Bog'liq
Pürliýew B~Ykdysadyýetiň esaslary-2013`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

Nyrh, hyrydarlyk we hödürleme. Hyrydarlyk we 
hödürleme nyrh bilen gös-göni baglanyşyklydyrlar hem-de 
onuň bilen bitewilikde bazar mehanizmini emele getirýärler. 
Şol mehanizmiň üsti bilen hem hyrydarlyk we hödürleme 


60
I bölüm
kanuny öz täsirini ýüze çykarýar. Bu mehanizmiň möhüm 
bölegi harytlary öndürmäge çykarylan jemgyýetçilik zerur 
zähmet harajatlaryny aňladýan hem-de hyrydarlygyň we 
hödürlemäniň hereketine täsir edýän nyrhdyr.
Hödürlemäniň we nyrhyň arabaglanyşygy bazardaky 
harydy diňe kesgitli nyrhlar mahalynda ýerleşýän orny bi­
len häsiýetlendirilýär, nyrhlaryň üýtgemegi bilen harydyň 
bazardaky orny-da üýtgeýär. Hyrydarlyk hem nyrha hut 
şonuň ýaly bagly bolýar.
Harydyň mukdarynyň üýtgemegi nyrhlaryň dürli de­
rejeleri mahalynda bildirilýän hyrydarlyga baglylykda bo­
lup geçýär. Emma şonda hödürleme nyrha göni baglylykda, 
hyrydarlyk bolsa ters baglylykda bolýar.
Nyrhyň üsti bilen hyrydarlyk bilen hödürlemäniň ara-
syndaky özara täsir we özara baglanyşyk amala aşýar. Ha­
çan-da hödürleme hyrydarlykdan aşa ýokarlansa, bazar nyrhy 
gymmatdan aşak düşüp, pese gaçýar. Nyrhyň şolar ýaly pesel­
megi, düzgün bolşy ýaly, hyrydarlygyň artmagyna getirýär.
Eger, tersine, hyrydarlyk ýokarlansa, bazar nyrhy-da 
gymmatdan agyşyp ýokarlanýar we bu hödürlemäniň art­
magyny höweslendirýär. Şonlukda, hyrydarlyk we hödürle­
me nyrhyň üsti bilen biri-birlerine özara täsir edýärler.
§ 20. 
Hyrydarlygyň we hödürlemäniň
üýtgemegi
Hyrydarlyk sarp edijilik islegleriniň ýa-da girdejileriň 
üýtgäp durmagy, sarp ediş babatyndaky garaşylýan ýagda-
ýyň ýa-da ugurdaş harytlaryň nyrhlarynyň üýtgemegi neti­
jesinde üýtgäp bilýär.
Hödürleme tehnologiýanyň, serişdeleriň nyrhynyň ýa-da 
salgytlaryň üýtgemeginiň täsiri astynda üýtgäp bilýär .
Hyrydarlygyň we hödürlemäniň üýtgemeginiň nyrha 
deňagramly täsir edişine seredeliň.


61
YKDYSADYÝETIŇ UMUMY ESASLARY

Download 0.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   22   23   24   25   26   27   28   29   ...   51




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling