B. G. Pürliýew, E. G. Rahmanowa ykdysadyýetiň esaslary
Download 0.69 Mb. Pdf ko'rish
|
Pürliýew B~Ykdysadyýetiň esaslary-2013`Türkmen döwlet neşirýat gullugy
Jemi içerki önüm – ýurduň içinde maddy önümçilikde
we hyzmatlar sferasynda öndürilen önümiň gymmatlaryň jemidir. Olar ýurtda ýerleşýän kärhananyň we daşary ýurt lara degişli kärhanalar bolsa-da onuň öndürýän önümi şu ýurduňky hasaplanýar. Jemi milli önüm – bu milli kärhanalaryň, nirede (öz ýur dumyzda ýa-da daşary ýurtda) ýerleşenligine garamaz 7. Sargyt № 2215 98 II bölüm dan, maddy we maddy däl ýaýrawynda hemme öndürilen önümlerdir. Şeýlelikde, jemi milli önüm jemi içerki önümden girde- jileriniň jemi bilen tapawutlanýar. Ýagny, işgärleriň girdeji leri, renta girdejisi, karz göterimi, kärhananyň peýdasy. Bu görkeziji şu ýurduň serişdeleri daşary ýurtda ulanylanda alynýan girdejiden biziň ýurdumyzda şeýle gymmatlyklary öndüren daşary ýurtlaryň girdejileriniň aýrylmagydyr. Bu iki görkezijiniň tapawudy gaty bir uly däldir, bary ýogy+1%. Jemi içerki önüm we jemi milli önüm hasaplananda esasy talap: bir ýylyň dowamynda öndürilen harytlar we hyzmatlar diňe bir gezek hasaba alynmagydyr. Ýagny diňe ahyrky onüm hasaba alynmalydyr. Aralyk önüm hasaba alyn maly däldir. Sebäbi, olary satyn alyp, birnäçe gezek satyp bolýar. Ahyrky önüm – bu sarp edijileriň ýa-da alyjylaryň haryt lary we hyzmatlary birnäçe gezek satmak üçin däl-de, diňe ahyrky gezek ulanmak üçin alýan harytlarydyr. Goşulan gymmat – bu kärhanada önümçilikde döredilen gymmatdyr we anyk önüm döretmekde kärhananyň hakyky goşandydyr. Ýagny iş haky, peýda we amortizasiýadyr. Baş- gaça aýdylanda, goşulan gymmat – bu kärhananyň umu my önüminden gündelik material çykdajylaryň aýrylmagydyr, ýöne amortizasiýanyň goşulmagydyr. Şeýlelikde, jemi içerki önüm ýa-da jemi milli önüm şu üç usullaryň biri boýunça hasaplanyp bilner, ýagny : ● milli ykdysadyýetiň pudaklaryndaky döredilen goşu- lan ýa-da artdyrylan gymmatlar (jemi içerki önüm önümçilik ýa-da pudaklar boýunça); ● gerekli (şu) ýyldaky umumy öndürilen önümi satyn almak üçin çykdajylar (jemi içerki önüm çykdajylar boýunça); ● gerekli (şu) ýylda hemme öndürilen önümden alynýan girdejiler (jemi içerki önüm girdejiler boýunça). 99 MILLI YKDYSADYÝET WE ONUŇ ÖSÜŞI 1) Jemi içerki önümiň pudaklar boýunça hasaplanylyşy. Şu usul boýunça jemi içerki önüm hasaplanylanda, aýry-aýry pudaklaryň şu önümi öndürmekde gatnaşygy we tutýan orny anyklanylýar. Ýurtda geçirilýän ykdysady we, aýratyn-da, düzüm syýasatynyň aýratynlygyny görkezilýär. 2) Jemi içerki önümiň çykdajylary boýunça hasap lanylyşy. Ikinji usul şu maddalary öz içine alýar: ● Ahyrky sarp ediş çykdajylary. Bularyň düzümine gün delik we uzak möhletde ulanylýan harytlar, hyzmat lara edilýän çykdajylar we ş.m. ● Döwlet dolandyryş edaralarynyň ahyrky çykdajylary. Bu kärhananyň önümini satyn almak üçin döwlet çyk dajylary we döwlete gerek serişdeleri satyn almakdyr. Bu çykdajylaryň jemi döwletiň gullukçylaryna iş hakyny tölemegi, harytlary we hyzmatlary satyn al magy we ş.m. aňladýar. ● Umumy düýpli maýa goýumlary, jemi maýa toplaýyş we maddy dolanyşyk gaznalarynyň üýtgemegi. Bulara degişlidir: a) esasy gaznalara düýpli maýa goýumlary, ýagny maşyn we enjamlary satyn almaga, gurluşyga; b) maddy dolanyşyk serişdeleriniň ösmegi (kemelme gi), ýagny taýýar önümiň, ýangyjyň, materiallaryň, çig mallaryň, gorlaryň üýtgemegi. ● Eksportyň we importyň saldosy (jemi içerki önümiň bir bölegi daşary ýurda ugradylýar, beýleki tarapdan ýurduň serişdeleriniň bir bölegi daşary ýurtdan haryt lary we hyzmatlary satyn almaga sarp edilýär). JIÖ = C + I + G +X n JIÖ = C + S C – sarp ediş; I– maýa goýum; G – çykdajylar; X n – arassa eksport; S – süýşürintgi. Üçünji usula laýyklykda statistika şeýle soraga jogap alýar: bir ýylda döredilen jemi önüm öý hojalygyna we ykdy sady serişdeleriň eýelerine näme bolup gowuşýar? 100 II bölüm Şeýlelikde, jemi içerki önüm, jemi milli önüm şu usul boýunça şeýle maddalary öz içine alýar: 1. Işgärleriň iş haky. 2. Kärhanalaryň peýdasy. 3. Ýekebara we maşgala eýeçiligindäki kärhananyň gir dejileri. 4. Renta tölegleri. 5. Karz göterimi. 6. Amortizasiýa tölegleri. JIÖ = W + R + P + I + T + A – milli girdeýji W – iş haky, R – renta, P – peýda, I – göterim, T – salgyt, A – amortizasiýa. Download 0.69 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling