B. G. Pürliýew, E. G. Rahmanowa ykdysadyýetiň esaslary
Download 0.69 Mb. Pdf ko'rish
|
Pürliýew B~Ykdysadyýetiň esaslary-2013`Türkmen döwlet neşirýat gullugy
soraglar
: 1. Ykdysady ösüş näme? 2. Ykdysady ösüşiň nähili şertleri bar? 3. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mil li ykdysadyýetiň ösüşini gazanmak üçin haý- sy şertler gerek? 4. Türkmenistanda telekeçiligiň ösüşiniň nähili aý ratynlygy bar? 5. Milli hojalygyň ösüşi haýsy makroykdysady gör kezijiler bilen kesgitlenýär? VIII. Türkmenistanyň daşary ykdysady aragatnaşyklary § 31. Daşary ykdysady aragatnaşyklaryň geografiki ugurlary Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistan daşary döwlet ler bilen halkara ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça uly üs tünlikleri gazanmagy başardy. Berkarar döwletimiziň ? 101 MILLI YKDYSADYÝET WE ONUŇ ÖSÜŞI bag tyýarlyk döwründe Türkmenistanyň daşary ykdysady gat naşyklary ösüşiň täze tapgyryna geçdi. Munuň özi şol gat naşyklaryň dürli görnüşlerde, giň gerimde we ýokary dep ginde ösdürilmegi bilen häsiýetlendirilýär. Daşary ykdysady ulgamda amala aşyrylýan özgertme- ler, ilkinji nobatda, Türkmenistanyň zähmetiň halkara bö- lü nişiginiň ulgamyna has netijeli goşulyşmagyna hem-de daşary ýurtlar bilen esaslandyrylan söwda-ykdysady gat- naşyklarynyň ýola goýulmagyna gönükdirildi. Türkmenistanyň dünýäniň ykdysady giňişligine goşu- lyşmagyny çuňlaşdyrmak üçin esas bolup hyzmat edýän durnukly we özara peýdaly söwda gatnaşyklary ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň yzygiderli ýagdaýda ösdürmegiň esasy şer- ti bolup durýar. Türkmenistan Ýewropany Merkezi Aziýa, Hytaý, Ýapo niýa bilen birleşdirmek nukdaýnazaryndan garanyňda, ge ografiki taýdan amatly ýerde ýerleşýän az sanly döwletleriň biri diýlip hasaplanýar. Şoňa görä-de, garaşsyzlyk ýyllary- nda üstaşyr geçmek üçin amatly ýer we önümler ýerlenýän täze bazar hökmünde garalanda, Günbatar ýurtlarynyň, Ýaponiýanyň, Hytaýyň, Merkezi Aziýadaky ýurtlar babatda bildirýän gyzyklanmasy has-da artdy. Haryt dolanyşygynyň geografiki düzüminde GDA ýurt lary – Russiýa, Ukraina, Gazagystan, Özbegistan, Azerbaý- jan; soňra Ýewropadaky ýurtlar – Türkiýe, Italiýa, Ger- maniýa; soňra Demirgazyk we Günorta Amerikadaky ýurt lar – ABŞ; we Merkezi Aziýadaky ýurtlar – Eýran, Owga nystan, Pakistan esasy hyzmatdaşlar bolup durýar. Netijede, Türkmenistanyň daşary ykdysady işinde iki sany iri topar – GDA ýurtlary bilen ykdysady gatnaşyklar hem-de dünýädäki beýleki daşary döwletler bilen özara ykdysady gatnaşyklar emele geldi. Bu iri toparlar bilen eksportyň we importyň geografiki ugry 3-nji tablisada görkezildi. 102 II bölüm Görkezilen maglumatlar seljerilende, GDA ýurtla ry bi len daşary söwda dolanyşygynyň geografiki taýdan gönük- dirilişinde ýagdaýyň pese düşýändigi we dünýäniň beýleki ýurtlary bilen bagly ýagdaýyň bolsa, munuň tersine, gowu lanýandygy görünýär. Şonda-da GDA ýurtlary, şeýle hem dünýäniň beýleki ýurtlary bilen bagly eksportyň ýagdaýy ozalky derejesinde saklanyp galýar. Diýmek, GDA ýurtlary bilen daşary söwda dolanyşygy- nyň pese düşmegi, esasan, importyň peselmeginiň hasabyna bolup geçýär. Dünýäniň beýleki ýurtlary bilen daşary söw da dolanyşygynyň artmagy bolsa, import boýunça müm- kinçilikleriň artmagynyň, ýagny maşynlaryň, enjam laryň we mehanizmleriň, ulag serişdeleriniň, çig malyň we ma- teriallaryň getirilýän möçberleriniň köpelmeginiň hasabyna bolup geçýär. 3-nji tablisa Download 0.69 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling