B. G. Pürliýew, E. G. Rahmanowa ykdysadyýetiň esaslary
§ 34. Daşary ykdysady aragatnaşyklaryň
Download 0.69 Mb. Pdf ko'rish
|
Pürliýew B~Ykdysadyýetiň esaslary-2013`Türkmen döwlet neşirýat gullugy
§ 34.
Daşary ykdysady aragatnaşyklaryň ösüşi Daşary ykdysady aragatnaşyklaryň mundan beýläk-de ös dürilmegi, halkara derejesinde zähmetiň rejeli bölünişigi, äh li ýurtlaryň ykdysady ösüşiniň derejesine we ýaşaýşyň gur- luşyna garamazdan, olaryň ykdysady hajaty bolup durýar hem-de munuň özi jemgyýetçilik zähmetini tygşytlamagyň wa jyp serişdesi we öndüriji güýçleri ösdürmegiň möhüm şerti ha saplanýar diýen düşünjeden ugur almak arkaly ýola goýulýar. 109 MILLI YKDYSADYÝET WE ONUŇ ÖSÜŞI Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň daşary ykdysady top lu mynyň mundan beýläk-de ösdürilmegi GDA ýurtlary, şeýle hem dünýä ulgamynyň beýleki döwletleri bilen daşary ykdysady aragatnaşyklary işjeňleşdirmegiň hasabyna, «açyk gapylar» syyasatynyň ýöredilmegine esaslanýar. Dünýäniň ähli döwletleri bilen özara peýdaly hyz mat- daşlyk Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň durmuş-yk dy sady özgertmeler boýunça milli maksatnamalarynyň aý rylmaz bö- legi bolup durýar. Integrasiýa bilen bagly ara gat naşyklar ýur- duň ykdysadyýetiniň has ileri tutulýan ulgamlaryna da şary ýurt maýa goýumlarynyň çekilmegine gönükdirilendir. Geljekde eksportda taýyn önümleriň paýyny artdyr magyň we import boýunça azyk önümleriniň paýyny azalt magyň ha sabyna, daşary söwdadaky harytlaryň düzümin de özgertmele ri amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. Ýur dumyzyň azyk önüm leri bilen öz-özüni üpjün etmegi bo ýunça ýöredilýän syýasat bu özgertmeleriň üstünlikli ama la aşyrylmagyna ýardam berer. 2030-njy ýyla çenli daşary ykdysady aragatnaşyklary ös dürmek bilen bagly ýagdaý harytlary ýerlemegiň alternatiw (bäsleşikli) bazarlaryny ösdürmek, Türkmenistanyň halka ra bazarlaryna çykmagy we ýangyç-energetika serişdeleriniň eksportyny güýçli depginde artdyrmak arkaly kesgitlener. Tebigy gazyň iberilmeginiň görnüşleriniň we ugur lary- nyň artdyrylmagynyň netijesinde 2020-nji ýylda tebigy ga- zyň iberilýän möçberleri 187,7 mlrd. kub metre, 2030-njy ýylda bolsa 229,8 mlrd. kub metre ýetiriler. Şol sanda te bigy gazyň eksporta iberilýän möçberi, degişlilikde, 4,4 we 5,3 esse artar (6-njy tablisa). Munuň özi daşary söwdada oňyn tapawudyň durnukly ýagdaýda ösdürilmegini üpjün etmäge mümkinçilik berer. Tebigy gaz bilen birlikde nebit, nebit önümleri, elektrik energiýasy, pagta süýümi, dokma we himiýa senagatynyň önümleri, gurluşyk materiallary ýurdumyzyň eksportynyň wajyp ähmiýetli maddalaryna öwrüler. 110 II bölüm 2020-nji ýylda we 2030-njy ýylda nebitiň, şol sanda gaz kondensatynyň öndürilýän möçberleri degişlilikde 23,4 we 66,6 mln. tonna barabar bolar. Şunda 2000-nji ýyldaka garanyňda, 2020-nji ýylda ösüş depginleri 3,3 esse, 2030-njy ýylda bolsa – 9,3 esse artar. 2030-njy ýyla çenli döwürde nebit önümleriniň eks porta ugradylýan möçberi 8,3 esse ýokarlanar we şol bir wagtyň özünde önümleriň görnüşleri diwersifikasiýa ediler. Galyberse-de, import boýunça getirilýän nebit önümleriniň belli bölegi öz ýurdumyzda öndürilýän önümler – ekstraksi on benzin we ýaglar bilen çalşyrylar. Geljekde 2020-nji ýylda we 2030-njy ýylda elektrik ener giýasynyň öndürilýän möçberlerini, degişlilikde, 27,4 we 36,5 mlrd. kWt/sag. ýetirmek arkaly onuň ýanaşyk ýer- leşýän döwletlere eksport edilýän möçberlerini artdyrmak göz öňünde tutulýar. Ösüş depginleri, 2000-nji ýyldaka ga randa, 2020-nji ýylda 2,8 esse, 2030-njy ýylda bolsa 3,7 esse artar. 6-njy tablisa Download 0.69 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling