B. Hydyrow, D. Rejepow TÜrkmen çagalar edebiýaty
Download 3.01 Kb. Pdf ko'rish
|
Hydyrow B~Türkmen çagalar edebiýaty-2015`Türkmen döwlet neşirýat gullugy
Müstezat – köp bogunly uzyn setirler az bogunly gysga setirler
bilen gezekleşýärler. Uzyn setirler nähili görnüşde sazlaşsa, gysga se- tirler hem öz aralarynda şonuň ýaly sazlaşýar: Asmanda bulutlar süýşýän bolsalar Ýagyş ýagjakdyr. Guşlar topar-topar üýşýän bolsalar, Ýagyş ýagjakdyr. Garynjalar hinleriniň daşyna Gum üýşürýän bolsalar, Ýagyş ýagjakdyr. Dik durup uklan agaçlar Düýşürgeýän bolsalar Ýagyş ýagjakdyr. Ýöne welin ýagjak ýagyş Ýyljakdyr. «Ýagyşdan öň» Bu hili görnüşde ýazylan goşgular türkmen poeziýasynda seýrek duş gelýär. Şahyryň çagalar poeziýasynda ulanan dil çeperçilik serişdeleri: 1. Omograf. A.Atabaýew çagalar poeziýasynda meňzeş ýazylyp, aýdylýan, emma aňladýan manysy başga bolan omograflary örän us- satlyk bilen peýdalanypdyr: Kiçijik Aýna, Alyp eline Kiçijik aýna, Diýýär: – Aýnada Aýna bar eken – 131 Şo mahal dogany Garagol Esen, Aýnanyň elinden Alyp aýnany, Agladyp gitdi Jigsi Aýnany. Goý, alsa alsyn Aýnaňy Esen. Aglama, Aýna gyz, Özüň aýna sen. «Aýna» Şu goşguda Aýna sözi 10 gezek gaýtalanýar. 5 gezek has at, 5 gezek jyns at görnüşinde gaýtalanýar. Ýöne sözler köp gaýtalanyp goşgynyň çeperçiligini peseltmän, gaýtam, şahyrana öwüşgin berýär, akgynly okalýar. Şuňa meňzeş «Kömek» goşgusy hem bar : Jigim Kömek, Jigim Kömek Ejesine edýär kömek. Başky setirlerdäki «kömek» sözi has at bolup gelse, soňkusy goşma işlik manysynda. 2. Omoforma – daşky görnüşi taýdan meňzeş, birine dürli go- şulma goşulyp, meňzeş görnüş ýasalýar, emma manysy başga. Hat ýazmasyn derwezä, Hat ýazmasyn işige Çek yşgabyň çekmesin, Gapa surat çekmesin. Üçünji setirdäki «çekmesin» ýeňiş düşüminde gelen at bolsa dördünji setirdäki «çekmesin» işligiň buýruk şekilinde gelipdir. 132 3. Omofon – aýdylyşy hem eşidilişi meňzeş, ýazylyşy hem aňladýan manysy başga-başga bolan sözlerdir. Goňşymyzyň uly ogly Gezýär mydam ulagly. A.Atabaýewiň ýygynda ýerleşdirilen ähli goşgularynda hem ça- galar edebiýatynyň ýaş meselesi, dil meselesi, tema hem sýužet mese- lesi, žanr meseleleri göz öňünde tutulypdyr. Ýygyndydaky goşgularyň aglabasy degişgenlik äheňinde ýazylypdyr. Görşümiz ýaly, A.Atabaýewiň çagalar şygryýeti köp taraply çe- perçilik öwüşginlerine baýdyr. Download 3.01 Kb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling