B. Hydyrow, D. Rejepow TÜrkmen çagalar edebiýaty
Download 3.01 Kb. Pdf ko'rish
|
Hydyrow B~Türkmen çagalar edebiýaty-2015`Türkmen döwlet neşirýat gullugy
- Bu sahifa navigatsiya:
- Hydyrow B., Rejepow D. Türkmen çagalar edebiýaty.
- TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW
- DÖWLET SENASY
B. Hydyrow, D. Rejepow TÜRKMEN ÇAGALAR EDEBIÝATY Ýokary okuw mekdepleri üçin okuw kitaby Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan hödürlenildi Aşgabat Türkmen döwlet neşirýat gullugy 2015 UOK 82 + 378 H 90 Hydyrow B., Rejepow D. Türkmen çagalar edebiýaty. Ýokary okuw mekdepleri üçin okuw kitaby.-A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2015. Ýokary okuw mekdepleriniň türkmen dili we edebiýaty hünäri üçin niýetlenilen «Türkmen çagalar edebiýaty» okuw kitabynda edebiýatyň bu ugrunyň maksady hem wezipeleri, özboluşly aýratynlyklary, türkmen çaga- lar edebiýatynyň döreýşi, ösüşi, baýlaşyşy, onuň ösüşine saldamly goşandy- ny goşan ýazyjy-şahyrlarymyzyň baý edebi mirasy barada giňişleýin düşünje berilýär. Okuw kitaby taýýarlanylanda türkmen çagalar edebiýatyna bagyşlanan ylmy işlerden, okuw kitaplaryndan we gollanmalardan peýdalanyldy. Okuw kitabyndan ýokary, orta hünär okuw we orta mekdepleriň edebiýat mugallymlary, edebiýatçy alymlar, talyplar we okuwçylar, şeýle hem gyzyk lanýan okyjylar köpçüligi gollanma hökmünde peýdalanyp bilerler. TDKP № 85, 2015 KBK 83.03 ýa 73 © B. Hydyrow, D. Rejepow, 2015 H 90 TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET TUGRASY TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET BAÝDAGY TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET SENASY Janym gurban saňa, erkana ýurdum, Mert pederleň ruhy bardyr köňülde. Bitarap, garaşsyz topragyň nurdur, Baýdagyň belentdir dünýäň öňünde. Gaýtalama: Halkyň guran Baky beýik binasy, Berkarar döwletim, jigerim-janym. Başlaryň täji sen, diller senasy, Dünýä dursun, sen dur, Türkmenistanym! Gardaşdyr tireler, amandyr iller, Owal-ahyr birdir biziň ganymyz. Harasatlar almaz, syndyrmaz siller, Nesiller döş gerip gorar şanymyz. Gaýtalama: Halkyň guran Baky beýik binasy, Berkarar döwletim, jigerim-janym. Başlaryň täji sen, diller senasy, Dünýä dursun, sen dur, Türkmenistanym! 7 GIRIŞ Türkmen halkyny Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüne ýeti- ren, durmuşyň ähli ugurlarynda düýpli özgertmeleri ynamly we batyr- gaý amala aşyrýan, belent ruhubelentlige badalga beren hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýadawsyz aladalary bilen Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz täze taryhy şertlerde ählitaraplaýyn ösüşi bilen bütin dünýäde uly şöhrata eýe boldy. Hormatly Prezidentimiziň howandarlygy bilen Türkmenistanda ylym-bilim ulgamyny dünýä ülňülerine laýyklykda düýpli özgert- mek baradaky ilhalar uly tutumlaryň başy başlandy. Munuň özi bolsa ylmyň her bir pudagynda saldamly, düýpli işleriň alnyp barylmagynyň zerurlyklaryny kesgitleýän esasdyr. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwri diňe ylma-bilime çynlakaý howandarlygyň başlangyjyny başlamak bilen çäklenmän, eýsem halkyň ruhy galkynmasynyň nyşanyna öwrülen medeniýet hem sun- gat babatda-da anyk maksatlara badalga berdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ga- raş syzlyga guwanmak, Watany, halky söýmek bagtdyr», «Türkme- nistan sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy» atly düýpli ylmy-na- zary kitaplarynyň hem-de «Älem içre at gezer», «Döwlet guşy» romanlarynyň jemgyýetçilik ylymlarynda, ozaly bilen hem edebiýaty öwreniş ylmynda, aýratyn orny bar. Gysga döwrüň içinde kabul edi- len köp sanly resminamalarda gös-göni türkmen edebiýaty bilen baglanyşykly pikirleriň, iňňän jaýdar aýdylan, halk tarapyndan uly höwes bilen goldanan garaýyşlaryň az däldigi guwandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň: «Türkmen halkynyň ençeme alymlary, şahyrlary uzak asyrlaryň dowamynda öz köptaraply ylmy we ajaýyp çeper eserleri bilen türkmeniň adyny şöhratlandyrdy. Olar ylmy we 8 çeper döredijiligi bilen dünýä medeniýetiniň ösüşine önjeýli goşant goşdy» diýen çuň manyly sözleri milli Liderimiziň türkmeniň döre- dijilik işgärleriniň zähmetine goýýan belent sarpasynyň nyşanydyr. Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň çeper döredijiligiň tebigatyna laýyk gelýän, milli medeniýet, milli edebiýat baradaky çuň ylmy esasly tag- lymaty döwürleriň synagyndan geçýän kämil eserleriň döredilme- gine giň mümkinçilik berýär. Hormatly Prezidentimiziň: «Biziň di limiz, däp-dessurlarymyz, sungatymyz we folklorymyz biziň buý- sanjymyzdyr we ata-babalarymyzdan bize galan bahasyna ýetip bol- majak bu mirasy ösdürmek hem-de aýap saklamak üçin zerur zatlaryň ählisini ederis» diýen sözleri-de muny aýdyň tassyklaýar. Milli mirasymyza, edebiýatymyza we sungatymyza şeýle çuň hem takyk garaýyş ýazyjy-şahyrlar, alymlar üçin aýdyň ýörelge, mi- zemez taglymat bolup hyzmat edýär. Hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasynyň netijesi bolan bu taglymatyň biziň ruhumyza, kalbymyza, edebiýatymyzyň, sun ga ty- my zyň tebigatyna örän ýakyndygyny bellemek zerur. Bu gün Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň ruhunda ýaş nesle bilim we terbiýe bermek meselesi döwlet syýasatynyň esa sy meseleleriniň biri bolup durýar. Milli Liderimiziň: «Garaşsyz Wa- ta nymyzyň röwşen geljegi köp babatda ösüp barýan ýaş nesliň çuň bi limine, zehin-yhlasyna baglydyr. Biz ýurdumyzda çagalaryň bag- tyýar durmuşda ýaşamagy, sagdyn ösüp kemala gelmegi, döwre- bap bilim-terbiýe almagy üçin ähli zerur şertleri döredip, olara ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmaga, kämilleşmäge we döredijilik dünýäsine içgin aralaşmaga giň ýol açdyk. Häzir Garaşsyz hem-de Bitarap Türkmenistanyň bagtyýar çagalary, ýaşlary bilimleriň çuň- luklaryna aralaşýarlar, öwrenýärler, döredýärler we ynamly gadam urýarlar» diýen çuň manyly sözleri bu ugurda nusgalyk ýörelgedir. Ata-babalarymyzyň «Çaga eziz, edebi ondanam eziz» diýýän pähiminden çen tutsak, şol aladalaryň içinde iň ileri tutulýanlarynyň biri edep-terbiýedir. Ruhy baýlygymyz bolan halk döredijiligine nazar aýlanymyz- da durmuşymyzyň manysy, ömrümiziň gül-gunçasy bolan çagalara bagyşlanyp, ençeme gyzykly ertekileriň, sanawaçdyr ýaňyltmaçlaryň, ýaremezanlaryň, matallaryň we beýleki eserleriň döredilendiginiň şaýady bolýarys. Ol eserler çagalaryň durmuş baradaky her tarap- ly düşünjesiniň kemala gelmegine, dünýägaraýşynyň giňelmegine, Watana, ene topraga, zähmete, okuwa bolan söýgüsiniň ösmegi- ne, batyrlyk, durnuklylyk, dogruçyllyk ýaly asylly sypatlarynyň kämilleşmegine çuňňur täsir edýär. «Türkmen çagalar edebiýaty» okuw kitabynyň maksady talypla- ra çagalar edebiýatynyň döreýşi, ösüşi, baýlaşyşy, onuň zerurlygy, maksady we wezipeleri, onuň ösüşine saldamly goşant goşan ýazyjy-şahyrlarymyzyň baý edebi mirasy hakynda çuňňur düşünje bermekden ybaratdyr. Okuw kitabyna giň we düýpli meseleleri özünde jemleýän tema- lar saýlanyp alyndy. Her bir temanyň hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli tutumly işleri, ösüp gelýän ýaş nesli terbiýelemek baradaky aladalary bilen baglanyşygyna aýratyn üns berildi. Türkmen çagalar edebiýatyny çuňňur öwrenmek maksadyndan ugur alyp, temalaryň taryhy yzygiderligi, şeýle hem edebi-terbiýeçi- lik we okuw-usuly ähmiýeti nazarda tutuldy. Okuw kitabynda türkmen çagalar edebiýatynyň ösüş döwürle- ri barada, aýry-aýry ýazyjy-şahyrlaryň döredijiligi dogrusynda anyk maglumatlar berildi, mazmuny hem çeperçilik derejesi taýdan öwre- nilmegi zerur hasaplanan eserlere ylmy teswirler kitaba girizildi. 10 Download 3.01 Kb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling