B. Kömekow, A. Orazgulyýew, G. Gurbangulyýew, O. Aşyrow, A. Kaşaňow, H. Geldiýew, A. Öwezow TÄsin matematikanyň syrlary


G I R I Ş Türkmenistanyň Prezidenti


Download 1 Mb.
Pdf ko'rish
bet2/57
Sana31.12.2022
Hajmi1 Mb.
#1073548
1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   57
Bog'liq
Kömekow B Täsin matematikanyň syrlary-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

G I R I Ş
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow:
Gadyrly ýaşlar, siziň oňat okamagyňyz, 
tüýs Watan ogul-gyzlary bolup ýetişmegiňiz 
üçin döwletimiz ähli şertler döredýär.
Tejribäniň görkezişi ýaly, matematika okuwçylaryň 
köpüsi üçin iň kyn, gyzyksyz ders hasaplanylýar. Ma­
tematika dersine bolan gyzyklanmany döretmek mate­
matika mugallymlarynyň öňünde duran iň wa jyp we 
gaýragoýulmasyz wezipeleriň biridir. Tejribeli mu gal­
lymlar matematikanyň özboluşly aýra tynlygyny, özü­
ne çekijiligini örän ýerlikli peý da lanmak bilen okuwçy­
larda matematika dersine bolan höwes, ýykgynlyk 
dö redýärler. Okuwçylarda matematika dersine bolan 
söýgini döretmekde mese leleriň mümkinçiligi örän 
uludyr. Göräýmäge çözülişi ýönekeýje ýaly bolup gö­
rünýän, emma ýeterlik de rejede çylşyrymly meseleler 
okuwçylarda uly gy zyklanma döredýär. Şu gollanmada 
hödürlenilýän me seleleri okuw çylara sapakda (sapagyň 
soňunda okuwçylar ýadan mahallary), synpdan daşary 
işlerde özleşdirmek bolar. Bu gollanmadan alnan mese­
le­mysallary 4–10­njy synplaryň okuwçylaryna hödür­
läp bolar. Bu meseleleriň köpüsiniň hasap lama işleri ýö­
nekeý bolup, ýöne meseleleriň çözülişini tapmak welin 


8
dogry, esasly we yzygiderli pikir ýöretmegi talap edýär. 
Şeýle meseleler okuwçylarda matematika dersine höwes 
döretmäge ýardam etmek bilen çäklenmän, eýsem, 
okuwçylaryň logiki pikirlenmek başarnyklaryny hem 
ösdürýär. Bu bolsa matematikany höwesli öwrenmegiň 
başlangyjydyr. Logiki pikirlenmek başarnyklary çaga 
doglanda oňa taýýar görnüşinde berilmeýär. Logiki 
pikirlenmek ukyby we başarnyklary matematika dersi 
döredijilikli öwredilende ösdürilýär we berkidilýär. Bu 
başarnyklar bolsa okuwçylaryň matematikany üstün­
likli özleş dirmek leriniň esasy bolup durýar. 
Dogry ýaly, emma logika ters gelýän pikire sofizm 
diýil ýär. Sofizmler hem okuwçylarda uly gyzyklanma 
döredip, matematikany inçelik bilen örän çuňňur öw­
renmäge ýardam edýär.


9

Download 1 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   57




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling