B. Kömekow, A. Orazgulyýew, G. Gurbangulyýew, O. Aşyrow, A. Kaşaňow, H. Geldiýew, A. Öwezow TÄsin matematikanyň syrlary


Download 1 Mb.
Pdf ko'rish
bet6/57
Sana31.12.2022
Hajmi1 Mb.
#1073548
1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   57
Bog'liq
Kömekow B Täsin matematikanyň syrlary-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

65. 4 sany birmeňzeş halkanyň biriniň agramy 
beýlekileriňkiden tapawutly. Okaraly terezide iki ge­
zek çekmek arkaly ol halkany tapmaly. 
66. Köp gatly jaýda 1­nji orta mekdebiň 13 sany 
okuwçysy ýaşaýardy. Bu mekdepde 12 sany synp bar. 
Bu jaýda ýaşaýan okuwçylaryň iň bolmanda ikisiniň 
bir synpda okaýandygyny subut ediň.
67. Mekdepde 370 okuwçy okaýar. Bu mekdebiň 
okuwçylarynyň arasynda iň bolmanda iki okuwçynyň 
bir günde doglan günlerini belleýändiklerini subut 
ediň.
68. Sebetde almalaryň iki görnüşi bar. Iki sany bir 
görnüşli almany almak üçin azyndan näçe sany alma 
çykarmaly?
69. Gutuda 4 gyzyl we 10 gara reňkli çöpjagazlar 
bar. Bu gutudan seretmän, birnäçe çöpjagazlary aldy­
lar: 1) iki sany gyzyl; 2) üç sany gara çöpjagazlary al­
mak üçin gutudan azyndan näçe çöpjagazy almaly?
70. Gutuda 100 sany gyzyl, ýaşyl, sary we gök reňkli 
baýdajyklar bar. Bir reňkli baýdajyklaryň sany 25. Bir 
reňkdäki baýdaklaryň iň bolmanda 10 sanysyny almak 
üçin reňkini görmezden, gutudan iň azyndan näçe baý­
dak çykarmaly?
71. Gutuda 25 sany 4 dürli görnüşli şarjagazlar bar. 
Olaryň arasynda 7 sany birmeňzeş reňklisi barmy?
Çözülişler we jogaplar
1. 2 şem galar. Sebäbi öçürilmedik şemler ýanyp 
gutarar.


25
2. Birinji minutda 1­nji metri, ikinji minutda 2­nji 
metri, 3­nji minutda 3­nji metri, 4­nji minutda 4­nji 
metri kesmek bolýar we 5­nji metr galýar. Şunlukda, 
agajy böleklemek üçin 4 minut gerek.
3. Üç.
4. Bir adam almany gap bilen bilelikde almaly.
5. Amanda 28, Meretde bolsa 20 gül bar.
6. Amanyň bir özi hem şol üç aşygy tapardy.
7. Dört ýumurtganam dört minutlap gaýnatmaly.
8. Oglanjyk bu arzuwyna ýetip bilmez. Sebäbi ol 
kiçi almany satyja berende ol yzyna öz 10 teňňesini 
gaýtaryp alar. 20 teňňelik almany almak üçin oňa ýene 
10 teňňe gerek bolar. 

Download 1 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   57




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling