Öw-öwek,
Towşan döwek,
Bilbil saýrar,
Sesi ýaýrar,
Derýa akar,
Suwun çeker,
Gökden ümür,
Çekdi kömür,
Sen çyk!
(“Öw-öwek”)
Şu sanawaç, görşümiz ýaly, owazly, sazlaşykly setirlerden düzülipdir.
Her bir setiriň başyndaky söz bilen şol setirleriň soňundaky ýa-da ondan soňky
sözüň aýdylyşy we formasy taýyndan ýakyn bolan sesler bilen başlanýar. Şeýle
setirler çagalar üçin has-da gyzyklydyr hem ýatda galyjydyr.
Aýdylyş aýratynlygy boýunça sanawaçlar iki topara bölünýär:
1.Bir ýerde oturyp aýdylýan sanawaçlar.
2.Ýörite oýun hereketinde aýdylýan sanawaçlar.
Oýun sanawaçlarynyň birinji toparynda oýnamak üçin çaganyň ýatkeş
bolmagy zerurdyr. Oýna gatnaşýan çaga sanawaçlaryň birnäçesini (“Şakga-
şakga bilezik”, “Ýumak tapdym“, “Gar ýagar-a, gar ýagar” we ş.m) ýatdan
bilmeli bolýar.
Bu sanawaçlar örän ýönekeýdir. Olar çagalaryň düşünjesine laýyklykda,
başaraýjak işlerine, gündelik görýän zatlaryna bagyşlanylyp döredilýär. Bu
sanawaçlaryň öwredijilik ähmiýeti uly. “Ýumak tapdym” sanawajynda şeýle
diýilýär:
Ýumalanyp ýumak tapdym,
Içinden başdarak tapdym,
Daragy mamama berdim,
Mamam maňa köke berdi,
40
Kökäni çopana berdim,
Çopan maňa taýak berdi,
Taýagy daýyma berdim,
Daýym maňa gamçy berdi,
Gamçyny ýere urdum,
Ýer maňa jöwen berdi,
Jöweni derýa zyňdym,
Derýa maňa köpük berdi,
Köpügi derege çaldym,
Derek maňa ýaprak berdi,
Ýapragy sygryma berdim,
Sygyr maňa süýt berdi,
Süýdi bişirip otyrdym,
Garga geldi “gak” etdi,
Do'stlaringiz bilan baham: |