Hojamyrat Goçmyradow


Download 5.01 Kb.
Pdf ko'rish
bet30/112
Sana31.01.2024
Hajmi5.01 Kb.
#1827884
1   ...   26   27   28   29   30   31   32   33   ...   112
Bog'liq
Goçmyradow H~Türkmen halk döredijiligi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

Tur sen çyk! 
Ýa-da 
Hütdi-hütdi, 
Bilbil ütdi. 
Çökdi kömür, 
Çek aýak! we ş.m
Sanawaçlaryň yryma ýakynlaram bar: 
Eý, taýak, 
Eziz taýak, 
Suwda gaýygym, 
Dagda keýigim, 
Tutdum gola, 
Çykdym çöle, 
Ýagşy-ýaman, 
Etme güman, 
Özüň saýla, 
Ele almaly, 
Bulap urmaly. 
 
 
 
(“Çopan taýak”) 
Bu sanawajyň her setirini aýdanda, elini öňki eliniň yzyndan goýup, 
ýerini çalşyrýar. Şeýdip, taýagy gysymlap, beýleki ujuna ýetýär. Kimiň taýagy 
“Ele almaly” diýen setirde gutarsa, şol taýagyň oňat boldugy. Eger “Bulap 
urmaly” diýen setirde gutarsa, onda beýle taýak halanylmaýar.Bu sanawaçlara 
yrym sanawaçlaram diýilýär. 
Çagalar sanawaçlarynyň bir topary adamyň eliniň barmaklarynyň, 
sanlaryň atlary bilen baglanyşykly döredilipdir: 
Başam barmak-baş getir, 
Süýem barmak-süýt getir, 
Orta barmak – ot getir. 
Ogulhajat ok atar, 
Külembike – kül atar. 
Ýa-da 
Bäş diýenim böri, 
Alty diýenim aşyk, 
Ýedi diýenim ýelmik, 
Sekiz diýenim serçe
Dokuz diýenim torgaý, 
On diýenim orak we ş.m. 


43 
 
Mukdar we tertip sanlaryň getirilmegi bilen düzülen sanawaçlar çagalaryň 
aňyny ösdürýär. Çaganyň aňynyň ösüşiniň ilkinji başlangyjy barmaklaryň 
birnäçe gezek açylyp, ýumulyp hereketlenmegi, onda umuman san we söz 
baýlygynyň kem-kemden ösmegine ýardam edýär. Barmaklaryň sanalmagy 
netijesinde ozaly bilen-ä çaga san öwredilýär, galyberse-de barmaklaryň 
atlaryny ýat tutmaga ýardam berýär. 
Şu sanawaçlaryň her bir setiriniň başyndaky söz bilen şol setiriň 
sonundaky ýa-da ondan soňky setirlerdäki sözüň aýdylyşy we formasy 
taýyndan, nähili bolsa-da, sazlaşygy bar. Setirler köplenç birmeňzeş ýa-da 
aýdylyş taýyndan has ýakyn bolan sesler bilen başlanýar. Sanawaçlaryň şeýle 
usul bilen döredilmegi, olaryň aýdylyşyny, ýatda galyjylygyny ýeňilleşdirýär. 
Cagalaryň eşidiş ukybynyň ösmegine kömek edýär. 
Sanawaçlar oglanjyk hem gyzjagaz üçün aýratynlykda hem düzülýär. 

Download 5.01 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   26   27   28   29   30   31   32   33   ...   112




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling