45
Dürli haýwanlar hem guşlar, olaryň hereketleri hakyndaky sanawaçlar
çagalaryň tebigat dünýäsine bolan söýgüsini ösdürýär.
Sanawaçlarda satira we ýumor elementleri-de aňladylýar. Ýöne olar
çagalaryň tebigatyna laýyklykda (kel ýa-da şypar sary, gaharjaň we ş.m.) birek-
biregiň göwnüne degmez ýaly ýumşak häsiýetde düzülýär:
Kelim-kelim kelmenek,
Kelläňe derman gerek,
Ol-it tezegi bilen ysmanak.
Sanawaçlarda sözleriň sazlaşykly kapyýalaşmagy olaryň
esasy
aýratynlygydyr.Başda gelýän iki, dört ýa-da
alty setir biri-biri bilen
kapyýaşýar.Emma şol setirlerden soň kapyýalaşma berk saklanmaýar.
Çagalar sanawaçlarynyň belli bir bogun ölçegi ýok. Olar dürli bogun
ölçeginde döredilýär.
Sanawaçlar
çagalaryň,
ýetginjekleriň
dilini
baylaşdyrmakdaky,
düşünjelerini giňeltmekdäki hyzmaty uly. Çagalaryň aňynyň täze düşünjeler,
täze sözler bilen baýlaşmagyna hemaýat berýär. Yat tutmak ukybyny ösdürýär.
Cagalar kämillige ýetýänçä sanawaçlar bilen tanşyp, beden hem aň taýdan barha
taplanýar.
Sanawaçlaryň türkmen folkloryndaky orny göz öňünde tutulyp, bu
barada
(A. Durdyýewa. Türkmen folklorynda sanawaçlar we ýaňyltmaçlar žanrlarynyň
aýratynlyklary. – Aşgabat, 1985ý.) ýörite ylmy iş çap edildi.
Ýürt Garaşsyz bolansoň, halk döredijiliginiň beýleki žanrlary bilen
birlikde, sanawaçlaryň ulanylyşyna-da uly üns berilýär,
folklor toparlarynda
ýerine ýetirilýär.
Do'stlaringiz bilan baham: