Hojamyrat Goçmyradow
Download 5.01 Kb. Pdf ko'rish
|
Goçmyradow H~Türkmen halk döredijiligi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy
- Bu sahifa navigatsiya:
- Ikinji maksat
Birinji maksat – gahryman adatdan daşary, tapmasy kyn talaplary berjaý
edip, maksadyna ýetmek üçin periler, döwler, aždarhalar we beýleki güýçler bilen iş salyşýar.Hyýaly güýçler ynsany haýwana ýa daşa-da öwürýär. Hyýaly güýçler ony ýene-de direldýär. Ikinji maksat – il-gününi rehim-şepagaty bolmadyk şalaryň zulmundan, ýyrtyjy haýwanlardan dyndyrmak we halky rahat günde ýaşatmak. Şeýle maksatlar bilenem baş gahrymanlar hyýaly obrazlarda berilýär. Maksatlaram diňe hyýalybentlik arkaly ýerine ýetirmek mümkin. Sebäbi öz güýjüň bilen ýerine ýetirip bolmajak ýumuşlar buürulýar. Eger-de şol ýumuşlar baş gahryman tarapyndan berjaý edilmese, onda ýa öz janyny bermeli ýa-da söwer ýaryňy.Ýumşuň düýp maksady-dünýäde ýok ýumuşlary we bolmajak talaplary ýerine ýetirmegi buýrup, baş gahrymandan dynmak ýa-da onuň maşgalasyna eýe bolmakdyr. Şunuň ýaly ýagdaýda baş gahryman hemişe halk tarapyndan goldaw tapýar. Adatdan daşary kyn ýumuşlar halk hyýalbentligi arkaly ýeňlip geçilýär. Munuň özi halkyň adalatly adamlar hem-de şalar baradaky arzuwyny görkezýär. “Mämmetjan” (“Düýe Bahawetdiniň ogly”) ertekisini alyp göreliň. Ertekiden görnüşi ýaly, Mämmetjanyň aýaly örän owadan ekeni. Ýurduň patyşasy Mämmetjanyň aýalyny görüp, oňa “asyk”bolýar.Mämmetjany ýok etmegiň ugruna çykýar. Oňa örän kyn ýumuşlary buýrup başlaýar. Birinji sapar gymmat bahaly monjuk getirmegi buýurýar. Mämmetjan bu ýumşy döwüň eline düşen perizadyň kömegi bilen ýerine ýetirýär. Patyşa Mämmetjany ýene ýanyna çagyryp:”Şirpeleň süýdüni getir. Enem ýaranok” diýip ýumuş buýurýar. Mämmetjan bu ýumşy perizadyň we aýagyna agaç çümen garry gaplaňyň kömegi bilen ýerine ýetirýär.Patyşa Mämmetjany ýene ýanyna çagyryp: “Bir doga barmyş. Oňa seretseň, alma aglap, nur gülüp durmuş. Şony tapmaly” diýen. Ol bu ýumşy-da perileriň kömegi bilen berjaý edýär. Patyşa Mämmetjany ýene ýanyna çagyryp: “Maňa bir gala salyp ber, ol galaň gört gapysy bolsun: biri tomus, biri güýz, biri gyş, biri hem ýaz.Soňra sen meniň ölen atam-enemden habar alyp gel” diýip, iki sany ýumuş buýurýar. Periler tilsim bilen gala salyp berýärler. Emel bilen şanyň ölülerinden habar hem getirýär. Ahyrynda wyždansyz şa periler tarapyndan guralan duzaga düşýär: şa köp odun ýygnadyp, üstüne çykyp, ony hem otladyp, ene-atasyny 89 görmek üçin gitmekçi bolýar.Şeýlelikde, zalym şa we onuň nökerleri ot alyp ölýärler. Ertekiniň düýp manysy wyždansyz şanyň we onuň nökerleriniň adalatsyz hereketlerini görkezmekdir. Olaryň şahsy bähbitleri, şöhrat, at üçin her hili masgaraçylykly hereketleri paş edilýär. “Ýartygulak” ertekisinde hem hyýaly wakalar örän köp. Emma ertekiniň öwredijilik ähmiýeti uly. Onuň garyp adamlar bilen känbir işi ýok. Erteki diňe parahorlary masgaralaýar. Hyýaly ertekilerde baş gahrymanlaryň ornunda esasan wyždansyz adamlar, aždarhalar, döwler,jadygöýler,aşak gatlak wekilleri gatnaşýarlar. Ertekileriň köpüsinde diýen ýaly baş gahryman üçünji ýa-da iň kiçi oglan ýa gyz bolýar. Eger-de baş gahryman päli bozuk adamlardan bolsa, ol şahsy bähbit, şöhrat ugrunda hereket edýär. Olarda adatdan daşary islegler, arzuwlar,dünýäde ýok ýa tapmasy juda kyn zatlary edinjek bolmak häsiýeti güýçli bolýar. Eger-de ertekilerde hereket edýän baş gahrymanlar ýönekeý adamlar bolanda, olarda oslagsyz, durmuşdan üzňelikdäki arzuwlar bolmaýar.Şeýle ertekilerde öňe sürülýän esasy meseleler: päk söýgi,halkyň bähbidi, adalatsyzlygy ýeňip geçmek ugrundaky göreşdir. “Horezmin” ertekisininiň baş gahrymany iki sany ýetim oglan. Olar ýaşlykda ene-atadan mahrum bolýar.Ýetim oglanlar mergen bolup ýetişýär. Şol döwürde Horezm ýurdunyň ilatyna bir aždarha köp zyýan ýetirýän eken. Ol her gün bir gyzy ýok eder eken.Gezek nobaty şanyň gyzyna ýetýär. Gyzy aždarhanyň ýoluna çykaryp, ýylgyna daňyp gaýdýarlar. Aždarha gelmänkä, şol gyzyň üstünden ýetim oglanlaryň biri-Horezmin gelýär.Ol aždarhany öldürip, şa gyzyny ölümden halas edýär. Ol beýleki dogany bilen öldürilen aždarhanyň ýoldaşyny hem ýoklaýar. Olar başga bir patyşanyň gassabynyň gyzyny hem ölümden halas edýär. Iki dogan aždarhalaryň ýygnan emläklerine eýe bolup, garyp-gasarlara paýlaýar.Şeýlelikde, iki dogan halk üçin uly hyzmat edýär. Käbir erteki beýan edilişi boýunça hyýaly häsiýetde bolsa-da, olarda adamkärçilik häsiýetleri terbiýelemek göz öňünde tutulýar. “Hudaýberdi gorkak we tilki” ertekisinde Hudaýberdiniň obrazyny göz öňünde tutmak bolar. Hudaýberdi gaty gorkak adam. Ol tilkiden hem gorkýar. Soňra ol birneme dogumlanýar.Ynanjaň döwleri göreşde ýykyp bilýän, batyr adam bolup ýetişýär. Hudaýberdi pälwan adyna eýe bolýar.Eserde dogumlylyk, ynanç teswirlenilýär. Adamyň garşysyna goýlan güýç näçe eýmenç bolsa-da,iň soňunda adam üstün çykýar.Adam paýhasynyň güýji öňe sürülýär. Ertekilerde döw adamlara zyýan hem ýetirýär, kömek hem berýär. Käwagt bolsa döw ynanjaň, akmak edilip görkezilýär. Ony geçi, horaz,eşek dagy hem gorkuzýýar. Aždarha adama zyýan ýetirýär. Ýöne welin adam oňa sähelçe ýagşylyk etse, ol ýagşylygy artygy bilen gaýtarýar. Ýyrtyjy haýwanlardan ýolbars, 90 gaplaň,şir ertekilere gatnaşýar. Olar adamlara kömek hem berýärler, zyýan hem ýetirýärler. “Akpamyk” has gadymy ertekileriň biri. Ertekide irki döwrüň galyndylary bar. Gadym wagtlarda perzentsizleri köne keçede oturtmak, ogly ýa-da ogul dogany bolmadyklary tore geçirmezlik ýaly dessurlaram bolupdyr. Eger şundan çen tutsak, onda “Akpamygyň” Gorkut ata eýýamynda, hatda ondanam has ozalky döwürde dörändigine göz ýetirmek kyn däl. Ertekiniň has gadymydygyny Akmaýanyň süýdüniň melhem hasaplanylan döwür bilenem düşündirmek bolar. Ýurt Garaşsyz bolansoň, hyýaly ertekiler boýunça (“Akpamyk”,”Hudaýberdi gorkak we tilki”, Böwenjik” we başgalar) teleradio, sahna oýunlary goýulýar. Download 5.01 Kb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling