Hojamyrat Goçmyradow
Download 5.01 Kb. Pdf ko'rish
|
Goçmyradow H~Türkmen halk döredijiligi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy
Durmuşy ertekiler Durmuşy ertekiler ýaşaýyşda bolup biläýjek wakalary,galapyn dogruçyl görkezýär. Ertekiler köplenç çarwadarçylyk (maldarçylyk), senetçilik, il-güni, Watany, topragy, zähmeti söýmek, adalaty hormatlamak, açgözlüligi, ahlaksyzlygy tankytlamak ýaly meselelere bagyşlanýar. Olaryň gahrymanlary – adamlar. Ýaramaz häsiýetlere garşy göreş-garşylyk durmuşy wakalarynyň üsti bilen suratlandyrylýar. “Ýakma – bişersiň, gazma – düşersiň”,”Üç doganyň talaban durşy”,”Garybyň çerkeze gidişi”, “Akylly aýal” ýaly ertekilerde ahlaksyzlyga garşy göreş meselesi gozgalýar. Durmuşy ertekilerde belli bir derejede göçme manydaky (allegoriki) obrazlara, hyýaly wakalara duş gelinýär. Ýöne olar cäklendirilen möçberde hem-de durmuş hakykatynyň serhedinden çykmaýan obrazlardyr, wakalardyr. Şunuň bilen birlikde, durmuşy ertekileriň sýužeti ýaýrawly, dartgynlydyr, kompozisiýasy çylşyrymlydyr. Durmuşy ertekilerde balykçylyk, ekerançylyk durmuşy, ynsan mertebesi ýaly meselelerem görkezilýär. Ertekileriň bu görnüşinde wakalar ynançly bolup, durmuşda bolýan we bolup biläýjek zatlar beýan edilýär. Olardaky gahrymanlar esasan halkyň arasyndaky adamlardyr. Şonuň üçin durmuşy ertekiler mazmuny we durmuşa ýakynlygy boýunça ertekileriň beýleki görnüşlerinden tapawutlanýar. Ertekilerde durmuşyň haýsam bolsa bir tarapy (“Üç doganyň talaban durşy”, “Garybyň çerkeze gidişi” we ş.m.) dogruçyl beýan edilýär. Durmuşy ertekilerde zähmete uly orun berilýär. Iň lezzetli tagam öz zähmetiň bilen gazanylan tagamdyr diýen ideýa öňe sürülýär. Ertekilerde işlemek, zähmet çekmek, kişi zadyna göz gyzdyrmazlyk, öz zähmetiň siňmedik zada el urmazlyk öwüt-nesihat edilýär, ýaltalyk, kezzaplyk berk ýazgarylýar. “Akylly daýhan” ertekisinde öz işine jür,bagbançylyk, daýhançylyk bilen meşgullanyp ýören türkmen ýigidi Sapa göz öňüne gelýär. Sapa göwnaçyk, zähmetsöýer, dogruçyl adam. Ol bagbanyň akylly gyzyna öýlenip, maksat- myradyna ýetýär. Ertekide Sapanyň obrazynyň üsti bilen adamkärçiligiň oňat sypatlary görkezilýär, başga bir bagbanyň obrazynyň üsti bilen öwünjeňlik, açgözlük ýazgarylýar. Bu ertekiniň öwredijilik hem terbiýeçilik ähmiýeti uly. 82 Durmuşy ertekileri satira, ýumora hem baýdyr. Adalatsyzlyk durmuş wakalary bilen paş edilýär.”Eneň uny tükenendir”,”Akylly aýal”,”Garybyň çerkeze gidişi”ertekilerinde ahlaksyzlyk kinaýa bilen ýazgarylýar.”Garybyň çerkeze didişi” ertekisinde sadalyga, adamkärçilige, dogruçyl bolmaklyga giň orun berilýär. Şunuň bilen birlikde, açgözlük, bahyllyk, harsydünýälik ýaly ýaramaz häsiýetler ýazgarylýar. Ertekilerde nakyllar, matallar getirilýär. Nakyllar ertekileriň tekstleriniň içinde gelmek bilen, pikiriň has aýdyňlaşmagyna, manysynyň düşnükli bolmagyna hyzmat edýär. Käbir ertekilerde bolsa nakyllar many-mazmun bilen pugta baglanyşyklydyr. Nakyldaky pikir şol ertekide beýan edilýär.Ertekiniň esasynda nakyl emele gelýän wagtlaram bolýar. Halk arasyndaky “Nesip etse äriňdirin”, “Geçini hem öz aýagyndan asarlar, goýny hem öz aýagyndan”, “Aýazhan çarygyňa bakarak” diýen nakyllar ertekiler bilen baglanyşyklydyr, ertekiler esasynda dörän nakyllardyr. “Aýazhan çarygyňa bakarak” ertekisiniň many-mazmuny şeýle: - Gadym wagtlarda Aýaz diýen bir garyp adam bolan. Aýagy köne çarykly, egni ýyrtyk içmekli. Ahyrda Aýaz patyşalyk derejesine ýetýär, halka baş bolup oturýar. Ol köpçülige ýaramly, adalatly ýurt eýesi bolupdyr. Halk oňa “Indi şu derejä ýetdiň. Hiç wagt halky ynjytma, şol ozalky kiçigöwünliligiň bolsun, geçmişiňi ýada salyp, çarygyňa bakarak boluber, halky unutma” – diýip, öwüt-undew beripdir. Şunlukda, “Aýazhan çarygyňa bakarak’ diýen nakyl döräpdir. Aýazhan şa derejesine ýeteninde, köneje çarygyny duldan asyp goýupdyr. Gatyrak gidiberende, dulda asylgy duran gaty çarygyna seredip, başyndan geçen öňki ýagdaýyny göz öňüne getirýär.Ondan kiçigöwünlilik tapýar. Ertekileriň tekstiniň içinde goşgy setirleri getirilýär. Munuň özi, birinjiden, çagalaryň ertekiler bilen gyzyklanmagyna kömek etse, ikinjiden, goşguly ertekiler okyjylary, diňleýjileri ýadamazlyk, höweslendirmek üçin amatly bolýar. Üçinjiden, tekstde gelen goşgular ertekiniň sýužeti bilen berk baglanyşykly bolup, onuň manysynyň has aýdyň bolmagyna, okyjylaryň ünsüni çekmäge ýardam edýär. Durmuşy ertekilerde enesiz galan ýetim çagalara halkyň ýakyndan duýgudaşlyk edendigi görünýär. Beýleki ýurtlaryň halklarynyň ertekilrinde-de öweý eneleriň obrazlary, olaryň ýetim galan çagalara garaýyşlary birmeňzeşräk – köplenç ýaramaz häsiýetde berilýär. Munuň özi öweý eneleriň obrazlarynyň durmuşdan alnandygyny görkezýär.Gruzin ertekilerinden “Ýetim” (“Gruzinskiýe narodnyýe skazki”,1956g.),özbek ertekilerinden “Iki sandyk”(“Özbek halk ertekileri”, Aşgabat, 1958ý.), tatar ertekilerinden “Öweý gyz’ (“Tatarskiýe narodnyýe skazki”, 1957g.),türkmen ertekilerinden “Ýetim gyz” (“Türkmen halk ertekileri” 1940ý.) ertekileriniň many-mazmuny birmeňzeş. Bu ertekileriň her birinde enesiz galan çagalara öweý eneleriň ýaramaz garandyklary beýan edilýär. Ýetim çagalaryň dürli bahanalar bilen öweý eneler tarapyndan hor-homsy saklanýandygy suratlandyrylýar. 83 Durmuşy ertekileriň birnäçesi sýužet taýyndan Gundogar halklarynyň ertekilerine meňzeşdir hem manydaşdyr. Aldar köse, Hatamtaý hakynda aýdylýan erteki-rowaýatlar, “Isgender patyşanyň şahy bar”,”Üç doganyň talaban durşy”ýaly ertekiler Gündogar halklarynyň ertekilerine ýakyndyr.Ylaýta-da ,”Akpamyk”, “Ýedi doganyň dawasy” ertekileri sýužetleri boýunça täjikleriň “Ýedi dogan we bir bajy” (“Tadžikskiýe skazki”, 1947g.), “Üç dogan” (şol ýerde) ertekilerine örän meňzeşdir.Ertekilerdäki sýužet meňzeşligi halklar arasyndaky taryhy wakalaryň meňzeşligi, olaryň söwda aragatnaşyklary bilen baglanyşyklydyr. Eserleriň sýužetiniň haýsy halkdan geçendigine garamazdan, şol eserde milli halkyň başyndan geçen durmuşy,däp-adaty, özboluşly aýratynlygy suratlandyrylýar. Şeýle eserler şol halkyňky hasaplanylýar. Çünki, şol eserleriň gahrymanlary milli häsiýetdedigi, milli halkyň durmuşy bilen hereket edýändigi bilen tapawutlanýar. Türkmen ertekileriniň arasynda umumy many-mazmun babatynda ýa belli –belli stiller nuktaýnazaryndan käbir ýörgünli detallary, gahrymanlary taýyndan biri-birine meňzeş gelýänleri-de bar. Munuň özi ertekileriň many-mazmuna, dürli nusgalara baýdygyny görkezýär. Durmuşy ertekileriň gahrymanlary adatdan daşary hyýaly güýçler – periler, döwler, aždarhalar ýa beýleki hyýaly zatlar bilen iş salyşmaýar. Bu ertekilerde gahrymanlar durmuşdaky kynçylyklary köplenç akyl-paýhasa daýanyp ýeňip geçýärler. Ertekilerde gahrymanlar durmuşda kynçylyga uçranda, öz güýjünden daşary güýçleri ýeňip geçmeli bolanda, hyýaly we adatdan daşary güýçlerden seýrek hem bolsa peýdalanýar. Şeýle ýagdaýda, alym Ş. Geldiýewanyň belleýsi ýaly, halk öz toslamalaryna, hyýallaryna, ylhamyna daýanyp, erteki gahrymanlaryna kyn ýoluň aňsat çykalgasyny (“Bäş galandar”, “Horezmin” ertekileri) salgy berýär. Elbetde, munuň durmuşy ertekiler bilen hyýaly ertekilleriň özara gatnaşykda bolup, biri-birine täsirini ýetirýändigini görkezýär. Durmuşy ertekilerde söz oýnatmalary, göçme manygaky “sözleşik” (matal) getirilip, ýönekeý adamyň akyl-paýhasy dabaralandyrylýar. “Togsan torba”ertekisinde garyp gyzyň göçme manydaky jogaby ýurduň patyşasyny amana getirýär. Ertekilerde haýyr bilen şeriň (“Güljemal”, “Patyşa we üç adam”), ýagşylyk bilen ýamanlygyň, danalyk bilen akmaklygyň, adalatlylyk bilen adalatsyzlygyň (“Patyşa we onuň wesirleri”, “Akylly wezir”,”Horezmin” ş.m. ) göreşi täsirli suratlandyrylýar. Durmuşy ertekileriniň başlanyşy dürli-dürlüdir. Umuman, Gundogar halklarynyň ertekilerinde bolşy ýaly, türkmen ertekileri üçin hem “Bir bar eken, bir ýok eken” bilen başlamak häsiýetlidir.Bu esasy başlangyçdyr. Yzyndan başgarak wakalara garaşylýar: “Bir bar eken, bir ýok eken, bir obada Mele baý diýen bir baý bar eken” ýa-da “Bir bar eken, bir ýok eken, gadym zamanlarda 84 bir patyşa bar eken. Onuň üç ogly bolup, her oglunyň bir ýylkysy bar eken…” we ş.m. Ertekileriň gutaryşy hem dürli-dürlüdir. Olaryň köpüsi:”Şeýlelik bilen, olar maksat-myratlaryna ýetdiler “ diýen jemleýji sözlem bilen gutarýar. Emma “Ýagşy ýetsin myrada, ýaman galsyn uýada”, “Dostlar şat boldy, duşmanlar gamgyn”, “Kyrk gün toý-tomaşa edip, maksat-myratlaryna ýetdiler”, “Bagyr boldy, batdy gitdi, öýken boldy, ötdi gitdi” diýen ýaly soňlamalar bilen gutarýan ertekiler hem az däl. Download 5.01 Kb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling