Hojamyrat Goçmyradow


Birinjiden, dessançylygyň birülňülik (standart) däpleri eposlarda  saklanmaýar.  Ikinjiden


Download 5.01 Kb.
Pdf ko'rish
bet69/112
Sana31.01.2024
Hajmi5.01 Kb.
#1827884
1   ...   65   66   67   68   69   70   71   72   ...   112
Bog'liq
Goçmyradow H~Türkmen halk döredijiligi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

Birinjiden, dessançylygyň birülňülik (standart) däpleri eposlarda 
saklanmaýar. 
Ikinjiden, dessanlaryň gahrymanlary taýyn görnüsde esere girýän bolsa, 
eposlarda wakanyň ösüşinde kem-kemden kämilleşýär. 
Üçünjiden, eposlaryň gahrymanlarynyň çagalyk,ýetginjeklik, kämillik 
ýyllary hakykata laýyk görkezilýär, ösüşleri beýan edilýär. 
Dördünjiden , dessanlaryň dili, stili köplenç galyplaşdyrylan.Emma 
eposlaryň dili, stili erkana hem halkyň janly gepleşik dilidir. 
Bäşinjiden, eposlar möçber taýyndan dessanlardan uludyr,Eposlarda 
birnäçe şaha bar.Olaryň her şahasy bir dessanyň wakasyna barabar sýužeti 
özünde jemleýär. 


102 
Halk döredijiligi boýunça bu okuw kitabynda “Oguznama”,”Gorkut 
ata”,”Görogly” eposlary öwrenilýär. 
 
 
“Oguznama” eposy we onuň öwrenilişi 
Türkmen edebiýatynyň taryhynda türkmen halky dünýä edebiýatynyň žanr 
hem-de obrazlar tarapyndan baýlaşmagyna önleýji goşant goşdy. Gadymy 
kyssa eseri bolan “Oguznama” eposy munuň aýdyň mysalydyr. 
Iň gadymy eýýamda hem goja paýhasy bolup ula hormat goýmak, kiçini 
sylamak, ogul-gyza görelde bolmak, lebzi halallyk ündelipdir. Şol döwürde goja 
paýhasy Oguz hana, Gorkut ata ruhy çeşme bolan eserler bolupdyr. 
Oguz hanyň dünýä gelmegi we onuň dagynyk tire-taýpalary birleşdirip, 
oguz döwletini esaslandyrmagy bilen baglanyşykly rowaýatlar, legendalar 
türkmen halkynyň arasynda dil we ýazuw üsti bilen giňden ýaýrapdyr. 
Türkmenleriň nesilbaşysy Oguz han özüniň gahrymançylykly ýörişleri, berkarar 
döwlet gurşy, ony adalatly dolandyryşy hakda nesillere ýadygärlik galdyrmagy 
göz öňünde tutup, bir ajaýyp kitap ýazmagy tabşyrypdyr. Nesiller ol kitaby 
“oguznamalar” diýip atlandyrypdyr. 
Oguz hanyň şöhratly taryhy ýoly bilen dünýäde örän köp taryhçylar, 
şahsyýetler gyzyklanypdyr.Oguz han barada onuň döwürdeşleri, ondan soňky 
taryhçylar köp ýazypdyr we nesillerine galdyrypdyr. Wagtyň geçmegi bilen 
oguznama žanry öz gerimini giňeldipdir, ol indi diňe bir Oguz hanyň döreýşi, 
taryhy söweşleri,nesilleri baradaky legendalar däl,eýsem Oguz handan soňra 
dörän oguz türkmenleriniň ýaşaýyşlaryny, durmuşlaryny, olaryň han-
beglerini,parasat-pähimlerini 
hem suratlandyrypdyr. Şeýlelikde, ençeme 
“oguznamalar” döräpdir. 
“Oguznamalar” dürli döwürlerde, dürli awtorlar tarapyndan ýazylypdyr. 
Şeýle “Oguznamalaryň” biri-de XIII asyr eýran taryhçysy Fazlalla Reşideddiniň 
birnäçe tomdan ybarat bolan “Jamy at - tawaryh” (‘Senenamalar ýygyndysy”) 
eseridir. Ýygyndy 1300-1310-njy ýyllarda pars dilinde ýazylýar. Kitap 
taryhlaryň ýygyndysy hasaplanylýar.Ol parsçadan birnäçe dile, şol sanda türki 
diline-de terjime edilýär. 
Fazlalla Reşideddiniň bu köp tomluk eseriniň aglabasy musulman
döwletleriniň mongollar tarapyndan basylyp alnyşyna çenli döwri 
suratlandyrýar. Ýygyndynyň içinde “Jamy-at-tawaruh” diýen kitap Oguz hana 
bagyşlanýar. Fazlalla Reşideddin bu kitabynda Oguz hanyň türkmen 
bolandygyny, onuň alty ogluny we ýigrimi dört agtygyny belläp geçýär. 
XV1 asyrda nusaýly taryhçy Salar Baba Gulaly ogly Salar Harydary hem 
özüniň “Oguznama” eserini taýýarlaýar. Ol Fazlalla Reşideddiniň “Jamy at-
tawaruh” eserini gadymy türkmen diline-şol döwrüň türki diline terjime edýär. 
Salar Babanyň terjimelerinden “Oguzyň we onuň nesliniň taryhy”,”Türk 


103 
padeşahlarynyň 
we 
soltanlarynyň 
zikri” 
bölümleri 
rowaýat 
bilen 
baglanyşdyrylyp berlen halk döredijiligi eserlerdigi bilenem gyzykly çykypdyr. 
Salar Babanyň “Oguznamasy”özbaşdak eserdir. Ony terjime edilen eser 
hasaplamak bolmaz. “Oguznamany” alym Zylyha Muhammedowa rus diline 
terjime edýär we ol eser1990-njy ýylda Moskwada çapdan çykýar. 
“Oguznamanyň” üç sany nusgasy bolup, olaryň üçüsem bir kitapda 
ýerleşýär. Aşgabatda saklanýan nusgasy iň ygtybarly nusgalaryň biri. Kitapda 
Oguz hanyň şöhratly ýoly älem etraplaryna ilçileri iberip, ähli halklary özüniň 
ruhy dünýäsine salmak isleýşi,il-günüň asudalygy we agzybirligi ugrundaky 
yhlasy, ýörüşleri beýan edilýär 
“Oguznamanyň” ikinji nusgasy Parižde saklanylýan nusga bolup, ol 
“Oguznamanyň”gysgaldylan görnüşidir. Üçünjisi Kazan şäherinde saklanylýan 
nusga, şol nusga esasynda hem “Oguznama”çapa taýýarlanyldy. 
Türkmenistanyň Milli golýazmalar instituty tarapyndan şol nusgalar 
ýygnalyp, Aşgabatda 2001-nji ýylda “Oguznama” ady bilen neşir edildi. 
Oguz han we onuň döwri, nesli, ondan soňky türkmenleriň taryhy ýoly 
baradaky kitaplaryň ýene biri “Şejere-i terakime” (“Türkmenleriň nesil 
daragty”) eseridir. Bu eseri XVIII asyrda Hywa hany Abulgazy Bahadur han 
ýazypdyr. 
Şol döwürde biri-birine çapraz gelýän “Oguznamalar” köp bolupdyr. 
Türkmen mollalary, şyhlary dürs, ygtybarly taryhy beýan edýän “Oguznamany” 
ýazyp bermegini Abulgazy Bahadur handan haýyş edýär. Hywa hany haýyşy 
berjaý etmek üçin özünden öňki taryhçylaryň, esasan-da Fazlalla Reşideddiniň 
(XIIIasyr)”Jamy at-tawaryh (“Senenamalar ýygyndysy”) kitabynyň “Oguz han 
we onuň nesliniň taryhy” we “Türk soltanlarynyň we padeşahlarynyň zikri” 
böleklerini peýdalanypdyr. 
“Şejere-i terakime” Oguz we onuň nesli baradaky rowaýatlary öz içine 
alýar. Abulgazy Bahadur hanyň nygtamagyna görä, kitaby okajagyň türki 
halklardygyny nazara alyp, eseri türki dilde ýazypdyr. 
Kitapda türkmenleriň ata-babalary bolan oguzlar hakynda söz açylýar. 
Türkmeniň aslynyň Nuh pygamberden gaýdýandygy bellenilýär. Nuh pygamber 
uly ogly Ýafese Türküstan yklymyny ýer-ýurt edip berýär. 
Ýafesiň ogly bolýar. Onuň adyna Dib Ýawgu han goýarlar. Ol atasynyň 
ýerine patyşa bellenilýär. Dib Ýawgu hanyň Garahan, Orhan, Gurhan,Güzhan 
diýen ogullary bolýar. 
Garahan kakasyndan soňra tagta geçýär. Onuň hem ogly bolýar. Eserde 
oňa Oguz adynyň dakylyşy barada gürrüň berilýär. Kitapda Oguz han, onuň 
döwri, basyp alan ýerleri barada maglumat bar. 
Kitapda Gara Hojanyň ogly Gorkut ata barada-da maglumat aýdylýar. 
Onuň üç patyşanyň weziri bolandygy bellenilýär. Kitap 1992-nji ýylda 
Aşgabatda neşir edilýär. 


104 
Abulgazy Bahadur hanyň “Şejere-i terakime” eseri beýleki taryhy kitaplar 
bilen birlikde, türkmen halkynyň taryhyny öwrenmekde uly ähmiýete eýedir. Bu 
kitap alymlaryň birnäçesi tarapyndan öwrenildi. Gündogary öwreniji alym 
W.W.Bartold türkmenler hakynda ýazylan şeýle taryhy eseriň beýleki türki 
halklaryň hiç birinde-de ýokdugyny nygtady. 
X1X asyrdan başlap “Oguznama” Ýewropa hem türki dilli ýurtlaryň 
alymlaryny gyzyklandyrýar. 1815-nji ýylda nemes diline terjime edilen 
“Oguznama”Parižiň milli kitaphanasyndan tapyldy. Bu “Oguznamany” 
akademik W.Radlow, doktor Ryza Nuru (“Oguznama”, türki epopeýa. – 
Aleksandriýe, 1931g.) teswirleýär. “Oguznama” 1987-nji ýylda Azerbaýjanda 
rus dilinde neşir edilýär. 
“Oguznamalar”geçmiş hakyndaky kitaplardyr. Emma şol kitaplarda Oguz 
hanyň we onuň nebereleriniň işleri taryhy we çeper eserlere irki döwürden 
başlap aralaşypdyr. XV11-XV111 asyrlarda Oguz han we gadymy oguzlar 
hakyndaky sýužete ýüzlenilip başlanýar. 
XV111 asyr şahyrlary Şeýdaýynyň, Magrupynyň döredijiliginde-de 
“Oguznama” sýüžetine ýa-da onuň käbir wakalaryna gabat gelmek bolýar. 
Andalybyň “Oguznamasynda” Oguz han edebi obrazyň derejesine 
ýetirilýär. Adyl şa hakdaky arzuw onuň obrazynda jemlenilýär. Oguznamaçylyk 
sýužeti şygyr bilen ilkinji gezek işlenilýär. “Oguznama” sýüžeti pars dilindäki 
(Nişapury, Rawendi, Lary, Hondemir ýaly taryhçylaryň) işlerinde gabat gelýär. 
Bu sýüžet X1V-XV1 asyrlardan başlap türki dillerde (özbek, türkmen) 
işlenilýär. Dana Ata Abulhanyň ( XV asyryň ikinji, XV1 asyryň birinji 
ýarymynda ýaşan öwlat) “Oguznamasyny” A. N. Samoýlowiç tapyp, onuň käbir 
böleklerini 1927-nji ýylda neşir etdirýär. A.N.Samoýlowiçiň tapan bu eseriniň 
golýazmasy Sankt-Peterburgda saklanylýar. 
Türkmen alymy A.Bekmyradow “Andalyp we oguznamaçylyk däbi” 
(Aşgabat,1987ý.) kitabynda “Oguznama” barada gürrüň berip, onuň ähmiýetini 
belleýär. Ol türkmenleriň medeni durmuşynda uly rol oýnan bu eser bilen 
halkyň sowatly wekilleriniň asyrlaryň dowamynda gyzyklanyp gelendigini 
nygtaýar. 
“Oguznamalar” türkmen taryhynyň iň gadymy eserleridir. Geçmişimiziň 
beýany bolan bu eserleri ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda 
döredipdir. Taryhy maglumata baý bolan bu eserler türkmen halkynyň şöhratly 
ýollaryny öwrenmekde, taryhy belentligini dikeltmekde uly ähmiýete eýedir. 

Download 5.01 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   65   66   67   68   69   70   71   72   ...   112




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling