Hojamyrat Goçmyradow
Download 5.01 Kb. Pdf ko'rish
|
Goçmyradow H~Türkmen halk döredijiligi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy
Türkmen eposlary Epos gahrymançylykly halk rowaýatlary hem hekaýatlarydyr. Halk döredijiliginiň iň iri kyssa žanrydyr. Halk döredijiliginde epos diýlende, halkyň durmuşynyň belli bir döwründe uly taryhy ähmiýete eýe bolan wakany beýan edýän kyssa eserdir.Eposda halkyň gahrymançylygy,watançylygy,ynsanperwerlik gylyk – häsiýeti giň ýaýrawda şöhlelendirilýär.Epos uzak möhletdäki wakalary öz içine alýar. Ol goýulýan hem çözülýän meseleleriň köplügi bilenem bellidir. Oguznamaçylyk däpleriniň çeper - taryhy kökleri gadymy bolup,halkyň taryhyna, medeniýetine, ruhyýetine, çeper gözleglerine esaslanypdyr.Şunuň bilen birlikde, türkmen medeniýeti, çeper söz sungaty oguznamazçylyk däplerine bölünipdir.Olarda halkyň taryhy,durmuşy,ahlagy, medeniýeti, däp- dessury, gylyk-häsiýeti ruhy eýýamlara laýyklykda çeper beýan edilipdir. Oguznamaçylyk däbiniň ilkibaşynyň çeper döredijilikde emele gelendigini bellemek bilen, alym A. Baýmyradow şejere oguznamaçylygyna oguzyň taryhy, nesli baradaky we çeper eserleriň emele gelşi hakyndaky kyssalaryň degişlidigini nygtaýar. Gadymy geçmişde zehinli adamlar watançylyga, gahrymançylyga, halal zähmete, tämiz söýgä ýugrulan çeper gymmatlyklary döredip başlaýar. Şol gymmatlyklarda halkyň çyn taryhy, 98 sungaty, medeniýeti jemlenip, ata-babalarymyzyň çeper-jemgyýetçilik aňy, şahyrana ukyby çüň many-mazmunda beýan edilýär. Şu meselede türkmenleriň çeper-ruhy ahwalatyny, durmuşyny,ahlagyny hemme taraplaýyn açyp görkezýän dessanlara aýratyn orun degişlidir. Sebäbi, alym A. Baýmyradowyň nygtaýşy ýaly, türki halklaryň folklory çeper söz sungatynyň örän kämil nusgasyna öwrülen dessanlara baý bolup, hut şu aýratynlygy bilen ol dünýä folklorynda tapawutlanýar. Dessanlaryň, aýratyn-da gahrymançylykly dessanlaryň emele gelşi, ösüşi halkyň taryhy hem-de gahrymançylykly durmuşy, edermenlik, mertlik, watançylyk baradaky arzuw – islegleri, duýgy-düşünjeleri bilen baglanyşyklydyr, taryh bilen çeper ruhy pikirlenişiň sazlaşygy esasynda dörän özboluşly söz sungatydyr. Çeper gymmatlyklaryň taryhy kökleri gadym geçmişe siňip gidýär, ata-babalarymyz gadymky durmuşy ahlagy, edim- gylymlary gahrymançylykly toslamalarda (miflerde) we efsanalarda saklanyp galypdyr. Gadymy hekaýatlaryň esasynda emele gelen “Oguznamada”,”Gorkut atada” oguz türkmenleriniň köp asyrlyk durmuşy, ahlagy, gylyk-häsiýeti çeper beýan edilipdir. Türkmen dessanlarynyň ilkinji nusgalary türki halklarda ýaňy dessançylyk däbi emele gelip başlan döwründe kemala gelipdir. “Gorkut ata” Keýumersdir Tumarlydan soňky, Görogludan öňki zaman taryhyny, çeper hadysalaryny özünde jemläpdir. “Gorkut atadan” öňki zamandaky halk edermenligi Keýumersde, Şirakda, Tumarlyda jemlenipdir. Emma olaryň edermenligi, ýagşylyk ugrundaky hereketleri mifiki dünýäden, mifiki gahrymançylykdan saplanyp bilmändir. Sebäbi şol döwrüň adamlarynyň aňynyň, düşüňjesiniň özenini mifiki dünýä emele getiripdir.Şoňa görä-de oguzlaryň gadymky ata-babalary ýagşylyk bilen ýamanlygyň, haýyr bilen şeriň, namart bilen merdiň aratapawudyny diňe güýç bilen saýgaryp bolýandygyna, ynsan güýjüniň, gaýratynyň rüstemdigini diňe hyýaly, gudratly hereketler arkaly ykrar edip bolýandygyna ynanypdyr. Adamzadyň soňky ösüşinde çeper pikirleniş kem-kemden berkeýär hem- de emele gelşiň çeper çözgüdi ruhy gymmatlygyň akabasyna goşulýar.Adamzadyň soňky ösüşi toslamalardan, howaýy hyýaldan azda-kände daşlaşyp ugraýar.Şeýlelikde, ynsanyň hakyky güýjüne, mähir-muhabbetine sarpa goýlup başlanýar. Şonuň netijesinde Tumarly, Şirak watanyny, halkyny,neslini halas etmek üçin edermenlik, mertlik görkezýär. Oguz döwründe bu edermen şahslaryň görkezen edermenligi, watançylygy has-da pugtalanypdyr, öňki nesilleriň edebi we taryhy däpleri, şeýle hem mifiki edermenlikleri indi anyk hadysalara, anyk şahslara bagly bolupdyr.Harby hereketleriň ýaýbaňlanmagy,uly hem güýçli döwletleriň emele gelmegi ynsanyň kämilleşmegine,çeper ruhy gözlegleriň berkemegine, baýlaşmagyna getiripdir.Berkarar edilen uly döwletiň çeper jemgyýetçilik aňy oguz türkmenleriniň ruhy gymmatlygyny özünde jemlemek bilen çäklenmän, 99 döwletiň hökümi ýöreýän ýerlerindäki halklaryň-da folklory we edebi döredijiligi biri-birine ýakynlaşypdyr, umumylaşypdyr, şunuň esasynda-da bitewi edebi gymmatlyk emele gelipdir. Gahrymançylykly hekaýatlaryň we rowaýatlaryň birleşip, bitewi bir esere öwrülmegi hem şol döwürde ýüze çykypdyr. Alym A. Baýmyradow soňra halk döredijiliginiň Oguz han eýýamynyň çeper –taryhy köklerini yzarlamak bilen, bu döwürde türkmen halk döredijiliginiň gutarnykly galyplaşandygyny, halky eserleriň oguz we gypjak halk döredijiligine bölünendigini ýazýar. Gorkut, Görogly eýýamlarynda eposlar, dessanlar ýaly uly göwrümli kyssa eserleri emele gelýär. Oguzlar dünýä ylmynyň ünsüni özüne çekýän köptaraplaýyn meselä öwrülipdir. Oguz eserleri berk taryhy kökleri bilen tapawutlanýar. Ol eserler diňe bir folklor ýadygärligi bolman,diliň,taryhyň,syýasatyň,harby tälimleriň hem ýadygärligidir. Gündogar halklarynyň köpüsine mahsus bolşy ýaly, türki halklar hem öz taryhy geçmişini agzeki ýol bilen nesilden-nesle geçirip gelipdir. Hat-ýazuw peýda bolansoň, ony halkyň wekilleriniň özleşdirmegi bilen kitap görnüşindäki ýazuwly çeşmeler-“Oguznamalar” emele gelipdir. “Oguznama” kitaby hem irki döwürlerde ýazuwly çeşmelerde berkidilipdir.Emma ýazuw serişdeleriniň ygtybarsyzlygy (deriniň gatamagy bilen ýüzüne ýazylan hatyň pytramagy) we irki döwürdäki hatyň ýeterlik özleşdirilmändigi sebäpli, şol çeşmeler bize gelip ýetmändir.Üstesine-de, araplar otparazlyk ruhy bilen ýazylan eserleri ýok edipdir. Şeýlelikde, “Oguznamanyň” ilkinji bitewi nusgasyny-da gola salmak başartmandyr. Arap we uýgur ýazuwyndaky türki kitaplaryň her halda orta asyrlara degişlileri saklanyp galypdyr. Türkmen halky “Oguznama” eposy bilen dünýä edebiýatynyň baýlaşmagyna önjeýli goşant goşdy.Türkmen halkynyň gelip çykyşy,onuň erkin durmuş, azat ýaşaýyş, asuda güzeran ugrundaky alyp baran göreşlerini beýan edýän bu eseriň köki has gadymy döwürlere aralaşýar.Oguz hanyň dünýä gelmegi we onuň dagynyk tire-taýpalary birleşdirip, oguz döwletini esaslandyrmagy bilen baglanyşykly rowaýatlardyr efsanalar türkmen halkynyň arasynda dil hem ýazuw üsti bilen giňden ýaýrapdyr. Geçmişde halk döredijiliginiň oguznama görnüşi öz gerimini giňeldipdir. Ol indi diňe bir Oguz hanyň döreýşi,taryhy söweşleri,nesilleri baradaky rowaýatlar däl, eýsem Oguz handan soňra dörän oguz-türkmenleriniň ýaşaýyşlaryny, durmuşlaryny, olaryň han-beglerini, parasat- pähimlerini hem suratlandyrýar. Şeýle eserleriň biri hem indi 1500 ýyldan gowrak wagt bäri türkmen halkynyň ruhy çeşmesine öwrülen paýhas çuňlugynyň we pikir çugdamlygynyň aýnasy bolan “Oguznamalaryň” ajaýyp nusgalarynyň biri, türkmen halkyna gadym wagtlardan bäri mälim bolan “Gorkut ata” eposydyr. Bu eserde türkmen halkynyň geçmiş taryhy,durmuşy, onuň azatlyk, erkinlik, parahat durmuş, özbaşdak döwlet gurmak ugrundaky hereketi görkezilýär. 100 “Gorkut ata” eposy dürli çeşmelerde dürli hili atlandyrylýar. Orta Aziýada onuň “Gorkut ata” ady has ýörgünlidir.Drezden nusgasynda eposa “Kitaby dädem Gorkut ala lisany taýfany oguzan” (Gorkut atanyň kitaby oguz taýpalarynyň dillerinde) diýlipdir. “Kitaby dädem Gorkut”(“Kniga moýego deda Korkuta”, Moskwa, 1962g.) kitabynda eposyň Drezden golýazmasynyň 12 şahasynyň W.W.Bartold tarapyndan rus diline terjimesi, bu kitap barada W.W.Bartoldyň, A.Ýu. Ýakubowskiniň hem-de W.M. Žirmunskiniň makalalary ýerleşdirilipdir. Kitapda W.W.Bartoldyň “Türk eposy we Kawkaz” diýen makalasynda bu epos orta asyr türkmen eposy diýlip atlandyrylýar.Awtor eposy düzýän gadymy oguzlar baradaky rowaýatlaryň Türkmenistanda hem Kiçi Aziýada mälim bolandygyny, onuň kitap görnüşine getirilen döwrüni XV asyryň başlaryna degişli hasaplaýandygyny nygtaýar. A.Ýu. Ýakubowskiniň kitapda ýerlişdirilen “Kitaby Gorkut”we onuň irki orta asyrlarda türkmen jemgyýetiniň taryhyny öwrenmekde ähmiýeti” diýen makalasynda Gorkudyň obrazynyň döreýşi örän irki döwürlere degişli edilýär. Awtor eposyň aýry-aýry şahalarynyň has irki döwürde, oguzlar entek Kawkaza gelmänkäler Orta Aziýada döräpdir diýen netijä gelýär. W.M.Žirmunskiniň kitapda ýerleşdirilen “Oguz gahrymançylyk eposy we “Gorkudyň kitaby” diýen uly göwrümli makalasynda eposyň öwrenilişinden başlap, ondaky wakalaryň ýaýbaňlanýan taryhy döwrüne, hatda eposyň aýry- aýry şahalarynyň mazmunyna degişli köp meseleleriň üstünde giňişleýin durlup geçilýär. Bu awtor hem oguz gahrymançylyk eposynyň mazmunynyň ilkibaşda Orta Aziýda döräp, soňra Seljuklar imperiýasy döwründe Günbatara- Azerbaýjana, Zakawkazýä we Kiçi Aziýa ýaýrapdyr diýen netijäni çykarýar. Gündogarda gutarnykly düýbi tutulan bu epos Günbatarda gutarnykly forma gelen oguz epiki däpleriň jemidir.“Gorkut ata” eposy halklar arasynda dostlukly gatnaşyklary ündeýär.Dostluk-doganlyk adamzat jemgyýetiniň hemme döwründe-de bahasyna ýetip bolmajak ahmiýete eýedir. “Görogly” eposynyň bize gelip ýeten ýazgylary XV111 asyryň birinji ýarymyna degişlidir. Emma eposyň has irki döwürlere degişli ýazgylarynyň hem bar bolan bolmagy mümkin diýlip çaklanylýar. “Görogly” toplumyndaky eserleriň biziň döwrümize gelip ýeten ilkinji ýazgylarynyň biri 1721-nji ýylda Töwrizde ermeni elipbiýinde Ylýas Muşegýan tarapyndan amala aşyrylýar. Ol şol döwürde Töwrizde we Töwriz sebitlerinde türki dillerinde aýdylýan aýdymlary toplap, olaryň golýazma ýygyndysyny taýýarlapdyr. Şol golýazmada Koroglynyň (Göroglynyň) ady bilen şygyrlar, aýdymlar ýerleşdirilipdir. X1X asyrda Görogly hakyndaky rowaýatlar, aýdymlar gruzin halkynyň arasyna-da ýaýrapdyr. XX asyryň başlarynda “Görogly” eposynyň köp ýazgysy azerbaýjan bagşylaryndan (aşuglaryndan) ýazylyp alynýar. 101 Ýokarda getirilen mysallar “Görogly” eposynyň Zakawkazýä giňden ýaýrandygyna we halk köpçüligi tarapyndan oňat garşylanandygyna şäýatlyk edýär. Eposyň köp şahasy Özbegistanda ýazylyp alynýar. Göçürilen wagty X1X asyra degişli bolan “Görogly” golýazmasy göwrümi taýyndan tapawutlanýar. Arap elipbiýindäki bu golýazmada türkmen dessanlarynyň dili we stili doly saklanylýar.Golýazmadaky eser türkmen eposynyň aýry-aýry bölümlerine has ýakyndyr. Görogly hakyndaky eserler türkmenlerde, özbeklerde, täjiklerde, garagalpaklarda, gazaklarda, şeýle hem Zakawkazýede dürli aýdyjylaryň dillerinde dürlüçe ýaňlanýar.Olaryň hemmesinde-de Görogly we onuň egindeşleri ýurt goraýan,adalat üçin göreşýän watançy ýigitler hökmünde hereket edýärler. Türkmen milliligi alamatlandyrýan ruhy gymmatlyklara baý halk. Watansöýüjilik, gahrymançylyk, agzybirlik, ynsanperwerlik, zähmetsöýerlik, ula hormat goýmak, kiçini sylamak ýaly asylly häsiýetler halk döredijilik eserlerine-eposlardyr dessanlara siňdirilipdir. Bu milli aýratynlyklar “Oguznama”,”Gorkut ata”,”Görogly” ýaly eposlarda örboýuna galýar. Eposlarda halkymyzyň örän gadymy we orta asyrlardaky ynançlary, däp- dessurlary, durmuş ýagdaýlary şöhlelendirilýär. Olar Watan, toprak üçin alnyp barlan göreşleriň, geljek hakdaky arzuw-islegleriň aýnasy hökmünde uly ähmiýete eýedir. Gahrymançylykly bu eposlar türkmeniň milli guwanjyna öwrülipdir. Epos daşky görnüsi boýunça dessanlara çalymdaş. Dessanlarda bolşy ýaly, eposlarda-da kyssa bilen şygyr gezekleşip gelýär.Onuň kyssa bölegi wakalary görkezip, sýužetini ösdürýär. Şygyrlar gahrymanlaryň içki dünýäsini açyp görkezýär,başga hadysalara,adamlara gatnaşygy-da çeper dilde ýüze çykarýar. Daşky meňzeşikleriň bardygyna garamazdan, eposlaryň dessanlardan tapawutly aýratynlygy-da bar: Download 5.01 Kb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling