Hojamyrat Goçmyradow


Download 5.01 Kb.
Pdf ko'rish
bet71/112
Sana31.01.2024
Hajmi5.01 Kb.
#1827884
1   ...   67   68   69   70   71   72   73   74   ...   112
Bog'liq
Goçmyradow H~Türkmen halk döredijiligi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

Şeýle gulaga ýakymly
Sözledim gözel ýigrimbäş, 
Niçe owazyň çekimli,
Yzladym gözel ýigrimbäş. 
Oguz han hemişe söz bilen iş salşypdyr. Ol pähim-paýhasa daýanypdyr, 
çeper edebiýat onuň baş maslahatçysy bolupdyr. Ol uly ýurduň şasy, gylyjyny 
gynyndan çykarmagyň deregine, gursagyndan Allanyň salan sözlerini çykarýar. 
Oguz han “Elime ýarag alman, süýji dil bilen halky ýola saldym” diýýär. 
“Oguznama” eposyndan Oguz hanyň obrazyny öwrenmek bilen onuň şu 
aşakdaky şahsyýet-sypatlaryny kesgitlemek bolýar: 
Birinji şahsyýet sypaty: Oguz han täze milli ynanjy döredýär.Şol ynanç 
bilen jemgyýeti özgerdýär, täze jemgyýetçilik ahlagyny döredýär. 
Ikinji şahsyýet sypaty: Oguz han beýik serkerde. Ol güýçli goşuna
parasatlylyk bilen ýolbaşçylyk edýär. Döwletiň bitewiligini gazanyp, ony
duşmanlardan goraýar. 
Üçünji şahsyýet sypaty: Oguz han beýik syýasatçy. Özüne tabyn eden 
ýurduny hoşsözlülik bilen dolandyrýar. 
Dördünji şahsyýet sypaty: Oguz han taryhy şahsyýet. Ol Nuh 
pygamberiň uly ogly Ýafesiň çowlugy. Ol Ýafesiň ogly Dub Ýabgu hanyň
Garahan diýen oglundan bolýar. 
Bäşinji şahsyýet sypaty: Oguz han guramaçy ýolbaşçy. Ýurtda 
agzybirligi saklaýar, toprak, dil hakyndaky pähimleri bilen adamlaryň ýaşaýyş-
durmuş şertlerini, ruhy-ahlag ýagdaýyny gowylandyrýar. 
Garaşsyz hem baky Bitarap milli döwletimiz berkarar edilende, onuň 
kada-kanunlary işläp düzülende, nesilbaşymyz Oguz handan nusga alnyp,
ýurdumyz dünýädäki ösen ýurtlaryň hataryna goşuldy.


108 
“Gorkut ata” eposy we onuň öwrenilişi 
“Gorkut ata” türkmenleriň gahrymançylykly taryhy eposydyr. “Gorkut 
ata” bilen gyzyklanýan dünýa alymlary bu eseriň käbir bölüminiň biziň 
eýýamymyzyň V-V1 asyrlaryna çenli dörändigini nygtaýarlar. Gorkut atanyň 
V1 asyryň ahyrlaryndan V11 asyryň ortalaryna çenli ýaşap geçendigi barada 
hem maglumat bar. 
“Oguznama”, “Görogly” eposlary ýaly, “Gorkut ata” hem Merkezi 
Aziýada –oguz türkmenleriniň ata Watanynda döreýär. Eseriň aslynyň 
türkmenleriňkidigi hem subut edilýär. Gündogarşynas Ýe.E. Bertels eposyň 
türkmenleriňkidigini şeýle düşündirýär: “Göçüriji kitabyň dilini täzeleşdiren 
hem bolsa,her hili hem bolsa, onda dürli türkmen şiwelerinde häzire çenli 
ulanylyp 
gelýän 
gaty 
köp 
sözler 
galypdyr. 
Bu 
bolsa 
kitabyň 
türkmenleriňkidigini açyk görkezýär”. 
“Gorkut ata” türki dilli halklaryň kemala gelmeginde uly ähmiýeti bolup, 
şol halklaryň ýaşaýşynyň, durmuşynyň özboluşly beýanydyr.Halkymyzyň ruhy 
medeniýetiniň, giň dünýägaraýşynyň, ynsanperwerlik häsiýetiniň arassa 
çeşmesidir. Türkmen halkynyň gadymy taryhyny, jemgyýetçilik gurluşyny,däp-
dessuryny, ahlak durmuşyny görkezýän eposdyr. 
Epos Gorkut rowaýaty esasynda döreýär. Rowaýatlar oguz ozanlary 
tarapyndan düzülýär. Kitabyň başyndan aýagyna çenli Gorkut ata hereket edýär. 
X1-X11 asyrlardan oguz türkmenleriniň Günbatara köpçulikleýin göçüp 
gitmegi sebäpli, şol ýerlere düşen “Gorkut ata” eposyň ýerli görnüşleriniň-de 
döremegine getirýär. XV-XV1 asyrlarda Akgoýunly we Garagoýunly türkmen 
döwletleriniň çäklerinde “Kitaby dädem Gorkut” kitaby döreýär. 
Eseriň haçan ýazylyp, haçan gutarylandygy barada belli bir anyk pikir 
ýok. Pikirler dürli-dürli.Gündogarşynas alymlar eseriň käbir bölüminiň V-
V1asyrlarda 
döredilendigini, soňra timarlanyp, üstüniň ýetirilendigini 
tassyklaýar. “Gorkut atanyň”V11-1X asyrlaryň, yagny üç asyryň ýedi ýüzünji 
ýyllarynyň aralygynda, başky boýlarynyň has irki asyrda ýazuwa geçirilendigi 
barada hem maglumat bar. Türkmen alymy M.Kösäýewiň pikiriçe, eposyň käbir 
bölümi X-X1 asyrlara degişlidir 
Epos döränden soň, onuň birnäçe gezek göçürilendigi hakykat. Munuň 
şeýledigini alymlar gaýta-gaýta tassyklaýar.Alym H. Görogly özüniň ylmy 
işlerinde eposyň göçürilen ýyllarynyň biriniň 1482-nji milady ýylyna 
düşýändigini tassyklaýar. Alym R.Rejebow hem “Gorkut ata” eposyna XV 
asyrda el gatylyp, täzeden işlenilendigini ýazýar. Türk alymy M.Ergin “Däde 
Gorkut kitabynyň” oguz hekaýatlarynyň ýygyndysydygyny, onuň XV1 asyryň 
başlarynda ýazga geçirilendigini nygtaýar. 
“Gorkut ata” eposynyň many-mazmuny-da “Manas”, “Kyrk gyz”, 
“Alpamyş” ýaly iri göwrümli eserler bilen deň hatarda goýulýar. Onuň hem 


109 
sebäbi “Gorkut atanyň” mundan 1500 ýyldan gowrak ozal döräp, bu eserleriň-
de baýlaşmagyna çeşmelik hyzmaty edenligindedir. 
“Gorkut ata” bilen “Manas”dessanlar topary bir döwürde- kaganlar 
döwründe dessan görnüşine getirilipdir. Eserde gypjak dessançylyk däbi,ýagny 
wakany, hereketi, duýgy-düşünjäni ak goşgy bilen beýan etmek saklanyp 
galypdyr. Dessandaky şygry türkmen şygyr sungatynyň başlangyjy hasaplamak 
bolar. 
“Gorkut ata” eposyndaky rowaýatlaryň käbiri beýleki halklaryň iri 
göwrümli eserlerindäki rowaýatlar bilen utgaşýar. Eserdäki Bamsy Beýrek 
baradaky rowaýat- özbekleriň hem garagalpaklaryň “Alpamyş”, gyrgyzlaryň 
“Manas”, altaýlylaryň “Alp- Manaş”, gazaklaryň hem başgyrlaryň “Alpamyş” 
eposlarynda gabat gelýär. 
“Oguznamalar” gadymy ata-babalarymyzyň aňynda ýaşap gelen eposa 
çeşme bolup hyzmat edipdir. Araplar otparazlyk ruhy bilen baglanyşykly 
eserleri ýoklaýarlar. Şolaryň arasynda “Oguznamalar” bilen baglanyşykly 
eserleriň hem ýok edilen bolmagy mümkin. Şeýlelikde, sekiz asyr döwletsiz 
bolan türkmene “Gorkut ata” asyl nusgada, doly görnüşde gelip ýetmedi. 
Häzirki “Gorkut ata” bitewi, doly eser däl. Ol eposyň asyl nusgasynyň diňe bir 
bölegi. Gorkut atanyň “Oguznamalarda” getirilmegi hem bu eseriň beýleki iri 
göwrümli eposlar bilen baglanyşykly bolandygyna şaýatlyk edýär. 
Reşideddiniň (X111 asyr), Salar Babanyň ( XV1 asyr ), Abulgazynyň (XV11 
asyr) “Oguznamalarynda” Gorkut atanyň Gündogarda ýaşap hem döredip 
geçendigi aýdylýar. Gyrgyz rowaýatlarynda Gorkut ata Horhut diýibem 
atlandyrylýar. Onuň mazarynyň Syrderýanyň aşaky akymlarynda ýerleşendigi 
barada maglumatam bar. 
“Oguznamalarda” türkmenleriň gaýy taýpasyndan bolan Gorkut atanyň 
Merwde ýaşandygy, Oguz hanyň, Salyr Gazanyň weziri bolandygy barada-da 
maglumat berilýar. Ol mundan başga-da, birnäçe patyşanyň weziridir. 195 
ýaşan Gorkut ata Oguz hanyň döwürdeşidir. Gorkut ata ýaly Salyr Gazan, 
Burla hatyn hem taryhy şahslar bolupdyr. Salyr Gazan hakdaky hekaýatlar salyr 
taýpalarynyň arasyna ýaýrapdyr. 
“ Gorkut ata” birnäçe boýlardan (şahalardan) ybarat. Onuň üç sany 
nusgasy (Drezden, Watikan, Çowdur) bolup,olar hem boýlary boýunça biri-
birinden tapawutlanýar. Drezden nusgasynda 12, Watikan nusgasynda 
6,Çowdur nusgasynda hem 16 boý bar. Drezden nusgasy esasydyr. Watikan 
nusgasy ondan göçürmedir, ýagny ýardam beriji nusgadyr. Çowdur nusgasy-da 
özboluşlydyr. Eseriň her boýy özbaşdak pikiri ündeýär. Käbir gahryman hemme 
boýda-da hereket edip,hemmesiniň jeminden bitewi bir eser emele gelýär. 
Eposyň boýlar toplumy gadymy kyssa eserleriniň biridir. Eseriň aglaba 
boýy orta asyrlar taryhy bilen baglanyşyklydyr. Olaryň dowamy soňra eposlara, 
dessanlara sepleşip gidýär we olara täsirini ýetirýär. 


110 
X1X asyryň başlaryndan dünýä alymlary “Gorkut ata” eposy bilen 
gyzyklanyp başlaýar. 1815-nji ýylda Germaniýanyň Drezden şäherinde onuň 12 
boýy (şahasy) tapylýar. Nemes gündogarşynasy Dis eposy içgin öwrenýar we 
nemes diline terjime edip, dünýä edebiýatyna girizýär. Soňra Watikandan eseriň 
6 boýy tapylýar. Watikan nusgasyny Fleýşner, Reýsle ýaly alymlar öwrenýär. 
“Gorkut atanyň” doly teksti 1915-nji ýylda Ystambulda neşir edilýär. 
Eposyň Ystambulda çykan nusgasy esasan Germaniýanyň Drezden muzeýindäki 
hem Watikan nusgalary peýdalanylyp ýazylypdyr. “Gorkut ata” soňra türk 
alymy M. Ergin tarapyndan üç gezek gaýtadan çap edilýär. Birinji çap 1958 -nji 
ýylda, ikinji çap 1964-nji ýylda, üçünji çap hem 1986-njy ýylda okyjylara
hödýrlenilýär. 
Alym W.W. Bartold epos bilen gysyklanýar we onuň Drezden nusgasyny 
göçürip alyp, ony 1922-nji ýylda rus diline terjime edýär. Emma terjime edilen 
kitap W.W. Bartold dirikä çap edilmän galýar. Ozalky SSSR Ylymlar 
akademiýasynyň neşirýaty kitaby 1962-nji ýylda çykarýar. 
Kitapda eposyň 12 şahasynyň W.W.Bartold tarapyndan rus diline 
terjimesi, ol kitap barada W.W.Bartoldyň hut özüniň,A.Ýu. Ýakubowskiniň, 
W.M..Žirmunskiniň makalalary ýerleşdirilipdir. Uzak wagtyň dowamynda neşir 
edilmän gelnen bu eposyň mazmuny bilen okyjylary tanyşdyrmakda bu kitabyň 
ähmiýeti uludyr. 
“Kitaby dädem Gorkudyň” aýry-aýry meseleleri Azerbaýjanyň alymlary 
tarapyndan hem işlenildi we 1939-njy ýylda Bakuwda çap edildi. 
“Kitaby dädem Gorkut” eposyny düýpli işlänleriň biri-de alym 
H.Görogludyr.Ol bu epos barada ilki “Sowet edebiýaty”(“Sowetskaýa 
literatura”, M.,1972g.) kitabynda maglumat berýär. Awtor geçiren ylmy 
derňewleri esasynda “Kitaby dädem Gorkut” eposynyň takmynan XV asyryň 
aýaklarynda, XV1 asyryň başlarynda ömri we işleri belli bolmadyk Abdylla 
diýen adam tarapyndan düzülendigini tassyklaýar. H.Görogly eposyň oguz 
taýpalaryna degişlidigini bellemek bilen, şol oguzlaryň soňra türkmen, 
azerbaýjan we türk halklarynyň düzümine esas bolup girendigini we ahyrky 
netijede bu eposyň şol üç halkyň medeni umumylygyny özünde jemleýändigini 
nygtaýar. 
H. Görogly soňra “Kitaby dädem Gorkut” hakynda ýörite ylmy iş ýazyp, 
“Oguz gahrymançylyk eposy”(“Oguzskiý geroiçeskiý epos”, M.,1976g). 
kitabyny neşir etdirdi. Ol eposy ýazmak üçin Moskwanyň, Sankt-Peterburgyň, 
Bakuwyň, Aşgabadyň, Daşkendiň, Ystambulyň kitaphanalarynda bolýar. Gorkut 
ata degişli maglumatlary toplaýar, golýazmalary öwrenýär. 
“Oguz gahrymançylyk eposy” birnäçe bölümden ybarat bolup, “Kitaby 
dädem Gorkudyň” temalary, sýužetleri, çeperçilik aýratynlygy barada gürrüň 
berilýär. Ylmy kitapda Reşideddiniň, Salar Babanyň, Abulgazynyň 
“Oguznamalary” biri-biri bilen degşirilýär. Bu kitapda şeýle hem XV asyr 


111 
taryhçysy Ýazyjy ogly Alynyň “Oguznama” eseri, X111-X1V asyrlarda gypjak 
türkmenleriniň arasyna ýaýran “Çingiznama” eposy barada aýdylýar. 
Türkmen alymlary “Gorkut ata” eposy bilen XX asyryň 20-nji ýyllarynyň 
ahyryndan gyzyklanyp başlaýar. Alymlar tarapyndan eposyň öwrenilişini dört 
sany döwre bölmek bolýar: 

Download 5.01 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   67   68   69   70   71   72   73   74   ...   112




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling