Hojamyrat Goçmyradow


Bäri gelgin, başym bagty, öýüm tagty


Download 5.01 Kb.
Pdf ko'rish
bet77/112
Sana31.01.2024
Hajmi5.01 Kb.
#1827884
1   ...   73   74   75   76   77   78   79   80   ...   112
Bog'liq
Goçmyradow H~Türkmen halk döredijiligi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

Bäri gelgin, başym bagty, öýüm tagty, 
Öýden çykyp, ýöriýende selbi boýlym, 
Topugynda sarmaşanda gara saçlym, 
Gurulgy ýaýa meňzär, çatma gaşlym, 
Goşa badam sygmaýan dar agyzlym, 
Güýz almasyna meňzär al ýaňaklym, 
Hatynym, wiregim,tüwlegim… 
Derse hanyň aýalyna ýüzlenip aýdan sözleri örän täsirli. Bu sözler onuň 
ýanýoldaşyna garaýşyny görkezýär. Derse han soňra Baýyndyr hanyň toýunda 
bolan wakany gürrüň berýär we bu meselede aýaly bilen geňeşýär. 
Derse han aýalynyň maslahaty bilen “Aç görse, doýurýar, ýalaňaja don 
edýär, borçlyny borjundan gutarýar, uly toý edýär”. Şeýlelikde, bir agzy 
dogalynyň dilegi bilen onuň ogul perzendi dünýä inýär. 
Derse hanyň aýalyna garaýşy, geňeş salmagy, onuň maslahaty bilen 
bolmagy at-abraýyny, il içindäki hormatyny artdyrýar. 
Eposda aýal-gyzlaryň obrazlary-da oňat berlipdir. Eserde aýal-gyzlar 
perzentlerini janlaryndan hem eziz görýäler, adaglylaryna we ýanýoldaşlaryna 
örän wepaly. Olaryň hiç biriniň hem göwnünde ikilik ýok. Şunuň bilen birlikde, 
aýallaryň perzentleri hem olara wepalylyk görkezýär. Aýal-gyzlaryň 


121 
goragçylary hökmünde olara mydama howandarlyk we hossarlyk gollaryny 
uzadýar. 
Eserde aýal-gyzlaryň batyrlygy, edermenligi beýan edilýär. Olar öz 
ärlerinden hiç bir derejede kem oturmaýar, at debsäp, ýarag ulanmakda-da 
edermenlik görkezýär. 
Şeýle sypatlar geçmişde türkmen aýal-gyzlarynyň obrazlarynyň nähili 
bolandygyna şaýatlyk edýär. Dünýä edebiýatynda hem aýal-gyzlaryň obrazy 
“Gorkut ata” eposyndaky ýaly oňat suratlandyrylmandyr. Gorkut ata ýagşy hem 
ýaman aýallar hakynda şeýle diýýär: “Öýüne myhman gelende, gelen myhmany 
hezzetläp, seni ýoksuratmaýan aýal miýesser bolsun…” ýa-da “Ertir bilen elin-
ýüzün ýuwman… elini bykynyna diräp: “Şu öý gurasyn. Äre çykalym bäri doýa 
garnym doýmady, ýüzüm gülmedi, aýagym paşmak, ýüzüm ýaşmak görmedi. Şu 
bir ölse, men hem başga birine barsam” diýýän aýal duşmasyn,gapyňyzdan 
barmasyn”. 
“Gorkut ata” eposynyň “Salyr Gazanyň öýüniň talanylmagy” boýunda 
Burla hatynyň obrazynyň üsti bilen aýal edermenliginden, mertliginden, 
wepalylygyndan, akyl- paýhasyndan, çydamlylygyndan söz açylýar. 
Burla hatyn - Salyr Gazanyň aýaly. Ol edermen, gaýratly hem wepaly 
zenan. Takdyra ten berip oturmaýar. Öz ykbaly üçin hereket edýär. Maşgala 
namysyny goramagy mukaddes hasaplaýar. Burla hatyn garry enesi, ogly Oraz, 
40 kenizi bilen Salyr Gaznayň duşmany Şökli Melege ýesir düşende, 
edermenligiň hem wepalylygyň ajaýyp nusgasyny görkezýär. Türkmen 
zenanynyň ar- namysynyň buýsançly baýdagyny ýokary göterýär. 
Eserde adaglysyna, ýanýoldaşyna garaşmak häsiýeti-de oňat beýan 
edilýär. “Baýbüre beg ogly Bamsy Beýrek” boýunda Bamsy Beýrek Baýbijanyň 
gyzy Banu Çiçek bilen ýaryşda (atda ok atyşmakda, göreş tutmakda) ýeňip, 
Banu Çiçege öýlenmekçi bolýar. Bamsy Beýrek ýesir edilip äkidilýär. 
Şeýlelikde, ol 16 ýyl tussaglykda oturýar. Banu Çiçek hem şonça wagtlap, onuň 
ýoluna garap oturýar. Şeýle mysaly Tarabozan hanynyň gyzy üçin Hantöreliniň
göreşi bilenem baglanyşdyryp bolar. Hanyň gyzy görkli-görmekli, ýaý çekip, ok 
atmany başarýar.Gyzyň şertine görä, arslan, gara bugra ýaly haýwanlary ýeňip, 
şerti ýerine ýetirýär we gyzy alyp gaýdýar.Ýolda söweş bolýar. Şonda Seljan 
hatyn Hantörelä garanda uly edermenlik görkezýär. Ol hakda şeýle diýilýär: 
“Seljan hatyn duşman üstüne at saldy, öňüne düşen ýagyny basdy, gaçany 
kowmady, aman diýeni öldürmedi.” 
Aýal-gyzlaryň edermenliginiň ýokary çägi “Döwhe goja ogly Däli 
Domrul” boýunda beýanyny tapýar. Boý hyýaly häsiýetde. Munda Alladan 
başga-da, Ezraýyl gahryman hökmunde gatnaşdyrylýar. Däli Domrul bir ýigidi 
üçin Ezraýyldan ar almak isleýär. Emma Hak tagallanyň buýrugy boýunça 
Ezraýyl Däli Domrulyň janyny almakçy bolýar. Däli Domrul jan soraýar, onuň 
ene-atasy hem janyny bermek islemeýär. Däli Domrulyň aýaly öz äriniň 
janynyň ýerine öz janyny bermäge razy bolýar. Ýogsa, Däli Domrul ondan jan 


122 
talap hem etmeýärdi. Ol ärine:”Meniň janym seniň janyňa gurban bolsun” diýip, 
ölume taýýarlanýar. Emma Allanyň eradasy bilen olaryň hersine 140 ýaş 
berilýär. Bu ýagdaý maşgala agzybirliginiň, döwletliligiň nyşanydyr, aýal-
gyzlaryň mertebesini belende göterýän ýagdaýdyr. 
Eposda oguz gelin-gyzlarynyň owadanlygy, belent adamkärçilik 
sypatlary, edep-ekramy, akyl-paýhasy,erkekler bilen deň durup, ata çykyp, eline 
gylyçdyr naýza alyp, duşman bilen ýüzbe-ýüz durşy taryplanýar. Umuman, 
Burla hatynyň, Banu Çeçegiň we beýleki gelin-gyzlaryň obrazlarynda
mertligiň, gahrymançylygyň, wepalylygyň nusgasyny görkezmek bolýar. Derse 
hanyň aýaly, Däli Domrulyň aýaly-bularyň ählisi hem nesillerini gowy öwüt-
ündewler bilen terbiýeläp bilen zenanlardyr. 

Download 5.01 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   73   74   75   76   77   78   79   80   ...   112




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling