Hojamyrat Goçmyradow
Download 5.01 Kb. Pdf ko'rish
|
Goçmyradow H~Türkmen halk döredijiligi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy
Körhan ogly Ugurjyk alp,
Gyrdy türk ilin at salyp, Görogly oňa at galyp, Paç alyp geçdi sag-soly. Şeýdaýynyň goşgysyndaky Körhan ogly Ugurjyk alp baradaky maglumaty Abulgazy Bahadurhanyň “Şejerei terakime”eserinde-de gabat gelýär. Alym M.Kösäýew Ugurjygyň hereketleriniň köpüsiniň eposdaky Göroglynyň hereketlerini ýatlatýandygyny belleýar. Alym A.Bekmyradowyň pikiriçe, eposyň baş gahrymany ilkibaşda Ugurjyk ýa-da Ogurjyk diýlip atlandyrylypdyr. Soňra oňa Şeýdaýynyň ýazyşy ýaly, Körogly ady berlipdir. A.Bekmyradowyň “Göroglynyň yzlary”(Aşgabat,1988ý.) ylmy işinde eposyň baş gahrymany Göroglynyň taryhyň gatlarynda galdyran yzlary derňelýär.Taryhdan Göroglyny gözlemek soňky döwürde ýüze çykan mesele däldir. Bu babatda köp sanly ylmy işler ýazylyp, ylmy dolanyşyga-da girizildi. A.Bekmyradow alym B. Garryýewiň eposyň taryhy kökleriniň jelalylar gozgalaňyna direýändigi baradaky pikirini goldamak bilen, eposyň taryhy köklerini öwrenmekde säwliklere ýol berlendigini-de ýazýar.Awtoryň pikiriçe, eposyň belli bir nusgasyna üns berlip, onuň milli nusgalary tutuşlygyna jikme- jik öwrenilmedi. Eposa belli bir döwrüň önümi hökmünde garaldy. Awtor eposyň ýüze çykyşyny hem-de ösüşini döwürlere görä yzarlamalydygyny nygtaýar. 129 Bu ylmy kitapda türkmen gahrymançylyk eposynyň gözbaşynda oguznama hekaýatlarynyň durandygy barada A.N. Samoýlowiçiň, Ýe.E. Bertelsiň aýdan pikirleri öňe sürülmek bilen, çeperleşdirilen taryhy hakykatyň esaslaryny şol döwürlerden alyp gaýtmalydygy-da bellenilýär. Türkmen alymlary “Görogly” eposynyň döreýiş taryhyny öwrenmek bilen bir hatarda, eserde ulanylan çeperçilik serişdeleri, obrazlaryň ösüş, kämilleýiş etaplaryny, hyýaly güýçleriň hem elementleriň (Baýmyradow A. “Epiki obrazda ewolüsiýa. “Görogly” eposyndaky Öweziň obrazynyň mysalynda,” Aşgabat,1980ý.), (Durdyýewa A.“Görogly”eposynda fantastika”. Aşgabat, 1981ý.) täsirini hem derňediler. “Görogly” halklar arasyna giň ýaýran eser. Onuň 44 şahasynyň bolandygy çaklanylýar. Türkmenistanyň Milli golýazmalar institutynda bagşylardan ýazylyp alnan şahalaryň sany XX asyryň 50-nji ýyllarynda 20-ä ýetipdi. Häzirki wagtda eposa degişli 200 çap listi töweregi material bar. Golýazmalar institutyndaky nusgalar bagşylardan, gepe çeper adamlardan, dessançylardan ýazylyp alnypdyr. Ýöne welin materiallardaky wakalar meňzeş däl. Göroglynyň ady-da käbirinde “Görogly” diýilip alnan bolsa, başga bir materialda “Kerogly”, “Körogly”,”Görogly sultan”, “Görogly beg”, “Röwşenweli” diýen atlar bilen berilýär. Eposyň dürli atlardaky milli nusgalary eseriň ýaýran ýerlerindäki halklaryň özara gatnaşygyndan, halk döredijiliginiň özara täsirinden, halklaryň gelip-çykyş taryhy boýunça ýakynlygyndan habar berýär. Şeýlelikde, bu epos türki hem Gündogar halklarynyň köküni bir köke baglaýan ýadygärlige öwrüldi. “Görogly” eposy irki döwürlerden neşir edilip hem başlandy. Epos ilkinji gezek 1902-nji ýylda Kazanda (“Hekaýaty – “Görogly soltan”), soňra 1915-nji ýylda Daşkentde (“Kyssaýy – “Görogly soltan”) arap harpynda neşir edilýär. “Görogly”eposyny türkmen dilinde neşir etmek ilkinji gezek XX asyryň 40-njy ýyllarynyň başynda ýola goýuldy. 1937-nji ýylda folklorçy Ata Çepow Görogly etrabyndan (ozalky Tagta) Pälwan bagşydan eposyň 12 şahasyyny ýazyp alýar.Ata Gowşudow 12 şahanyň ýanyna ýene bir sany şaha goşup, “Görogly” eposyny 1941-nji ýylda çapa taýýarlady we şol ýyl hem eser neşir edildi. Eposy neşire taýýarlaýjy halk çeperçiliginiň aýratynlygyny saklamak üçin çalyşdy. Ata Gowşudow “Görogly” eposynyň ilkinji neşirine ýazan sözbaşysynda eseriň türkmen halkynyň arasyndaky meşhurlygyny, çapa taýýarlanyşyny beýan edýär.Bu neşir şowly bolup çykýar. Ol häzirki günlerde hem eposyň öwrenilmeginde esasy çeşme bolup durýar. “Görogly” eposy ikinji gezek 1958-nji ýylda neşir edilýär.Bu neşir 1941- nji ýylda çap edilen epos esasynda taýyarlanylýar. Ondan başga-da Stawropol, Çärjew (häzirki Türkmenabat), Daşoguz, Krasnowodsk (häzirki Türkmenbaşy), Leningrad (häzirki Sankt-Peterburg, fotokopiýa) nusgalaryndan,Daşkent, Ufa,Kazan daş- basmalaryndan peýdalanylýar. 130 Eposyň bu neşiri 14 şahadan ybarat. Oňa täze “Serwijan”,”Gulaýym we “Ärhasan” şahalary girizildi. Alym N. Aşyrow eposyň 1958-nji ýyldaky neşirine ýazan sözbaşysynda eseri deňeşdirip öwrenmegiň ähmiýetini aýratyn nygtady. “Göroglynyň” 1990-njy ýyldaky neşirinde eposyň şahalarynyň sany 20-ä ýetirildi. Bu neşire “Öwez we gyrat”,”Ärhasan hem Tellihan”,”Öweziň ogly Nuraly”, “Görogly beg bilen Dawut Serdar” ýaly täze şahalar goşuldy. Daşoguz, Lebap, Tagtabazar sebitlerindäki, Stawropol türkmenleriniň bagşylaryndan ýazylyp alnan “Görogly hem Baly beg”, “Tebli batyr”ýaly täze şahalar hem girizildi. Ýurt Garaşsyz bolansoň, “Görogly” eposynyň öwrenilişine täzeçe çemeleşilýär. Eposyň täze tapylan şahalary ýurdumyzyň edebi neşirlerinde çap edilýär. Folklorçy Ata Rahmanow eposyň şahalaryndan köp sanly çowdur nusgasyny (“Göroglyny halas ededir”,”Görogly 40 müňleri ýeňedir”, “Ärogly”, “Ganogly” we ş.m.) toplady. Türkmen alymlary türk alymlary bilen bilelikde, “Görogly” eposy barada uly ylmy işi neşir etdiler. Türkiýede “Göroglynyň” 8 tomy (Ankara, 2000ý.) çykdy.Täze we köne elipbiýide türkmen hem türk dillerindäki eposyň esasyny eseriň 1941-nji ýyldaky neşiri tutýar. “Görogly” eposynyň köp nusgalylygy, onuň täzeçe öwrenilip başlanmagy,ýurduň çäklerinde täze tapylan şahalar hem birleşdirilip, alymlaryň güýji bilen 25 şahany birleşdirýän ýeke-täk ýygyndyny neşir etmäge mümkinçilik döredýär. Download 5.01 Kb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling