Hojamyrat Goçmyradow


“Görogly” eposynda aýal-gyzlaryň obrazy


Download 5.01 Kb.
Pdf ko'rish
bet88/112
Sana31.01.2024
Hajmi5.01 Kb.
#1827884
1   ...   84   85   86   87   88   89   90   91   ...   112
Bog'liq
Goçmyradow H~Türkmen halk döredijiligi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

 
“Görogly” eposynda aýal-gyzlaryň obrazy 
“Görogly” eposynda aýal-gyzlar meselesine aýratyn üns berilýär. Eserde 
aýal-gyzlara uly orun berilmegi geçmişde jemgyýetiň dürli ugurlarynda olaryň 
uly hyzmatynyň bolandygyna şaýatlyk edýär.Şonuň üçinem olaryň obrazyny 
ýörite temada öwrenmek maksada laýyk bilindi. 
Eposda öz eliň, öz islegiň boýunça gurlan maşgala durmuşynyň zorluk 
esasynda gurlan durmuşdan tapawutlanýandygy baradaky mesele okyjynyň 
ünsüni özüne çekýär. Dogry, eserdäki söýgi özüniň başlanyşy jähetden birnäçe 
halatda ertekiçilik däbini ýadyňa salýar. Biri-birini düýşünde görmegiň 
netijesinde ýigit bilen gyzyň arasynda söýgi sahypasy açylýar. 
Şeýle söýginiň ýüze çykmagyna sebäp bolýan esasy zat hem gözellik, 
gaýduwsyzlyk, saza hem söze ökde bolmak, pähim-parasat ýaly oňat 
sypatlardyr. Şu zatlar hem ýigit bilen gyzyň biri-birine gowuşmagynda, olaryň 
arasyndaky söýginiň berkemeginde uly ähmiýete eýedir. Bu ýagdaý esasan hem 
Görogly bilen Agaýunusyň, Ärhasan bilen Gulaýymyň arasayndaky söýginiň 
esasynda aýdyň duýulýar.Ylaýta-da, Görogly bilen Agaýunusyň arasyndaky 
aragatnaşyk her bir jähetden çuň hem yzygiderli berlipdir. 
Jahan şanyň gyzy Agaýunus özüniň häsiýeti boýunça at üstünde gezýän, 
eline ýarag alyp, duşmana garşy göreşýän aýal-gyzlardan däl. Bu häsiýet başga 
birnäçe aýal-gyzlaryň üsti bilen (Gülaýym, Aýsoltan, we ş.m.) görkezilendigine 
görä, Agaýunusyň obrazy arkaly adamkärçiligiň başga taraplaryna üns berilýär. 
Eposda görkezilişine görä, ol özüniň perizatlygyndan, gözelliginden 
daşgary, pähim-parasatly,mähriban, tutanýerli we wepaly aýaldyr. Ol erkin 
ýaşaýşy, parahat durmuşy söýýär,bütin ömrüniň dowamynda erkinligi gorap 
saklamak ugrunda göreşýär. 
Agaýunusyň Görogla bolan näzik duýguşy, onuň pähim-paýhasy eposda 
göwnejaý suratlandyrylýandygy üçin okyja-da güýçli täsir edýär. Ol özüniň 


139 
ýakymly häsiýeti bilen hemme ýerde söýgüsine wepalylygyň, kyrk ýigide 
adamkärçiligiň, Öweze hem enelik mähriniň ajaýyp nusgasyny görkezýär. 
Agaýunus Göroglynyň gylyk-häsiýetini, ruhy keşbini oňat öwrenendigi 
üçin, ýüzüne sereden badyna, onuň göwnündäki pikirini we niýetini tiz duýýar, 
hemme ýerde onuň ýakyn ýarany, syr alyp-syr berişýän ýoldaşy hökmünde 
hereket edýär.Göroglynyň at-abraý hem-de söweşlerde ýeňiş gazanmagynda 
onuň uly hyzmaty bar. Agaýunusyň berýän maslahatlary iş ýüzünde gowy netije 
görkezýändigi üçin är-aýalyň arasyndaky söýgi hem gitdigiçe berkişýär. 
Görogly özüniň ýaşaýan ýurduna göwni ýetse-de, guwansa-da, 
perzentsizligi üçin kemsinmän durup bilmeýär. Ol:”Ýurdum duşdy welin, haýyp 
bagtsyz boldum” diýip, perzentsizlige bagtsyzlyk hökmünde garaýar: 

Download 5.01 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   84   85   86   87   88   89   90   91   ...   112




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling