Hojamyrat Goçmyradow


Niçe heder etdim, asyl bolmady


Download 5.01 Kb.
Pdf ko'rish
bet90/112
Sana31.01.2024
Hajmi5.01 Kb.
#1827884
1   ...   86   87   88   89   90   91   92   93   ...   112
Bog'liq
Goçmyradow H~Türkmen halk döredijiligi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

Niçe heder etdim, asyl bolmady, 
Geliň, indi söweşseňiz meň bilen- 
diýip, ýyldyrym çaltlygynda duşman ortasyna aralaşyp, gaýduwsyzlygyň 
nusgasyny görkezýär. Iň soňunda Göroglynyň kömege ýetişmegi bilen duşman 
ýygyny derbi-dagyn edilýär. 
Gülaýymyň öz atasyna garşy şeýle çykyş etmegini türkmen aýal-
gyzlarynyň geçmişdäki esasy häsiýeti diýip bellemek bolmaz. Şeýle-de bolsa, 
halkyň arzuw-islegini bildirmek maksady bilen,wakany şu röwüşde 
görkezmeklik hak işiň ýeňmegine bolan ynamy artdyrmakda ähmiýeti uludyr. 
Harmandäli eposyň esasy gahrymanlarynyň biri. Ol Rum welaýatynyň 
hany Arslan baýyň ýeke-täk perzendi. Güýçli pälwan hem bagşy. Ol aýdyşan 
bagşysyndan ýeňilse, göreşen pälwanyndan ýykylsa, genji-hazynasy bilen şoňa 
barjakmyş diýip jar çekdirýär.Hiç kim oňa gudaçylyga baryp bilmeýär. 
Harmandäli Göroglyny ýaryşa çagyrýar. Emma Görogly ýaryşyp,ondan 
ýeňilýär. Harmandäli onuň mertligine guwanyp öldürmeýär. Harmandäliniň 
batyrgaýlygy,söweşjeňligi, edermenligi eposyň okyjylaryny özüne çekýär. 
Leke patyşanyň gyzy Gülruhyň, Bezirgeniň uýasy Aýsoltanyň obrazlary-
da özboluşlydyr. Gülruh çendenaşa güýçli bolupdyr.Ol Göroglyny uzak ýere 
zyňmagy başarýar.Görogly ony ogullygy Öweze gelinlik üçin jadygöý kempiri 
ýeňip, ýedi gat derwezeden geçip alyp gaýdýar. Gülruh maşgalasyna wepaly, 
adamkärçilikli zenan. 


141 
Aýsoltan Bezirgeniň uýasy. Agasy Bezirgeni öldüren Görogludan 
ilkibaşda ar almakçy bolýar. Emma soňra Göroglynyň puşman edýänini bilip, 
onuň günäsini ötýär. Ol edermen, ygrarly zenanlaryň biri. 
Bibijan Arap Reýhanyň ýeke gyzy. Lälik ösen maşgala .Ol 9 köýnek 
geýýär, 20 günläp hem ýatýar. Görogly ony ýeňňesi Gülendamyň deregine alyp 
gaýdyp, agasy Genjime berýär. Bibijan paýhasly, batyr gyz. 
Serwijan Hüňkär patyşanyň gyzy. Ol Öweze aşyk bolýar. Soňra kyrk 
ýigidiň biri Mireme durmuşa çykýar. Ol edermen hem batyr gyz. Kakasynyň 
adalatsyzlygyny paş edýär. 
Gülşirin Göroglynyň kyýamatlyk uýasy. Ol mydama Agaýunusyň 
ýanynda bolýar. Gülşirin Göroglynyň duşmanyň eline düşendigini düýşünde 
görýär. (“Tebli batyr”şahasy) we onuň gözlegine çykyp tapýar. Gülşirin 
Görogla hem Agaýunusa wepaly zenan. 
Gülendam Göroglynyň ýeňňesi hökmünde, ýaşajyk Röwşene ene 
hökmünde seredýär. Göroglynyň halk gahrymany bolup ýetişmeginde 
Gülendamyň hyzmaty uly. Ol ynsanperwer hem paýhasly zenan. 
Umuman alnanda, eposdaky aýal-gyzlaryň obrazlarynyň terbiýeçilik 
ähmiýeti uly. 

Download 5.01 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   86   87   88   89   90   91   92   93   ...   112




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling