Hojamyrat Goçmyradow


Download 5.01 Kb.
Pdf ko'rish
bet89/112
Sana31.01.2024
Hajmi5.01 Kb.
#1827884
1   ...   85   86   87   88   89   90   91   92   ...   112
Bog'liq
Goçmyradow H~Türkmen halk döredijiligi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

Il-ulusym Çandybildir, 
Giň ýaýlagy gyzyl güldür, 
Görogly zürýatsyz guldur, 
Ykbalym-bagtym bolmady.
Emma Görogly perzent meselesinde Agaýunusyň göwnüne birjik-de 
degmeýär, gaýtam köp ýerde oňa göwünlik berýär. Görogly Agaýunus bilen 
mylakatly ýaşap, her bir işi maslahatlaşyp, onuň hormatyny saklaýan hem bolsa, 
käwagtlar onuň maslahatyny äsgermezlige salýar. Şeýle ýagdaýda Göroglynyň 
ýüzüni ýuwýan zat, öz ýalňyşyny mertlerçe boýun almagydyr. Goýberen hatasy 
üçin Agaýunusdan ötünç soraýar.Agaýunus hem bagyşlamagy başarýan zenan 
obrazlarynyň biridir. 
Agaýunus ogullygy Öweze hakyky ene hökmünde garaýar, ony 
öýlendirmegiň aladysyna çykýar.Agaýunusyň ýaşululara, däp-dessura hormaty-
da uly.Beýhuş edilip getirilen Gülruh, oýananda şerap dileýär. Şonda 
Agaýunus:”Gülruh jan, gyz halky, gelin halky gaýyn atasynyň, gaýyn enesiniň 
ýanynda geplemezek bolýandyr. Hudaýtagalanyň ýazan takdyryna boýun bolan 
ýagşydyr.Ýyglamak aýyp bolar” diýýär. Munuň özi musulmançylyga mahsus 
häsiýetdir. 
Görogly galada ýok wagty,duşman çozanda (“Serwijan”şahasy), 
Agaýunus kyrk ýigide maslahat-görkezme berip, asudalygy goraýar. 
Duýgurlygy hem öňdengörüjiligi bilen Göroglyny duşmandan (“Arap Reýhan” 
şahasy) halas edýär. 
Agaýunus örän geçirimli zenan. Görogly onuň diýenini etmän ýalnyşýar. 
(“Kempir”şahasy), emma ol şonda Görogluny bagyşlap, ýene maslahat berýär. 
Agaýunus mylakatly, hyzmatly gelin. Göroglyny ak pata berip ugradýar. 
Gelende bolsa güler ýüz bilen garşylaýar. Onuň şunuň ýaly ynsanperwer 
häsiýetleri Göroglyny ruhlandyryp durýar. 
“Görogly” eposynda aýal-gyzlar meselesine göz aýlanymyzda, olaryň 
Görogla we onuň ýigitlerine söýgi, mähir hem hormat bildirýändigini görmek 
bolýar. Olar hanyň,begiň, şanyň, soltanyň ýa-da baýyň gyzydygyna 


140 
garamazdan, öz islegleri boýunça durmuş gurmagyň tarapynda durýarlar. Bu 
mesele babatynda Arzyrum ýurdunyň patyşasynyň gyzy Gülaýymyň obrazy 
aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. 
Gülaýym pälwan zenan. Gylyjy bir uranda pili iki bölüp ýa-da ýeke özi 
uly goşuny yzyna gaýtaryp bilýär. Gülaýym aşylly maksat ugrunda hiç zatdan 
gorkmaýan, adalatsyzlyga garşy gaýduwsyz göreşýän batyr, edermen gyzlaryň 
obrazyny ýadyňa salýar. Okyjy Gülaýymyň şekilinde tutanýerliligiň, 
wepalylygyň ajaýyp göreldesini görýär. Gülaýymyň at münüp, ok atyşyna, 
howply ýerlerde aljyraman hereket edişine guwanýar. Bu ýagdaý, esasan-da 
Gülaýymyň öz atasynyň adalatsyz niýetine garşy edýän hereketleriniň üsti bilen 
(“Gülaýym we Ärhasan”şahasy) berilýär. 
Hasan şa gyzy Gülaýymyň Ärhasan bilen söýüşmegine, onuň bilen 
Çandybile gaýtmagyna garşy çykýar. Ol Ärhasanyň öldürilmegini, gyzynyň 
hem yzyna gaýtarylmagyny goşun serkerdeleriniň öňünde wezipe edip goýýar. 
Şu ýagdaý sebäpli ýolda ganly söweş başlanýar. Gülaýymyň hak iş üçin 
görkezen gaýduwsyzlygy, söýgülisine wepalylygy, esasan şu ýerde ýüze çykýar. 
Öz söýýän ýigidiniň agyr ýaralanmagy-da gujurly gyzyň gaýduwsyzlygyny 
gowşatmaýar. 
Gülaýym:”Men Ärhasanyň aryny atamdan ýa alaryn, ýa-da şonuň ýolunda 
ölerin” diýen maksat esasynda hereket edýär. Atasynyň dogry garşysyna baryp: 

Download 5.01 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   85   86   87   88   89   90   91   92   ...   112




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling