Hojamyrat Goçmyradow
“Görogly”eposynda obrazlar ulgamy
Download 5.01 Kb. Pdf ko'rish
|
Goçmyradow H~Türkmen halk döredijiligi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy
“Görogly”eposynda obrazlar ulgamy
“Görogly” eposynda özleriniň gylyk-häsiýetleri, adamkärçilik sypatlary boýunça biri-birinden tapawutlanýan çeper obrazlaryň giden ulgamy bar. Su temada erkek adamlardan bolan gahrymanlaryň obrazlaryny häsiýetlendirmek maksat edinilýär. “Görogly” eposynda hereket edýän Jygalybeg öz häsiýeti, berýän asylly maksatlary boýunça tejribeli türkmen ýaşulusynyň obrazyny ýadyňa salýar. Ol pähimli, paýhasly, salykatly adamlaryň häsiýetlerini özünde jemleýär. Jygalybegiň özi eposyň diňe başynda gelýär, emma onuň roly eseriň hemme ýerinde duýulýar. Göroglynyň her bir hereketinde atasy Jygalybegiň obrazy görünýär. Şonuň üçin hem eposyň ähli şahalaryna-da Jygalybeg gatnaşýan ýaly, asylly maslahatlaryny berýän ýaly duýulýar. Jygalybeg Çandybil ýurdunyň häkimi. Ol Genjim,Mömin,Adybeg ogullaryny ösdürip ýetişdirýär. Ýaşy birçene baransoň, ol: “Meniň ogullarymyň içinde iň bir kemallysy şu-Adybegim. Gel, indi şuny öz ornumda goýaýyn”- diýip, Adybegi ýurda soltan edýär. Hüňkär tarapyndan Jygalybegiň gözüniň oýulmagy,ortanjy ogly Möminiň öldürilmegi bu ýaşulyny birbada aljyraňňy ýagdaýa salýar. Jygalybeg agyr ýagdaýdan gutulmagyň ýeke-täk ýoly hökmünde ýaşajyk Röwşeni terbiýelemegiň ýollaryny agtarýar. “Indi başga alaç galmady, şu Röwşen oglumy ölmänkäm bir adam edip bilsem, maňa şol bolýar” diýip, ýaşajyk Göroglynyň sussuny pese düşürmezlige, ony watançy edip ýetişdirmeklige üns berýär. Jygalybeg ýaşajyk Görogla ok-ýaý ýasap berýär, at münmegi, at çapmagy, dost-duşmanyň kimdigini öwredýär. Jygalybeg atşynas, seýisçi. Görogla at ösdürip ýetişdirmegiň ýollaryny salgy berýär. Haçan-da, Göroglynyň taýy gaçyp gidende:”Sabyr et, taý hiç ýana gitmez”-diýip öwüt berýär. Eposyň başyndan halk öz gahrymanynyň gelip çykyşyny, onuň maşgala durmuşyny, alnyp barlan terbiýeçilik işini gysgajyk beýan edýär. Deň-duşlary bilen oýnan wagtynda, Göroglynyň çydamlylygy, gorkmazlygy hakynda gürrüň berilýär. Görogly agyr şertlerde, kyn ýagdaýlarda bişişýär, ösüp kemala gelýär. Jygalybegiň aladasy netijesinde halkyň wepaly ogly bolup ýetişýär. 135 Candybil halky Göroglyny ýakyn hossary hökmünde duşmana garşy göreşmekde özlerine serkerde edip saýlaýar. Halk bilen Göroglynyň arasynda ysnyşykly baglanysyk başlanýar. Göroglynyň obrazynda iň gowy häsiýetler jemlenýär. Ol serkerdelige saýlanylan soň ýanyna berlen kyrk atlysy bilen ýurt erkinligi, asudalygy, azatlygy ugrunda göreş alyp barýar. Keseki ýurduň üstüne sürünmeýär, öz ýurdyny goraýar. Görogynyň ilkinji söweşi özüni kemala getiren garry atasynyň aryny almak üçin Hüňkäriň garşysyna gönükdirilýär. Bu söweş Göroglynyň duşman garşysyna ilkinji çykyşydy. Sonuň üçin hem onuň görkezen gaýduwsyzlygy, uruş tilsimini ulanyşy, harby hünäri-bu saparky hereketinde aýdyň görünmeýär.Hüňkäre garşy göreş duşmanyň aw awlap ýören ogluny öldürmek we onuň ýanyndaky nökerlerini talamak bilen çäklenýär. Görogly Reýhan Arapdan ar alýan ýerinde (“Ar alyş” şahasy) ikinji gezek uly synagdan geçýär. Bu synag birinji synaga garanda, Göroglynyň mertlik, edermenlik we ugurtapyjylyk häsiýetini oňat görkezip bilýändigi bilen tapawutlanýar. Görogly Reýhan Arabyň üstüne ýöriş etmek bilen, ony öldürmegi maksat edinmeýär. Ol her kime öz eden etmişine görä gaýtawul bermek ýörelgesinden ugur alýar. Ýeňňesiniň ýerine Reýhan Arabyň gyzy Bibijany alyp gaýtmak bilen çäklenmeginiň düýp sebäbi-de şundadyr. Göroglyny çaknyşykda synap görmedik Reýhan Arap ony kowup tutmakçy bolýar we ele salmak üçin her hili mekirlige ýüz urýar. Emma Gögogly ätiýajy elden bermeýär. Mümkin boldugyça, gan dökmezlik üçin duşmanyň gepine görä gep gaýtaryp, “Hile hem bir batyrlykdyr ýerinde” diýen paýhas esasynda hereket edýär. Atasy Jygalybegiň öwreden akyl-paýhasyny iş ýüzünde peýdalanýar. “Duşman erjeldir, ol özünden ökde görmese ylalaşmaz” diýen many eposyň “Ar alyş” şahasynyň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Reýhan Arap hem aňsatlyk bilen Görogludan el üzmeýär. Halkyň öz gahrymanyny erjel edip görkezmeginiň, ony her hili adalatsyzlyga, kemsidilmä garşy barlyşyksyz adam edip ýetişdirmeginiň düýp sebäbi hem şundadyr. Görogly duşmanyna “Sary ýaýyň oky” bilen jogap bermegi saýlap alýar. Reýhan Arabyň kellesini pytratmak üçin çenelen ok Bibijanyň hatyrasy üçin onuň süýnüp gelýän atyna degýär. Reýhan Arap bäsdeşini ökde görup, pälinden gaýdýar. Göroglynyň gahrymançylykly hereketi Beýik Watançylyk urşunda türkmen ýigitlerine täsir etdi. Uruş döwründe mert gahrymanlar döredi. Mertlerçe wepat bolan Annagylyç Ataýewiň ýanyndan Görogludan: Download 5.01 Kb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling