Hojamyrat Goçmyradow


Şat bol il-halkyň göreňde


Download 5.01 Kb.
Pdf ko'rish
bet82/112
Sana31.01.2024
Hajmi5.01 Kb.
#1827884
1   ...   78   79   80   81   82   83   84   85   ...   112
Bog'liq
Goçmyradow H~Türkmen halk döredijiligi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

Şat bol il-halkyň göreňde
Sözün al geňeş berende
Bir garyp aglap duranda, 
Ýanynda gülüji bolma.- 
diýip, Göroglyny watançylyk ruhunda terbiýeleýär. Bu wesýetler 
mertlige, adamkärçilik häsiýetlerine çagyrýar. Her hili ýagdaýlarda-da, Watany 
terk etmezlik (“Ýalňyz balam, algyn pendim, Ýurduň terk ediji bolma”), 
namartlaryň minnetin çekmezlik, öz güýjüňe daýanmak (“Özüňden gaýry 
namardyň, Minnetin çekiji bolma”), halka ýakyn durmak,ýaşulularyň geňeşin 
almak (“Il-halkyň bir iş tutsa, Sen ondan galyjy bolma”) ýaly pentler Görogla 
şöhrat getirýär. Görogly iň soňky demine çenli duşmanlar bilen ýüzbe- ýüz 
durup söweşýär, atasynyň beren pendini berjaý edýär. 
Hünkär hiç bir esassyz jellatlaryna Jygalybegiň gözüni oýdurtdyrýar. 
Onuň ogly Möminiň-de başyna ýetýär. Jygalybeg “Köne duşman dost bolmaz” 
diýen pähime eýerip, Üçgümmez dagyna ýüzlenende, olaryň yzyndan Hüňkäriň 
leşgerleri kowýar. Jygalybeg 10-11 ýaşly Röwşene, ýagny Görogla şunuň ýaly 


132 
ýagdaýda özüňi nähili alyp barmalydygyny öwredýär. Onuň Görogla beren 
wesýetlerinde Jygalybegiň ýanbermez seýisçiligi beýan edilýär. 
Jygalybeg agtygy Görogla Gyraty ösdürip ýetişdirmegi-de öwredýär. 
Ýaraglanmagyň maslahatyny berýär. Görogly at-ýaragy bilen atasynyň öňünde 
peýda bolýar. Şonda Jygalybeg oňa guwanyp:”Aý, oglum, men seni adam etjek 
bolup, daglarda gezdim, derelerde gezdim, maňlaýym ýaryldy, gözüm oýuldy. 
Ahyry seni kemala getirdim, ile goşdum. Indi şu at,şu ýaraglaryň bilen öz 
alajyňy görmeseň, özüň günäkär…Çardagly Çandybil diýen ýurduňda seniň 40 
müň öýli tekeli-türkmen il-ulusyň bardyr. Hüňkär zalym bizi il-günden aýryp, 
başymyza muşakgatlar ýagdyrdy. Türkmen il-ulusam serdarsyz, baştutansyz 
galdy. Oglum, indi biz Şandybile gideli, öz ýurdumyza baraly, il-ulusyna baş 
bol, oglum!”diýip, tüýs ýürekden watançylyk sözlerini aýdýar. 
Görnüşi ýaly, Jygalybeg ata-babalarymyzyň watançylyk däbini ýokary 
tutýar. Ogly Adybeg, agtygy Görogly hem onuň däbini dowam etdirýär. 
Görogly nalkyna, kyrk ýigidine baş bolup, gazaply söweşlerde ýeňiş 
gazanýar. Göroglynyň söweşlerde ýeňiş gazanmagynyň sebäpleri şu 
aşakdakylardan ybarat: 

Download 5.01 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   78   79   80   81   82   83   84   85   ...   112




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling