Hojamyrat Goçmyradow


Download 5.01 Kb.
Pdf ko'rish
bet81/112
Sana31.01.2024
Hajmi5.01 Kb.
#1827884
1   ...   77   78   79   80   81   82   83   84   ...   112
Bog'liq
Goçmyradow H~Türkmen halk döredijiligi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

 
 
 
“Gögogly” eposynda gahrymançylyk, il-güne 
söýgi meselesi 
Adamzat taryhynda ýatdan çykmajak söweşler Watanyň ady bilen 
baglanyşyklydyr. Watansöýüji türkmen halkynyň gözi geçmişde asyrlarboýy 
talaňçylykdan açylmady. Halk Watanyny, il-gününi gorady, jan alyp, jan berdi. 
Geçmişde 
zehinli 
adamlar 
tarapyndan 
gahrymançylykly 
edebi 
ýadygärlikler,ajaýyp eposlar döredilipdir. “Görogly-da” şol ajaýyp eposlaryň 
biri. 
“Görogly” eposy harby-gahrymançylykly eser. Halkyň taryhy 
gahrymançylygy, watansöýüjiligi “Görogly’ eposynyň üsti bilen beýan edilýär. 
Eposda watansöýüjilik esasy mesele hökmünde öňe sürülýär. Eserdäki 
öňe sürülýän beýleki meseleleriň hemmesi watansöýüjilige tabyndyr. Sebäbi 
türkmen halky il-gününi, Watanyny jany-teni bilen söýýän halk. “Ilim-günüm 


131 
bolmasa,aýym-günüm 
dogmasyn” 
nakyly 
hem 
watansöýüjilik 
bilen 
baglanyşykly. 
Türkmen halkynyň başynda ep-esli wagt watançy Jygalybeg, soňra 
Göroglynyň kakasy Adybeg bolýar. Adybeg halka baş edilip saýlanylanda: 
“Adamlar, men size bil baglaýaryn. Siz bolmasaňyz, meniň barjak ýerim ýok, 
aljak galam ýok.Adamy galdyrjagam ildir, güldürjegem ildir” diýýär.Şeýdibem, 
halkyň öňünde kasam edýär. 
Jygalybeg bilen Adybeg il gadyryny bilýän adamlar bolupdyr. Halk bilen 
bir howadan dem alypdyr. Jygalybeg zalym Hüňkäriň ýurdunda bolanynda, 
Hünkäriň: “Nä, hany sen, maňa paç bermekden boýun towlaýan halkyň 
serdarydyň-la?” diýen sözlerine Jygalybeg:”Tagsyr, paç berse-de, bermese-de, 
ol halkyň öz işi.Biziň halkymyzyň içinde şa-da bir, geda-da bir. Ol meniň işim 
däl, halkyň işi”diýip, pert jogap berýär hem-de özüniň halk ýörelgesi bilen 
barýandygyny duýdurýar. 
Jygalybegiň watansöýüjiligine degişli ýene-de bir mysala ýüzlenip 
göreliň. Duşmanlar türkmen halkynyň azlygyny, onuň bir “bölejik”halkyň 
soltanydygyny Jygalybege gyjalat berip: “Bir bölek garakçynyň soltany”diýip 
aýdanlarynda, ol:”Ýok, tagsyr, beýle diýmek hata bolar, Dogrusyny aýtmagyň 
aýby ýok. Garakçy diýeniň köp bolsa bäş ýüz, üç ýüz bolar. Emma türkmenler 
otuž müňdenem,kyrk müňdenem kän”diýýär. Yzynda ähli türkmenleriň 
durandygyny aýdýar. 
Adybeg aradan çykyp, Jygalybeg bolsa zalym duşman Hüňkäriň ýurdunda 
bolýar. Çandybilli- türkmen ili serkerdesiz galýar. 
Göroglynyň dünýä inmegi bilen halkyň dilegi gowuşýar. Halk oňa il 
bolup at goýýar. Ol Jygalybegiň golunda terbiýelenilýär. Göroglyny watançy 
edip ýetişdirmek, duşmandan ar almak Jygalybegiň iň belent arzuwy: 

Download 5.01 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   77   78   79   80   81   82   83   84   ...   112




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling