Hojamyrat Goçmyradow


Birijiden, Göroglynyň öz güýjüne ynanmagy.  Ikinjiden


Download 5.01 Kb.
Pdf ko'rish
bet83/112
Sana31.01.2024
Hajmi5.01 Kb.
#1827884
1   ...   79   80   81   82   83   84   85   86   ...   112
Bog'liq
Goçmyradow H~Türkmen halk döredijiligi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

Birijiden, Göroglynyň öz güýjüne ynanmagy. 
Ikinjiden, mydama ruhuny belent tutmagy. 
Üçünjiden, halka sala salmagy, halk güýjüne daýanmagy. 
Ol güýçli duşmandan-da gorkup, sussupeslik etmeýär, gaýtam olara gözi 
düşende, özünde ägirt uly güýç peýda bolýar. 
Eposyň başyndan tä ahyryna çenli osmanly soltan Hüňkärden, Arabystan 
hany Reýhan Arapdan, Arzyrum şasy Hasandan, Weýeňňäm begi Ýusupdan, 
Gürjüstan şasy Lekeden ar almak üçin söweşýär. 
Eposda halkyň haýsy gahrymana ýakyn durýandygyny ilkibaşdan aňmak 
kyn däl. Göroglynyň gahrymançylygy halk tarapyndan oýlanylyp tapylan zat 
hem däl, tersine taryhy wakalar esasynda ýüze çykan gahrymançylykdyr. 
Şu ýerde ýene bir zady bellemeli. “Gorkut ata” eposynda bolşy ýaly, 
“Görogly” eposynda hem baş gahryman duşmandan ar almak ücin ýeke özi 
çykýar. Ýeňişem gazanýar.Çüňki, halk köpçiligi öz gahrymanynyň mertligini, 
batyrlygyny, ugurtapyjylygyny görkezmek isleýär. 
Watanyňy, il-günüňi goramak, social deňsizlige garşy göreşmek üçin, 
halk özüniň legendar gahrymanyny - Göroglysyny döredipdir. Görogly ýaly 
merdana ýigidiň döremegi-de tebigydyr, çünki taryhy wakalar ajaýyp 
gahrymanlary döretmegi, ýüze çykarmagy salgy berýär. 
Halkyň döreden Göroglusy duşmana garşy uzak ýyllaryň dowamynda 
göreş alyp baran, ul-gününi goran ýigitleriň asylly häsiýetlerini özünde jemlän 
gahrymandyr. Gündogarşynas Ýe. E. Bertelsiň aýdyşy ýaly, türkmen halky 
özüni talap gul etmek islän ähli şalaryň, hanlaryň, begleriň hem beýleki 
duşmanlaryň garşysyna söweş alyp barýar. 


133 
Görogly Watan, il-gün ücin “Han Öweziniň” hem-de ýigitleriniň öňünde: 
“Ýa almaly, ýa ölmeli” diýen (“Kyrk müňler”şahasy) iki sany şerti goýýar: 
Çandybiliň ýüwrük atyn münenler, 
Il-halk üçin başyn ýola goýanlar, 

Download 5.01 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   79   80   81   82   83   84   85   86   ...   112




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling