Hojamyrat Goçmyradow


Deň bölüp, Göroglynyň nanyn iýenler


Download 5.01 Kb.
Pdf ko'rish
bet84/112
Sana31.01.2024
Hajmi5.01 Kb.
#1827884
1   ...   80   81   82   83   84   85   86   87   ...   112
Bog'liq
Goçmyradow H~Türkmen halk döredijiligi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

Deň bölüp, Göroglynyň nanyn iýenler
Ýa alalyň, ýa öleliň ýigitler. 
Şeýdibem, Görogly söweşde ýigitlerine mertligiň, gahrymançylygyň 
nusgasyny görkezýär. 
Görogly halk arasynda aýdylýan rowaýatlara görä, “Ner dek güýçli, şir 
dek ýürekli, gaplaň dek çalasyn, aýy dek asylyşly,gurt kimin ýolujy,ýekegapan 
dek topulyşly, kopek kimin çydamly, tilki kimin hilegär, durna dek görüşli 
bolupdyr. 
Görogly garraýar, dyzynyň kuwwaty gidip, bili bükülýär. Emma şonda-da 
duşmana nazar salanda, Watany, halky, il parahatçylygy ýadyna düşüp, onuň 
güýjüne güýç, kuwwatyna kuwwat goşulýar. Eposyň “Göroglynyň ölümi” 
şahasynda şeýle setirler bar: “Töweregine garap görse, Hüňkäriň ýygyny golaý 
gelen ekeni. Görogly düýrme gylyjyny syryp, bar güýjüni ýygnap, nagra çekip, 
gowagyň ýanyna gelenleriň üstüne ýaraly gaplaň ýaly topuldy. Hüňkäriň 
nökerleri zähresi ýarylan ýaly bolup, arkan serpilip gaçdylar. Duşman telim 
gezek yzyna serpilip, telim gezek çozdy. Gowagyň töweregi maslykdan minara 
galdy”. 
“Görogly” eposynda söweş meselesine aýratyn üňs berilýär.Munuňam 
sebäbi halkyň içki hem daşky duşmanlar tarapyndan ezilip gelinmegidir. Halk 
agyr şertleri başdan geçirýär. 
Halk içinden dörän edermen adamlar zulmuň garşysyna aýaga galýar. Söz 
ussahanasynda isläp, şeýle gahrymanlary “Görogly” ýaly kyssa eserlerinde 
görkezýär. 
Türkmen öz taryhynda goňşy halklar bilen dostlukda, agzybirlikde ýaşan 
halk. Eposda dürli milletleriň wekilleriniň agzybirligini, dostlugyny gazanmak 
bilen hem ýurduň jebisligini, watansöýüjilik duýgusyny pugtalandyrmak göz 
öňünde tutulýar. Öýlenýän ýigitleriň gelinleriniň dürli milletden, dürli 
welaýatdan bolup, maşgala bitewiliginiň üpjün edilmegi munuň aýdyň 
şaýadydyr. 
Eposdan mälim bolşuna görä, Görogly Jahan şanyň gyzy Agaýunusa, 
Handan batyr Agaýunusyň kenizi Gülşirine, Öwez gruzin gyzy Gülruha, 
Ärhasan Arzylum ýurdunyň gyzy Gülaýyma, Keremjan Rum welaýatynyň gyzy 
Harmandälä öýlenýär.Göroglynyň özi dürli milletden bolan adamlar bilen 
dostlaşýar,dogan okaşýar. 
Milletler 
arasyndaky 
doganlyk-dostluk 
Görogluda ynsanperwerlik 
häsiýetini, Watan duýgusyny ösdürýär. Munuň özi “Görogly” eposynyň esasy 
aýratynlyklarynyň biridir. 


134 
Göroglynyň alyp baran söweşleri yurt parahatçylygyny üpjün etmek, 
duşmandan gorap saklamakdyr. Ol hiç wagt özge ýurduň ýerini basyp almagy, 
bakna etmegi maksat edinmeýär. Göroglynyň esasy maksady erkinligi, ýurt 
garaşsyzlygyny gazanmak. Onuň bu arzuwy XX asyryň 90-njy ýyllarynyň 
başynda hasyl boldy. 

Download 5.01 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   80   81   82   83   84   85   86   87   ...   112




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling