Hojamyrat Goçmyradow
Muhannesler, gulak salyň bu söze
Download 5.01 Kb. Pdf ko'rish
|
Goçmyradow H~Türkmen halk döredijiligi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy
Muhannesler, gulak salyň bu söze,
Ýüzi gara, namart diýerler size. Eposyň ilki başlarynda husyt adamlaryň biri hökmünde Genjimiň üstünden gülünýär. Soňky şahalarynda basybalyjy şalaryň, han- begleriň wekili hökmünde Hüňkär, Reýhan Arap, Ýusup, Leke şa ýaly ýigrenji obrazlar görkezilýär. “Şalaryň-şasy’ hasaplanylýan Hüňkär soltan ähli ýurtlary özüne bakna etmegiň ýollaryny agtarýar. Ýygy-ýygydan çozuşlar edýär. Emma Reýhan Arabyň obrazy başga bir häsiýeti bilenem Hüňkärden tapawutlanýar. Reýhan Arap bar ünsüni, ähli wagtyny diňe öz keýpi-sapasy üçin sarp edýär. Eposda şeýle diýilýär: “Reýhan Arabyň pişesi: üç aýlap bagşy aýtdyryp, surnaý çaldyryp, nagra urdurup, masgarabaz oýnadyp, saz-söhbet gurup, bezimde bolýar. Onsoň garnyny doýrup, üç aýlap uklaýar”. Eposyň “Harmandäli” şahasynda Aşyk Aýdyň piriň obrazy oňat edilip berilýär. Onuň obrazynda türkmen halkynyň milli häsiýetlerine mahsus aýratynlyklar jemlenipdir. Onuň geçirimliligi, adamkärçiligi, açyk göwünliligi, danalygy, öňdengörüjiligi, pespälligi obrazy has-da gözelleşdirýär. Aşyk Aýdyň Daşoguzda aýdym-sazyň piri hasaplanylýar. Aýdym-sazda bäsleşmek üçin ilki Aşyk Aýdyňdan pata alynýar. Görogly Harmandäliniň çakylygyna gitjek bolanda, Agaýunusyň oňa: “Görogly, ozal-a nesihatymy al, gitme. Gitseň-de, Şähribossanda Aşyk Aýdyň pir bardyr. Şonuň hyzmatyna baryp, bir aý, kyrk gün hyzmatynda bolup,haýyr-patasyny alyp, onsoň barsaň, abraý taparsyň” diýýär. 138 Aşyk Aýdyň pir-taryhy şahs. Ahlakly, asylly, hudaýhon adam bolan. Ol sözde- sazda Harmandälini ýeňip, oňa öýlenmek hukugyna eýe bolsa-da, Kereme bagş edýär. Aşyk Aýdyň piriň ýoly- sabyrlylyk, halallyk, pespällik. Aşyk Aýdyň pir özüniň sopylaryny-da aýdym-sazda synagdan geçirip, onsoň pata berýär. Edep-ekram,adamkärçilik babatda nesihat edýär. Eposda erkek adamlardan bolan beýleki gahrymanlar-da (Yspyhanly Galandar, gürjüstanly Bezirgen, kürdüstanly Mustapa beg) häsiýetleri, hereketleri boýunça biri- birinden tapawutlanýar. Şeýlelikde,”Görogly” eposyndaky gahrymanlar özleriniň häsiýeti,alyp barýan işleri boýunça biri-birinden has tapawutly edilip görkezilýär we olaryň maksatlary okyjylaryň aňynda uzak wagtlap saklanylýar. Download 5.01 Kb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling