Hojamyrat Goçmyradow
“Görogly” eposy we onuň öwrenilişi
Download 5.01 Kb. Pdf ko'rish
|
Goçmyradow H~Türkmen halk döredijiligi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy
“Görogly” eposy we onuň öwrenilişi
Türkmen geçmişde erkin, özbaşdak ýaşamagy arzuw eden halk.Ýurdyny daşary yurt duşmanlaryndan goramaga çalşypdyr. Gündogarşynas Ýe.E.Bertelsiň nygtaýşy ýaly,az sanly türkmen halky köp sanly feodal döwletleriň garşysyna göreşmeli bolupdyr.Şonuň üçin halk döredijilik eserlerini-de, edebiýatyny-da goranmaga utgaşdyrypdyr. Hekaýatlaryň esasynda köp sanly gahrymançylykly eposlar, dessanlar döräpdir. Halkyň döreden gahrymançylykly eserleriniň biri-de “Görogly” eposydyr.Eposyň esasy maksady halkyň erkin durmuş ugrunda alyp baran göreşini beýan etmekden ybaratdyr. Halk ata Watanyny daşary ýurt basybalyjylardan goramak üçin öz legendar gahrymanyny-Göroglusyny döredipdir. Görogly hakyndaky rowaýatlar, gürrünler, aýdymlar Merkezi Aziýa, Kawkaza,Ýakyn Gündogara ýaýrapdyr we her bir halkyň öz :Göroglusy” bolupdyr. Bagşylar, ozanlar, aýdyjylar – olaryň her biri öz ýaşan döwründe bu eposa özüniň ussatlyk aýratynlygy bilen goşant goşupdyr. Epos özbek, täjik, gazak, azerbaýjan, ermeni, gruzin halklarynyň arasynda has-da meşhurdyr. Ýöne eposyň nusgalarynyň-wariantlarynyň (wersiýalarynyň) arasynda bir umumy ýakynlyk, baglanyşyk bardyr. Ýakynlyk eposyň esasan-da ideýasynda has-da oňat duýulýar. Dürli halklaryň arasynda dowam edip gelýän “Görogly” eposynyň nusgalarynyň her haýsynyň özüne mahsus bolan aýratynlygy hem bar. Bu aýratynlyk köplenç eseriň gurluşyna, wakalaryň ýaýbaňlanyşyna degişlidir. Her bir eposyň nusgasy halkyň ýaşaýyş şerti, däp-dessury bilen baglanyşykda döreýär. Şonuň üçin her bir halkyň döreden :Göroglusy” şol halkyň öz “Göroglusydyr”, şol halkyň özboluşly edebi ýadygärligidir. Türkmen “Göroglusynyň” ilkinji neşirleri eposyň dörän döwürleri hakynda gürrüň bermäge esas döredýär. Epos mundan birnäçe asyr öň ýüze 123 çykýar. Bagşylar, aýdyjylar asyrlarboýy edebi maglumatlary toplap, türkmen “Göroglusyny”döredipdir. Eposyň esasyny türkmen ertekileri, rowaýatlary, aýdymlary düzýär. Halk uzak ýyllaryň dowamynda erkinlik,asuda ýaşaýyş ugrunda göreş alyp barypdyr.”Görogly” eposy halkyň birnäçe asyryň dowamynda başdan geçiren wakasyny jemleýär. Halk döredijiliginiň beýleki birnäçe žanry ýaly, bu eposyň hem asyl nusgasyna gabat gelinmeýär. Halk öz “Göroglusyny” ýat tutup, nesilden-nesle geçirip gelipdir. Eposyň haçan dörändigi hakynda anyk maglumat tapdyrmaýar. Ýöne welin Göroglynyň hem-de onuň kyrk ýigidiniň hereketini göz öňünde tutsak, onda eposdaky käbir wakanyň has irki döwürde, yslam dininden hem ozal dörändigine göz ýetirmek bolýar. Eseriň gahrymanynyň hereketiniň din bilen känbir baglanyşygynyň bolmazlygy,şeraba üns berilmegi munuň aýdyň şaýadydyr. Eposyň käbir wakasynda bolsa Göroglynyň gylyjyny, ok-ýaýyny Yspyhandan getirişi hakynda gürrüň gidýär. Gürrüňi edilýän döwür XV1-XV11 asyrlarda Eýranda sefewidleriň hökümdarlyk eden döwrüne gabat gelýär. Ýagny, şonda Şaapbasyň hökümdar bolan döwründe (1588-1628ý.ý.) paýtagt Yspyhan eken. Iň gowy ýaraglaram Yspyhanda ýasalypdyr. Şeýlelikde, XV1 asyryň ahyrynda, XV11 asyryň birinji ýarymynda eposa käbir wakalar goşulypdyr diýen çaklama-da bar. Alymlar “Görogly” eposynyň döreýşini öwrenmek bilen eseriň baş gahrymanynyň aňyrsynda anyk taryhy şahsyň ýatandygyny,ol hakda ilki rowaýatlar düzülip, soňra şol rowaýatlar ösdürilip, baýlaşdyrylyp eposyň döredilendigini nygtaýarlar.Alymlar eposyň baş gahrymanynyň hereketinden taryhylygy gözleýarlar.Alym E.M. Meletinskiý “Gahrymançylykly eposyň döreýşi”(“Proishoždeniýe geroiçeskogo eposa”-Moskwa, 1963g.) diýen işinde halk döredijiliginiň kyssa eserlerine taryhy taýdan çemeleşme bilen baha bermegiň ýeke- täk ýoldygyny nygtaýar we gahrymançylykly eposy döreden hem onuň ösüşini kepillendiren şertleri anyklamagyň zerurdygyny ýazýar.Şunyň bilen birlikde, ol taryhy reallyklara eposy umumylaşdyrmagyň materialy hökmünde garaýar. Alymyň pikiriçe, anyk bir taryhy şahsyň hereketleri rowaýatlaryň döremegine sebäp bolýar. Wagtyň geçmegi bilen şol rowaýatlar çeperleşdirilýär, biri-birine sepleşdirilýär hem-de bitewileşdirilýär. Halk rowaýat gahrymanyna milli häsiýeti, özboluşlylygy siňdirýär.Ýigitleriň soňky döwürdäki görkezen batyrlygy-da rowaýat gahrymanynyň adyna berilýär. Şeýlelikde,umumylaşdyrylan epos gahrymany döreýär. “Görogly” eposy-da şeýle usulda döräpdir. Taryhy we edebi çeşmelerden Göroglyny gözlemekde ep-esli işler edildi. Jelaletdin Rumynyň (1207-1279ýý.) döredijiliginde Görogly ýatlanylýar. XV1 asyryň başyndan XV11 asyryň başyna çenli, tas bir asyryň dowamynda günorta 124 Azerbaýjanda, Kiçi Aziýada, Yrakda bolup geçen jelalylar gozgalaňyna degişli materiallarda hem Göroglynyň adyna duş gelinýär. “Görogly” eposynyň sýužeti şol halk-azat edijilik hereketi esasynda emele gelenmiş diýen pikirem orta atylýar. Pikirler esaslandyrylmaga-da çalşylýar. Türk taryhçysy Öwlüýä Çelebiniň (XV111 asyr) “Syýahatlar kitabynda” “Jelaly” ady bilen belli bolan gozgalaňa ýolbaşçylyk edenleriň biriniň-de Göroglydygy nygtalýar. Alym Halyk Görogly soňky ýyllarda Türkiýäniň arhiwlerinden Jelaly Göroglysyna degişli materiallary toplaýar. Şol materiallarda Göroglynyň, Bezirgeniň, Öweziň, Safaryň (Saparyň), Ýusubyň atlary getirilýär. Alym B.Garryýew eposyň taryhy kökleriniň jelalylar Göroglysyna direýändigini nygtamak bilen, onuň ilkinji rowaýtlary-da şol döwürde döräpdir diýen netijä gelýär.Alymlar H.Görogly hem B.Mämmetýazow dagy hem şu pikiri goldaýar. Jelalylar hereketi diňe türkmen Göroglysyna esas bolman, eposyň Kawkaz nusgalarynyň taryhy sýužetiniň ýüze çykmagyna-da esas bolupdyr diýen netijä gelenlerem bar. Soňky ýyllarda tapylan gruzin hem-de rus elipbiýinde neşir edilen gruzin nusgasynda (Çlandze L.G. Gruzinskaýa wersiýa eposa “Kerogly”, Tbilisi, 1978g.) hem munuň şeýledigini tassyklamaga çalşylýar. Bu nusgada teke, ýomut, jelaly taýpalarynyň Rum welaýatynda ýaşandygy, Göroglynyň atasynyň gözüni Şaapbas patyşanyň oýdurandygy hakyndaky maglumatlara gabat gelinýär. “Görogly” eposynyň kawkaz, özbek, gazak nusgalarynda Göroglynyň türkmendigi hakynda degerli maglumatlar getirilýär. Özbek “Göroglysynda” Göroglynyň türkmenleriň teke, ýomut taýpalarynda dünýä inendigi nygtalýar. Eseriň gazak nusgasynda baş gahrymanyň Ürgenç şäherinde, Amyderýa boýlarynda, Hazar deňziniň töwereginde ýaşap geçendigi aýdylýar. Ol şol ýerlerde ýaşapdyr, daşary ýurtdan edilen çozuşlara gaýtawul beripdir. Balkan dagy, Etrek, Gürgen ýaly ýer-ýurt atlary eposda duş gelýär. “Arapdan ar alyş” şahasynda: Download 5.01 Kb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling