Hojamyrat Goçmyradow
Halk göredijiliginiň kyssa
Download 5.01 Kb. Pdf ko'rish
|
Goçmyradow H~Türkmen halk döredijiligi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy
- Bu sahifa navigatsiya:
- 2.Ýakynlygy.
- 4.Tapawutly aýratynlygy.
- 5.Gadymylygy.
Halk göredijiliginiň kyssa
topary Kyssa – gürrüň bilen ýazylan eser ýa-da rowaýat bolmak bilen,şahyrana topardan tapawutlanýar. Halky kyssalar ertekiçilik hem-de rowaýatçylyk ýaly toparlara bölünýär. Halky eserleri häsiýetlendirýän sypatlar şu aşakdakylardan ybarat: 1.Umumylygy. Halky eserlerden rowaýat bilen hekaýatyň ikisem kyssa eseri we halk döredijiliginiň aýratynlykda alnan žanrydyr. Rowaýat we hekaýat hakykata esaslanýar. Hekaýanyň gadymy görnüşi, asyl köki hekaýatdyr. 2.Ýakynlygy. Rowaýat bilen hekaýat biri-birine ýakyn we özara baglanyşykly.Rowaýat mazmuny boýunça ertekilere çalymdaş. 3.Gahrymanyň häsiýeti. Halky eseriň gahrymany bir maksat,bir duýgy bilen hereket edýär.Kynçylygy ýeňip, maksadyna ýetýär. Gahrymanda iň oňat häsiýetler jemlenýär. Aýal-gyzlaryň hemmesi diýen ýaly täze pikirde. 4.Tapawutly aýratynlygy. Rowaýatda hyýalbelentlik ösen. Hyýaly obraz, wakalar keramatly güýç hökmünde görkezilýär we belli bir şahsyýete uly rol berilýär. 77 5.Gadymylygy. Halky eserler (erteki,rowaýat) gadymy döwürde döreýär. Alym A.P.Poseluýewskiý hyýaly we haýwanlar hakyndaky ertekileri feodalizmden öňki döwrüň eserleri hasaplapdyr. 6.Edebi seçgi. Halky eserler döwrüň synagyndan geçip kämilleşýär.Döwür edebi seçgini geçirýär.Edebi seçgiden geçip bilmedik eserler halk hakydasynda galmaýar.Oguz han döwründe kän dessan döredilipdir. Emma biziň günlerimize olaryň diňe birnäçesi gelip ýetdi. Rowaýtlardyr hekaýatlar esasynda uly göwrümli eserler döreýär.Dessanlaryň, eposlaryň esasynda dürli rowaýtlardyr hekaýatlar ýatyr. Halky dessanlar bilen birlikde, awtory belli bolan “Zöhre – Tahyr”, “Leýli- Mežnun” dessanlary rowaýatlardyr hekaýatlar esasynda döredi. Halk arasynda belli-belli şahsyýetler (Oguz han, Gokut ata, Görogly) hakynda ýaýran hekaýatlardyr rowaýatlar eposlaryň döremegine getirdi. Halky eserler öz gezeginde toparlara,kysymlara, içgi görnüşlere bölünýär. Hyýaly ertekiler özboluşlylygy bilen tapawutlanýar.Ertekileriň bu görnüşinde ynsan wekiliniň hereketini çylşyrymlaşdyrýan ýa-da onuň işiniň rowaç bolmagyna täsir edýän döw-peri,aždarha,sumrug guş, haly we beýleki hyýaly predmetler ulanylýar.Hyýaly güýçler ynsanyň maksadyna ýetmegi bilen baglanyşdyrylýar. Halk döredijiliginiň kyssa toparynyň žanrlaryna ertekiler, rowaýatlar – legendalar (efsanalar), şorta sözler, gatyşyk beýanlydygyna garamazdan,eposlar, dessanlar hem degişlidir. Download 5.01 Kb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling