Hojamyrat Goçmyradow
Download 5.01 Kb. Pdf ko'rish
|
Goçmyradow H~Türkmen halk döredijiligi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy
Oduny ýygan biler, Maly sagan. Üç – dört, ondan hem köp setirli nakyllar-da bar. Üç bogundan on alty boguna çenli nakyllara duş gelmek bolýar. Olaryň käbirinde setirleriň bogun sany deň gelmeýär. Şeýle ýagdaýda bir çekimlisi sozulyp, beýlekisi gysga aýdylýar. Çekimli we çekimsiz sesler sazlaşyp gelýär. Nakyllarda çeper edebiýata has bolan serişdelerden – ulaltma, meňzetme, deňeşdirme, ýaňsylama ýaly çeperçilik serişdeleri ulanylýar. Olar nakyllaryň manylarynyň düşnükli, täsirli bolmagyna getirýär. Halk arasyna ýaýran nakyllar we atalar sözi X1 asyrdan ýazuwly edebiýata geçip başlaýar. Ýurt Garaşsyz bolansoň, alymlar tarapyndan Mahmyt 76 Kaşgarlynyň “Diwany lugat at-türk”kitaby öwrenilýär. Kitapda ylmy derňew üçin dürli many toparlaryna degişli nakyllar we atalar sözi mysal getirilýär. Ylmy taýdan çuňňur öwrenilen işleriň biri-de Muhammet Alynyň (XV1 asyr) “Oguznama”nakyllar ýygyndysyna (A.Baýmyradow, ”Garagum”žurnaly,2005,-1)degişlidir.Bu ylmy iş nakyllaryň etimologiýasyny öwrenmekde uly ähmiýete eýedir. X1X asyryň ahyrlarynda – XX asyryň başlarynda-da türkmen nakyllarydyr atalar sözi owrenilip başlanypdyr.Olar käbir ýygyndyda, kitaplarda berilýär.”Poslowisy tuzemnogo naseleniýa Turkestanskogo kraýa(Taşkent,1888g.)”diýen işde türki dilli halklaryň nakyllarynyň 492-si, M.S. Agabekowyň okuw kitabynda (Ashabad, 1904ý.) nakyllaryň 162-si berlipdir. Soňra nakyllary we atalar sözüni toplamak hem-de öwrenmek yzygiderli dowam etdirilýär. Olar birnäçe gezek (“Makallar we matallar”, Aşgabat,1925ý.(arap harpynda),”Türkmen nakyllary”,Aşgabat, 1949ý.,”Türkmen nakyllary we atalar sözi”,Aşgabat,1961ý.,”Türkmen nakyllary we atalar sözi”, Aşgabat,1983ý.,”Türkmen nakyllary we atalar sözi”, Aşgabat,2005ý.) neşir edildi. Ýurt Garaşsyz bolansoň, türkmen nakyllarynyň ulanylyşy artdy,örüsi giňeldi.Yrakda,Eýranda, Stawropol ülkesinde ýaşaýan türkmenleriň nakyllary öwrenilip başlandy. Bu bolsa türkmen diliniň, nakyllaryň baýlaşmagyna ýardam berýär. Download 5.01 Kb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling