Hojamyrat Goçmyradow


Obraz döretmekde nakyllaryň mäsirliligi duýulýar:  “Arkaly köpek gurt alar”, “It üýrer – kerwen geçer” we ş.m.  3


Download 5.01 Kb.
Pdf ko'rish
bet54/112
Sana31.01.2024
Hajmi5.01 Kb.
#1827884
1   ...   50   51   52   53   54   55   56   57   ...   112
Bog'liq
Goçmyradow H~Türkmen halk döredijiligi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

2.Obraz döretmekde nakyllaryň mäsirliligi duýulýar: 
“Arkaly köpek gurt alar”, “It üýrer – kerwen geçer” we ş.m. 
3.Nakyllarda şiwe sözleri-de getirilýär: 
“Adamyň goçagy (ulusy) köwek bolar”, “Bar okaram (tabagym), gel 
okaram, barmasaň-gelmeseň,orta ýolda syn(döwül) okaram” we ş.m. 
Türkmen halky saldamly hem mazmuna baý nakyllaryna ýokary baha 
berýär.Gysda sözde giň many aňlatmak, ýitilik, täsirlilik, çuňňur oý- 
pikirler,akyl-paýhas, 
millilik nakyllara mahsusdyr.Şonuň üçinem ata-
babalarymyzyň döreden nakyllaryna salgylanmak dessur bolup galypdyr.
Beýleki halklar hem nakyllaryna uly sarpa goýýarlar.
Eger “Nakylsyz ýaşap bolmaz” diýip, rus halky aýdan bolsa, özbek halky 
“Otolar suzi-akilining kuzi” (“Atalar sözi – akylyňyzyň gözi”) diýip, olary akyl 
çeşmesi hasaplaýar. Türkmen halky “Akylyň bolsa akyla eýer, akylyň bolmasa -
nakyla” diýip, nakyla örän ýokary baha berýär.
Nakyllar durmuş bilen baglanyşykly bolup, adamzat tejribesiniň, asyrlar 
dowamynda emele gelen synçylygynyň, ynsan aragatnaşygynyň, zähmet 
çekmekde ýüze çykan oý-pikiriniň gysgaça jemidir. Olar häsiýeti boýunça asyl 
manyda, göçme manyda hem-de köp manyda ulanylýan toparlara bölünýär. 
Nakyllar öz şekilini känbir üýtgetmeýän, iň durnukly görnüşi saklap 
gelýän halk döredijilik eserleridir. Olaryň käbiri bolaýmasa, ýurdumyzyň ähli 
ýerinde häzirki günlerde şol bir görnüşde, many-mazmunda ulanylýar. 


74 
Nakyllaryň temasy baý hem-de köptaraplydyr. Durmuşyň haýsy bir 
ugruna nazar aýlasak, ol barada birgiden nakyllary tapmak bolýar. Adamlara 
mahsus bolan ýagşy-ýaman ähli gylyk-häsiýetler nakyllarda beýanyny tapýar. 
Aýal-gyzlara degişli kän nakyllar döredilipdir.Şolarda aýal-gyzlary 
türkmen durmuşyna laýyk terbiýelemek, edep-ekramly,görüm-göreldeli,eli 
hünärli edip ýetişdirmek meselesi gozgalýar: 

Download 5.01 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   50   51   52   53   54   55   56   57   ...   112




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling