Hojamyrat Goçmyradow


Download 5.01 Kb.
Pdf ko'rish
bet53/112
Sana31.01.2024
Hajmi5.01 Kb.
#1827884
1   ...   49   50   51   52   53   54   55   56   ...   112
Bog'liq
Goçmyradow H~Türkmen halk döredijiligi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

 
Nakyllar we atalar sözi 
Nakyllar we atalar sözi – halk döredijiliginiň şahyrana toparynyň bir 
žanry. Olar halkyň bäş müň ýyllyk taryhy ýolunyň önümidir. Halkyň ruhundan 
gelip çykan umumadamzat gymmatlyklarymyz – ruhy, ahlak baýlyklarymyzdyr. 
Gözbaşyny sözleýiş diliniň peýda bolmagyndan alyp gaýdýan nakyllar 
halkyň durmuş ýagdaýyny, dünýägaraýşyny, däp-dessuryny, ýagşylyk-
ýamanlyk pelsepe garaýşyny jemleýär. Nakyllara iň baý 


72 
halklaryň biri-de türkmenlerdir. Uludan –kiçä öz sözleýşinde, ýazýan eserinde 
nakyllary hem-de atalar sözüni ulanmaýan adam ýok bolsa gerek.
Nakyllar köp ýaýran žanrdyr. Olar adamlaryň durmuşynda her gün diýen 
ýaly ulanylýar. Onuň wagty-salymy, ýeri-ýurdy ýok. Toý-tomaşada, ýasda-
aýatda, işde, dynç alyşda, öýde, mahlasy ynsan ýaşaýşynda – ähli ýerde 
peýdalanylýar. Nakyllar durmuş bilen berk baglanyşykly halky eserlerdir. Olar 
ýalňyşmaýan ýeke-täk maslahatçydyr. Nakyllar öwüt-nesihat, tälim berýän halk 
aňlatmasydyr. 
Kämil 
nesli 
terbiýeläp 
ýetişdirmekde, 
ýagşy-ýamany 
saýgarmakda, azaşany ýola salmakda, durmuşda öz ornuňy tapmakda uly rol 
oýnaýar. 
Nakyllar şu aşakdaky maksatlarda peýdalanylýar: 
 Birinjiden, öwüt-nesihat bermek üçin; 
Ikinjiden, pikiriň düşnükli,täsirli bolmagy üçin; 
Üçünjiden, aýdan sözüňi tassyklamak üçin;
Dördünjiden, ýazylýan eserlerde çeperçilik serişdesi hökmünde 
ulanmak üçin. 
Nakyllar baý tejribe esasynda, söze çeper adamlar tarapyndan 
döredilýär.Olar wagtyň geçmegi bilen has-da kämilleşdirilýär hem-de 
baýlaşdyrylýar.Nakyllar ähli halklaryň arasyna-da ýaýraýar.Dana sözlere hiç 
hili päsgelçilik döredilmeýär.Şonuň üçin olaryň haýsy halkda öň dörändigini 
anyklamak kyn. 
Nakyllar halk döredijiliginiň gadymy žanrlarynyň biridir. Munuň 
şeýledigini halk içinde häzire çenli ýörgünli ulanylýan “Ot-oraz”,”Ot astynda 
bela galmaz” diýen ýaly nakyllar hem tassyklaýar. Mysal getiren bu 
nakyllarymyz 
yslam 
dininden 
ozal 
– otparazlyk döwründe dörän 
nakyllardyr.Şeýle nakyllar öz dörän döwrüniň möhrüni özünde saklaýar. 
Türkmeniň folklor eserleri-de Oguz han döwründen gaýdýar. “Keçäňi 
satsaň, goňşyňa sat, baraňda ýene özüň üstünde oturarsyň’,”Könesi 
bolmadygyň, täzesi bolmaz”,”Obadaşym – babadaşym”,”Özüňi süýt bil, 
dostuňy gaýmak”,”Kyýamat güni goňşudan” diýen ýaly nakyllar Oguz han 
döwründe döräpdir. 
Alym A. Baýmyradowyň pikiriçe, türkmen folklorynyň emele gelşini 
dikeltmekde gadymy eser bolan “Awesta” ygtybarly çesmedir.”Awesta” 
girizilen nakyllary öwrenmek hem-de peýdalanmak uly ähmiýete eýe bolar. 
“Oguznamada”, “Gorkut atada”,Ýusup Balasagunlynyň ”Bagt getirýän 
bilim” eserinde,”Mahmyt Kaşgarlynyň “Diwany lugat at-türk” kitabynda we 
beýleki eserlerde nakyllaryň ýazuw edebiýatdaky çeşmeleri bar. 
Atalar sözi bilen nakyllar biri-birine meňzeş ýaly bolup görünse-de, 
olaryň arasynda özara tapawut bar. Atalar sözi düzülişi taýyndan ýönekeý 
bolup,many-mazmun sadalygy,göz öňünde tutýan maksadynyň gönümelligi 
boýunça (“Işlemedik – dişlemez”, “Söýenişen ýykylmaz”,”Müň gaýgy bir iş 
bitirmez” we ş.m.) tapawutlanýar.Ýöne welin atalar sözüniň göçme manyda 


73 
(“Ýatan öküze iým ýok”,”Il oňlasa atyňy soý”, ”Düýe garrasa, köşegine 
eýerer”,”Bu günki serçe düýnki serçä “jik-jik” öwreder” we ş.m.) ulanylýan 
ýerlerem bar. 
Nakyllaryň köpüsiniň döreýşi rowaýatlar, taryhy wakalar (“Buz üstünde 
tozan arama”,”Aýazhan çarygyňa bakarak”, ”Müsürde şa bolandan, Kenganda 
geda bol” we ş.m.) bilen baglanyşyklydyr. 
Alymlaryň pikiriçe, rowaýatlara esaslanmazdan, nakyllaryň köklerine, 
saklaýan syrly maglumatlaryna aralaşmak hem kyn.”Hemedan daş bolsa, kädi 
ýakyn “diýen nakyl kädi bilen baglanyşdyrylýar. Emma rowaýaty yzarlasaň 
welin, häzirki “kädi” sözi “kärdi”şekilinde bolup, ol “suwly ýaby” aňladypdyr. 
Nakylyň taryhyna degişli rowaýatda “kärdiden”, ýagny suwly ýapdan böküp 
geçmek hakda gürrüň gidýär. 
Rowaýatlardan gözbaş alyp gaýdýan nakyllar başga-da az däl. Getirilen 
maglumatlar rowaýtlar bilen nakyllaryň arasynda berk baglanyşygyň bardygyny 
görkezýär. 
Türkmen nakyllarynyň aýratynlyklary şu aşakdakylardan ybaratdyr:
1.Nakyllarda inçeden yzarlanylýan gülki, wäşi degişme bar; 
“Myhman birinji gün gyzyl, ikinji gün kümüş, üçünji dün mis, dördünji gün 
pis”,”At çapyşyňdan-a geçdik, eýeriň gaşyna berk ýapyş” we ş.m. 

Download 5.01 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   49   50   51   52   53   54   55   56   ...   112




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling