Hojamyrat Goçmyradow


Halk göredijiliginiň kyssa


Download 5.01 Kb.
Pdf ko'rish
bet58/112
Sana31.01.2024
Hajmi5.01 Kb.
#1827884
1   ...   54   55   56   57   58   59   60   61   ...   112
Bog'liq
Goçmyradow H~Türkmen halk döredijiligi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

Halk göredijiliginiň kyssa 
topary 
Kyssa – gürrüň bilen ýazylan eser ýa-da rowaýat bolmak bilen,şahyrana 
topardan tapawutlanýar. Halky kyssalar ertekiçilik hem-de rowaýatçylyk ýaly 
toparlara bölünýär. 
Halky eserleri häsiýetlendirýän sypatlar şu aşakdakylardan ybarat: 
1.Umumylygy. Halky eserlerden rowaýat bilen hekaýatyň ikisem kyssa 
eseri we halk döredijiliginiň aýratynlykda alnan žanrydyr. Rowaýat we 
hekaýat hakykata esaslanýar. Hekaýanyň gadymy görnüşi, asyl köki hekaýatdyr. 
2.Ýakynlygy. Rowaýat bilen hekaýat biri-birine ýakyn we özara 
baglanyşykly.Rowaýat mazmuny boýunça ertekilere çalymdaş. 
3.Gahrymanyň häsiýeti. Halky eseriň gahrymany bir maksat,bir duýgy 
bilen hereket edýär.Kynçylygy ýeňip, maksadyna ýetýär. Gahrymanda iň oňat 
häsiýetler jemlenýär. Aýal-gyzlaryň hemmesi diýen ýaly täze pikirde. 
4.Tapawutly aýratynlygy. Rowaýatda hyýalbelentlik ösen. Hyýaly 
obraz, wakalar keramatly güýç hökmünde görkezilýär we belli bir şahsyýete uly 
rol berilýär. 


77 
5.Gadymylygy. Halky eserler (erteki,rowaýat) gadymy döwürde döreýär. 
Alym A.P.Poseluýewskiý hyýaly we haýwanlar hakyndaky ertekileri 
feodalizmden öňki döwrüň eserleri hasaplapdyr. 
6.Edebi 
 
seçgi. 
Halky 
eserler 
döwrüň 
synagyndan 
geçip 
kämilleşýär.Döwür edebi seçgini geçirýär.Edebi seçgiden geçip bilmedik eserler 
halk hakydasynda galmaýar.Oguz han döwründe kän dessan döredilipdir. Emma 
biziň günlerimize olaryň diňe birnäçesi gelip ýetdi. 
Rowaýtlardyr 
hekaýatlar 
esasynda 
uly 
göwrümli 
eserler 
döreýär.Dessanlaryň, eposlaryň esasynda dürli rowaýtlardyr hekaýatlar ýatyr. 
Halky dessanlar bilen birlikde, awtory belli bolan “Zöhre – Tahyr”, “Leýli-
Mežnun” dessanlary rowaýatlardyr hekaýatlar esasynda döredi. 
Halk arasynda belli-belli şahsyýetler (Oguz han, Gokut ata, Görogly) 
hakynda ýaýran hekaýatlardyr rowaýatlar eposlaryň döremegine getirdi. 
Halky eserler öz gezeginde toparlara,kysymlara, içgi görnüşlere bölünýär. 
Hyýaly ertekiler özboluşlylygy bilen tapawutlanýar.Ertekileriň bu 
görnüşinde ynsan wekiliniň hereketini çylşyrymlaşdyrýan ýa-da onuň işiniň 
rowaç bolmagyna täsir edýän döw-peri,aždarha,sumrug guş, haly we beýleki 
hyýaly predmetler ulanylýar.Hyýaly güýçler ynsanyň maksadyna ýetmegi bilen 
baglanyşdyrylýar. 
Halk döredijiliginiň kyssa toparynyň žanrlaryna ertekiler, rowaýatlar – 
legendalar 
(efsanalar), 
şorta 
sözler, 
gatyşyk 
beýanlydygyna 
garamazdan,eposlar, dessanlar hem degişlidir. 

Download 5.01 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   54   55   56   57   58   59   60   61   ...   112




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling