75
Halka hyzmat etmek, ulyny-kiçini hormatlamak hakyndaky nakyllar:
“Dek gezen-dok gezer”, “Ýatan ýylanyň guýrugyny basma” we ş.m.
Dost-ýar, ýoldaşlyga degişli nakyllar: “Hasaply dost uzak gider”,
“Dost-dost, mamla rast” we ş.m.
Adamkärçilik mertebesi hakyndaky nakyllar: “Ýigit sözi bir gerek”,
“Ýagşy ýigit il aýbyn açmaz”, “Göwni açygyň-ýoly açyk”, “Akylly öwrener-
akmak öwreder” we ş.m.
Maşgala degişli nakyllar; “Her kimiňki gözüne aý görner”, “Ýüpegi
saklap bilmez ýüň eder, aýaly saklap bilmez güň eder” we ş.m
Ata-ene, çaga hakyndaky nakyllar: “Ata-enäniň bahasy bolmaz, kümüş-
gyzylyň könesi”, “Birim bar-müňüm bar”, “Bal süýji, baldan bala süýji” we
ş.m.
Ýerlikli sözlemek, dogry söz hakyndaky nakyllar: “Biseresap gepleseň,
dildir başyň belasy”, “Dil bela-diş gala” we ş.m.
Ylym-bilim, goňşy-golam hakyndaky nakyllar: “Bir
okana bar,
bir-de
dokana”, “Hünärli ýigit, miweli agaç”, “Ody gorjasaň-öçer, goňşyny gozgasaň-
göçer” we ş.m.
Myhmanparazlyk hakyndaky nakyllar: “Gelen-döwlet”, “Myhman
ataňdan uly” we ş.m.
Bulardan başga-da, dostluk-agzybirlik, ahlakly, halal ýaşamak, söýmek-
söýülmek, hüşgärlik ýaly meselelere bagyşlanylyp hem nakyllar döredilipdir.
Nakyllaryň dili çeper, sada hem düşnükli. Olar çüň manyly we ýeňil
görnüşde döredilýär. Bir sözi aýyrmak ýa üstüne goşmak mümkin däl.
Üýtgetseň manysyna täsir edýär. Halk içinde köp ulanylýany bir ýa
iki setirli
nakyllardyr. Iki setirli nakyllar özara kapyýalaşýar. Goşgy düzüliş kadasyna
boýun egýär. Her setirinde hem aýdyň pikir bar.
Iki setirli nakylda habaryň hyzmatynda (rolunda) gelýän söz birmeňzeş
sözden bolup, soňky setiriň habary düşürilip aýdylýar:
Do'stlaringiz bilan baham: