Ene hakyndaky nakyllar:”Enesini gör-de, gyzyny al, gyrasyny gör-de
bizini”,”Gyz eneden görelde almasa, öwüt almaz”,”Eneden nesihat alan gyz
keýwany bolar”we ş.m.
Gelinlik gözlenendäki nakyllar: ”Enesizi gelin edinme,atasyzy giýew”,
”Gyzyny öwenden gaç,ýeňňesi öweni alyp gaç” we ş.m.
Ýeňňe bilen baldyzyň gatnaşygy hakyndaky nakyllar: “Gelene
baldyz,gidene ýeňňe”we ş.m.
Gelin - gyz hakyndaky nakyllar: “Göle düşdüm, ýola düşdüm”,”Gyz
gapysy şa gapysy, müňi geler, biri alar”,”Gelniň aýagy, çopanyň taýagy”,”Gelni
gelin edýän düşen ýeri” we ş.m.
Gelin-gaýyn gatnaşygy hakyndaky nakyllar:”Gaýyn-gelin gapakly
gazan”,”Gaýyn atam ganarym,dolup durar dulumda,gaýyn enem gazanym-
getirip goýar ýanymda”,”Gelinde dil ýok, gaýynda ynsap” we ş.m.
Nakyllaryň temasy esasan şu aşakdakylardan ybarat:
Zähmet hakyndaky nakyllar. Zähmet her taraplaýyn suratlandyrylýar.
Ýaşamak, güzeran dolandyrmak üçin zähmet çekmeli. Kişi zähmetine göz
gyzdyrmaly däl. Öz zähmetiň rehnedini görmeli. Şeýle ruhda nakyllaram
döredilipdir: “Işlemedik-dişlemez”, “Tomus depesi gaýnamadygyň, gyş gazany
gaýnamaz”, “Galan işe gar ýagar”, “Ýaltanan ýal tapmaz” we ş.m.
Ekerançylyk, daýhançylyk hakyndaky nakyllar. Şu temadan döredilen
nakyllar köp däl. Onuň esasy sebäbi suw ýetmezçiligidir. Şonuň üçin halk irki
döwürlerde maldarçylyk (çarwadarçylyk) bilen meşgullanýar. Halk oturymlaşyp
başlansoň, ekerançylyga degişli nakyllar döräp ugraýar. Ýer, suw meselesi
nakyllarda-da yz galdyrýar: “Ak ner çökmese, boz maýa gaýmaz”, “Ekin ekseň
bugdaý ek, mal baksaň goýun bak” we ş.m.
Çarwadarçylyk bilen baglanyşykly nakyllar. Bu meselede nakyllar az
döredilmändir: “Malym-janym”, “Goýunly baý – goýy baý”, “Düýeli baý-
dünýäli baý” we ş.m.
Bedew baradaky nakyllar. Bedew diňe iş maly däl, Watany goramakda,
toý-tomaşalarda, at çapmakda-da ulanylypdyr. Şuňa laýyklykda nakyllaram
döredilipdir: “Är ganaty – at”, “Atym bar, ne gamym bar”, “Ertir tur – ataňy
gör, ataňdan soň - atyňy” we ş.m.
Do'stlaringiz bilan baham: |