Hojamyrat Goçmyradow


Download 5.01 Kb.
Pdf ko'rish
bet63/112
Sana31.01.2024
Hajmi5.01 Kb.
#1827884
1   ...   59   60   61   62   63   64   65   66   ...   112
Bog'liq
Goçmyradow H~Türkmen halk döredijiligi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

Hyýaly ertekiler 
Hyýaly (jadyly) ertekiler durmuşy hem-de haýwanlar hakyndaky 
ertekilere garanyňda göwrümi taýdan uly, sýužeti öwrümli, kompozision 
gurluşy çylşyrymly bolýar. Ertekilerdäki wakalar ötlem-ötlem edilip 
getirilýär.Ertekileriň bu görnüşinde köp waka beýan edilýär,hyýaly 
gahrymanlary suratlandyrlmaga üns berilýär. 
Baş gahrymany hemişe diýen ýaly adam bolup durýandygyna 
garamazdan, ynsan wekiliniň hereketini çylşyrymlaşdyrýan ýa-da onuň işiniň 
rowaç bolmagyna täsir edýän gahrymanlar döw-periler, aždarha, adaty 
bolmadyk sumrug guş we her häsiýetde bolup bilýän hyýaly güýçlerdir. Hyýaly 
obraz adamyň hyýalynda göz öňüne gelýän obrazdyr. Şol obrazlar real zat 
däldir. Döwler,periler dürli görnüşde suratlandyrylýar: döw bir ýerde haýwan 
sypatynda getirilse, başga bir ýerde köp kelleli ýylan şekilinde suratlandyrylýar. 
Hyýaly güýçleriňki ýaly dürli sypata, görnüşe öwrülip bilinýän zat real 
hakykatda ýok. Şonuň üçin hem döwüň, periniň we beýleki hyýaly güýçleriň 
obrazlary hyýaly obrazlardyr.Olaryň köpüsi örän gadymy döwürde döredilen 
obrazlardyr. 
Ýöne welin hyýaly güýçler adamlardan üzňe hereket etmeýärler, adamlar 
hem olar bilen iş salyşýarlar. Ertekilerdäki adamlar adatdan daşary güýçlere eýe 
hem-de hyýaly häsiýetde bolýarlar. Olar adatdan daşary hyýaly güýçler bilen 
söweşmeli bolýandyklary üçin şeýle sypatlarda suratlandyrylýar. 
Hyýaly alamatlar ertekileriň bu görnüşiniň hemmesinde deň derejede 
däldir. Käbir erteki boýdan-başa hyýaly häsiýetlidir. Emma käbir ertekiniň 
sýužetinde hyýaly wakalar belli bir möçberi eýeleýär. Şeýle ertekilerde 
hakykatyň 
alamaty 
köp 
orun 
alýar.
“Akpamyk”,”Ýartygulak”,”Mämmetjan”,”Ejekejan”,”Hudaýberdi gorkak we 
tilki” ýaly ertekilerde dürli meseleler gozgalýar. Olaryň baş gahrymanlary hem 
kesp-käri we dürli gatlaga degişliligi bilen tapawutlanýar. Ýöne olaryň 
hemmesine mahsus bolan bir häsiýet – baş gahryman bolan adam ertekileriň 
soňunda ýeňiji bolup çykýar. 


88 
Ertekilerde adam asmana uçýar, sumrug guşuna münüp, alty aýlyk ýoly 
sanly pursatda geçýär. Agzyndan ýalyn çykyp duran aždarhanyň garşysyna 
goýlan hem adam. Adam her hili sypata öwrülip bilýän jadygöýler bilenem 
söweşýär. Elbetde, bu hyýaly zatlar. Onda-da durmuşda asla bolmadyk
bolmagy-da mümkin däl zatlar. 
Ýöne welin baş gahrymanlaryň hyýaly obrazlarda berilmeginde dürli 
maksatlar göz öňünde tutulýar. Baş gahrymanlar hyýaly obrazlarda berilse-de, 
şol erteki tutuşlygyna alnanda, onuň mazmunynda hakykatyň alamatlary bar. 
Ertekilerde göz öňünde tutulan maksatlar esasan şulardan ybarat: 

Download 5.01 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   59   60   61   62   63   64   65   66   ...   112




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling