Hojamyrat Goçmyradow


Download 5.01 Kb.
Pdf ko'rish
bet61/112
Sana31.01.2024
Hajmi5.01 Kb.
#1827884
1   ...   57   58   59   60   61   62   63   64   ...   112
Bog'liq
Goçmyradow H~Türkmen halk döredijiligi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

 
Durmuşy ertekiler 
Durmuşy ertekiler ýaşaýyşda bolup biläýjek wakalary,galapyn dogruçyl 
görkezýär. Ertekiler köplenç çarwadarçylyk (maldarçylyk), senetçilik, il-güni, 
Watany, topragy, zähmeti söýmek, adalaty hormatlamak, açgözlüligi, 
ahlaksyzlygy tankytlamak ýaly meselelere bagyşlanýar. Olaryň gahrymanlary – 
adamlar. Ýaramaz häsiýetlere garşy göreş-garşylyk durmuşy wakalarynyň üsti 
bilen suratlandyrylýar. “Ýakma – bişersiň, gazma – düşersiň”,”Üç doganyň 
talaban durşy”,”Garybyň çerkeze gidişi”, “Akylly aýal” ýaly ertekilerde 
ahlaksyzlyga garşy göreş meselesi gozgalýar. 
Durmuşy ertekilerde belli bir derejede göçme manydaky (allegoriki) 
obrazlara, hyýaly wakalara duş gelinýär. Ýöne olar cäklendirilen möçberde 
hem-de durmuş hakykatynyň serhedinden çykmaýan obrazlardyr, wakalardyr. 
Şunuň bilen birlikde, durmuşy ertekileriň sýužeti ýaýrawly, dartgynlydyr, 
kompozisiýasy çylşyrymlydyr. 
Durmuşy ertekilerde balykçylyk, ekerançylyk durmuşy, ynsan mertebesi 
ýaly meselelerem görkezilýär. Ertekileriň bu görnüşinde wakalar ynançly bolup, 
durmuşda bolýan we bolup biläýjek zatlar beýan edilýär. Olardaky gahrymanlar 
esasan halkyň arasyndaky adamlardyr. Şonuň üçin durmuşy ertekiler mazmuny 
we durmuşa ýakynlygy boýunça ertekileriň beýleki görnüşlerinden 
tapawutlanýar. Ertekilerde durmuşyň haýsam bolsa bir tarapy (“Üç doganyň 
talaban durşy”, “Garybyň çerkeze gidişi” we ş.m.) dogruçyl beýan edilýär. 
Durmuşy ertekilerde zähmete uly orun berilýär. Iň lezzetli tagam öz 
zähmetiň bilen gazanylan tagamdyr diýen ideýa öňe sürülýär. Ertekilerde 
işlemek, zähmet çekmek, kişi zadyna göz gyzdyrmazlyk, öz zähmetiň siňmedik 
zada el urmazlyk öwüt-nesihat edilýär, ýaltalyk, kezzaplyk berk ýazgarylýar. 
“Akylly daýhan” ertekisinde öz işine jür,bagbançylyk, daýhançylyk bilen 
meşgullanyp ýören türkmen ýigidi Sapa göz öňüne gelýär. Sapa göwnaçyk, 
zähmetsöýer, dogruçyl adam. Ol bagbanyň akylly gyzyna öýlenip, maksat-
myradyna ýetýär. Ertekide Sapanyň obrazynyň üsti bilen adamkärçiligiň oňat 
sypatlary görkezilýär, başga bir bagbanyň obrazynyň üsti bilen öwünjeňlik, 
açgözlük ýazgarylýar. Bu ertekiniň öwredijilik hem terbiýeçilik ähmiýeti uly. 


82 
Durmuşy ertekileri satira, ýumora hem baýdyr. Adalatsyzlyk durmuş 
wakalary bilen paş edilýär.”Eneň uny tükenendir”,”Akylly aýal”,”Garybyň 
çerkeze gidişi”ertekilerinde ahlaksyzlyk kinaýa bilen ýazgarylýar.”Garybyň 
çerkeze didişi” ertekisinde sadalyga, adamkärçilige, dogruçyl bolmaklyga giň 
orun berilýär. Şunuň bilen birlikde, açgözlük, bahyllyk, harsydünýälik ýaly 
ýaramaz häsiýetler ýazgarylýar. 
Ertekilerde nakyllar, matallar getirilýär. Nakyllar ertekileriň tekstleriniň 
içinde gelmek bilen, pikiriň has aýdyňlaşmagyna, manysynyň düşnükli 
bolmagyna hyzmat edýär. Käbir ertekilerde bolsa nakyllar many-mazmun bilen 
pugta baglanyşyklydyr. Nakyldaky pikir şol ertekide beýan edilýär.Ertekiniň 
esasynda nakyl emele gelýän wagtlaram bolýar. Halk arasyndaky “Nesip etse 
äriňdirin”, “Geçini hem öz aýagyndan asarlar, goýny hem öz aýagyndan”, 
“Aýazhan çarygyňa bakarak” diýen nakyllar ertekiler bilen baglanyşyklydyr, 
ertekiler esasynda dörän nakyllardyr. “Aýazhan çarygyňa bakarak” ertekisiniň 
many-mazmuny şeýle: - Gadym wagtlarda Aýaz diýen bir garyp adam bolan. 
Aýagy köne çarykly, egni ýyrtyk içmekli. Ahyrda Aýaz patyşalyk derejesine 
ýetýär, halka baş bolup oturýar. Ol köpçülige ýaramly, adalatly ýurt eýesi 
bolupdyr. Halk oňa “Indi şu derejä ýetdiň. Hiç wagt halky ynjytma, şol ozalky 
kiçigöwünliligiň bolsun, geçmişiňi ýada salyp, çarygyňa bakarak boluber, halky 
unutma” – diýip, öwüt-undew beripdir. Şunlukda, “Aýazhan çarygyňa bakarak’ 
diýen nakyl döräpdir. 
Aýazhan şa derejesine ýeteninde, köneje çarygyny duldan asyp goýupdyr. 
Gatyrak gidiberende, dulda asylgy duran gaty çarygyna seredip, başyndan geçen 
öňki ýagdaýyny göz öňüne getirýär.Ondan kiçigöwünlilik tapýar. 
Ertekileriň tekstiniň içinde goşgy setirleri getirilýär. Munuň özi, 
birinjiden, çagalaryň ertekiler bilen gyzyklanmagyna kömek etse, ikinjiden, 
goşguly ertekiler okyjylary, diňleýjileri ýadamazlyk, höweslendirmek üçin 
amatly bolýar. Üçinjiden, tekstde gelen goşgular ertekiniň sýužeti bilen berk 
baglanyşykly bolup, onuň manysynyň has aýdyň bolmagyna, okyjylaryň ünsüni 
çekmäge ýardam edýär. 
Durmuşy ertekilerde enesiz galan ýetim çagalara halkyň ýakyndan 
duýgudaşlyk edendigi görünýär. Beýleki ýurtlaryň halklarynyň ertekilrinde-de 
öweý eneleriň obrazlary, olaryň ýetim galan çagalara garaýyşlary birmeňzeşräk 
– köplenç ýaramaz häsiýetde berilýär. Munuň özi öweý eneleriň obrazlarynyň 
durmuşdan 
alnandygyny 
görkezýär.Gruzin 
ertekilerinden 
“Ýetim” 
(“Gruzinskiýe 
narodnyýe 
skazki”,1956g.),özbek 
ertekilerinden 
“Iki 
sandyk”(“Özbek halk ertekileri”, Aşgabat, 1958ý.), tatar ertekilerinden “Öweý 
gyz’ (“Tatarskiýe narodnyýe skazki”, 1957g.),türkmen ertekilerinden “Ýetim 
gyz” (“Türkmen halk ertekileri” 1940ý.) ertekileriniň many-mazmuny 
birmeňzeş. Bu ertekileriň her birinde enesiz galan çagalara öweý eneleriň 
ýaramaz garandyklary beýan edilýär. Ýetim çagalaryň dürli bahanalar bilen 
öweý eneler tarapyndan hor-homsy saklanýandygy suratlandyrylýar. 


83 
Durmuşy ertekileriň birnäçesi sýužet taýyndan Gundogar halklarynyň 
ertekilerine meňzeşdir hem manydaşdyr. Aldar köse, Hatamtaý hakynda 
aýdylýan erteki-rowaýatlar, “Isgender patyşanyň şahy bar”,”Üç doganyň 
talaban 
durşy”ýaly 
ertekiler 
Gündogar 
halklarynyň 
ertekilerine 
ýakyndyr.Ylaýta-da ,”Akpamyk”, “Ýedi doganyň dawasy” ertekileri sýužetleri 
boýunça täjikleriň “Ýedi dogan we bir bajy” (“Tadžikskiýe skazki”, 1947g.), 
“Üç dogan” (şol ýerde) ertekilerine örän meňzeşdir.Ertekilerdäki sýužet 
meňzeşligi halklar arasyndaky taryhy wakalaryň meňzeşligi, olaryň söwda 
aragatnaşyklary bilen baglanyşyklydyr. 
Eserleriň sýužetiniň haýsy halkdan geçendigine garamazdan, şol eserde 
milli halkyň başyndan geçen durmuşy,däp-adaty, özboluşly aýratynlygy 
suratlandyrylýar. Şeýle eserler şol halkyňky hasaplanylýar. Çünki, şol eserleriň 
gahrymanlary milli häsiýetdedigi, milli halkyň durmuşy bilen hereket edýändigi 
bilen tapawutlanýar. 
Türkmen ertekileriniň arasynda umumy many-mazmun babatynda ýa belli 
–belli stiller nuktaýnazaryndan käbir ýörgünli detallary, gahrymanlary taýyndan 
biri-birine meňzeş gelýänleri-de bar. Munuň özi ertekileriň many-mazmuna
dürli nusgalara baýdygyny görkezýär. 
Durmuşy ertekileriň gahrymanlary adatdan daşary hyýaly güýçler – 
periler, döwler, aždarhalar ýa beýleki hyýaly zatlar bilen iş salyşmaýar. Bu 
ertekilerde gahrymanlar durmuşdaky kynçylyklary köplenç akyl-paýhasa 
daýanyp ýeňip geçýärler. 
Ertekilerde gahrymanlar durmuşda kynçylyga uçranda, öz güýjünden 
daşary güýçleri ýeňip geçmeli bolanda, hyýaly we adatdan daşary güýçlerden 
seýrek hem bolsa peýdalanýar. Şeýle ýagdaýda, alym Ş. Geldiýewanyň belleýsi 
ýaly, halk öz toslamalaryna, hyýallaryna, ylhamyna daýanyp, erteki 
gahrymanlaryna kyn ýoluň aňsat çykalgasyny (“Bäş galandar”, “Horezmin” 
ertekileri) salgy berýär. Elbetde, munuň durmuşy ertekiler bilen hyýaly 
ertekilleriň özara gatnaşykda bolup, biri-birine täsirini ýetirýändigini görkezýär. 
Durmuşy ertekilerde söz oýnatmalary, göçme manygaky “sözleşik” 
(matal) getirilip, ýönekeý adamyň akyl-paýhasy dabaralandyrylýar. “Togsan 
torba”ertekisinde garyp gyzyň göçme manydaky jogaby ýurduň patyşasyny 
amana getirýär. 
Ertekilerde haýyr bilen şeriň (“Güljemal”, “Patyşa we üç adam”), 
ýagşylyk bilen ýamanlygyň, danalyk bilen akmaklygyň, adalatlylyk bilen 
adalatsyzlygyň (“Patyşa we onuň wesirleri”, “Akylly wezir”,”Horezmin” ş.m. ) 
göreşi täsirli suratlandyrylýar. 
Durmuşy ertekileriniň başlanyşy dürli-dürlüdir. Umuman, Gundogar 
halklarynyň ertekilerinde bolşy ýaly, türkmen ertekileri üçin hem “Bir bar eken, 
bir ýok eken” bilen başlamak häsiýetlidir.Bu esasy başlangyçdyr. Yzyndan 
başgarak wakalara garaşylýar: “Bir bar eken, bir ýok eken, bir obada Mele baý 
diýen bir baý bar eken” ýa-da “Bir bar eken, bir ýok eken, gadym zamanlarda 


84 
bir patyşa bar eken. Onuň üç ogly bolup, her oglunyň bir ýylkysy bar eken…” 
we ş.m. 
Ertekileriň gutaryşy hem dürli-dürlüdir. Olaryň köpüsi:”Şeýlelik bilen, 
olar maksat-myratlaryna ýetdiler “ diýen jemleýji sözlem bilen gutarýar. Emma 
“Ýagşy ýetsin myrada, ýaman galsyn uýada”, “Dostlar şat boldy, duşmanlar 
gamgyn”, “Kyrk gün toý-tomaşa edip, maksat-myratlaryna ýetdiler”, “Bagyr 
boldy, batdy gitdi, öýken boldy, ötdi gitdi” diýen ýaly soňlamalar bilen 
gutarýan ertekiler hem az däl. 

Download 5.01 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   57   58   59   60   61   62   63   64   ...   112




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling