Turkm dili-7 2017. indd


Download 438.92 Kb.
bet71/100
Sana17.06.2023
Hajmi438.92 Kb.
#1527825
1   ...   67   68   69   70   71   72   73   74   ...   100
Bog'liq
7-synp. Turkmen dili (2017, M.Hanmatow, A.Hanmatow)

nji gönükme. Deňdeş agzalaryň baglanyş ýollaryny düşündiriň. Göçüriň. Deňdeş agzalaryň yz ýanlaryndan olaryň baglanyşyny shemada görkeziň. Galdyrylan dyngy belgilerini goýuň.

Nusga: Bir görenini öwme-de, syndyrma-da. [D – de, D – da].
1. Şol bir adamyň hem şahyr hem döwlet işgäri hem luk- man hem sazanda hem serkerde bolany-da bar. (N.Gullaýew
«Gadymdan galan nusgalar»). 2. Bal bilen süýt iň gowy azyk hasap edilýär. 3. Bir wagtyň özünde hem gyzgyn hem sowuk nahardan iýmek maslahat berilmeýär. («Musulman baýramçylyklary»). 4. Bolmasa, üç-dört gün ähli işgärleri çykaryp, işimizi şol etmeli weli şol meselän-ä çözmeli.

  1. Aknabat olaryň öňünde bir tabak çekdirme goýup, bur- ça çekildi-de diňşirgendi. Şondan soň Nury bilen Güljahan bir hepde basa ot..r..p, radiooýun ýazdy. Ol ýeňillik bilen uludan bir dem aldy(-)5da öňündäki käsäni myhmanlara ta- rap sü..ş..rdi. (B.Öwezow «Şatlyk çeşmesi»).




    1. Ikuçlulygy görkezýänlerýa, ýa-da.

Bu baglaýjy kömekçiler deňdeş agzalaryň aralaryndan ýa-da öňlerinden gelýärler. Olar sözlemden aňladylýan pikiriň deňdeş agzalaryň haýsy-da bolsa birine degişlidigi- ni, ýagny ikuçlulygy aňladýarlar.

Bu kömekçiler deňdeş agzalaryň arasynda bir gezek gelse, ýazuwda otur goýulmaýar. Olar birnäçe ýola gelseler, onda deňdeş agzalaryň arasynda otur(,) goýulýar.

Meselem:
Nowruza bagyşlanan bäsleşikde altynjylar ýa(ýa-da) ýedinjiler üstün çykarlar. [D ýa D], [D ýa-da D].


Nowruza bagyşlanan bäsleşikde ýa altynjylar, ýa (ýa-da) ýedinjiler üstün çykarlar. [ýa D, ýa D], [ýa D, ýa-da D].

    1. Gezekleşige görkezýänler kä, käte.

Bular many taýyndan deňdeş agzalardan aňlanylýan düşünjäniň gezekleşip durýandygyny bildirýärler.


Download 438.92 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   67   68   69   70   71   72   73   74   ...   100




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling