nji gönükme. Deňdeş agzalaryň baglanyş ýollaryny düşündiriň. Göçüriň. Deňdeş agzalaryň yz ýanlaryndan olaryň baglanyşyny shemada görkeziň. Galdyrylan dyngy belgilerini goýuň.
Nusga: Bir görenini öwme-de, syndyrma-da. [D – de, D – da].
1. Şol bir adamyň hem şahyr hem döwlet işgäri hem luk- man hem sazanda hem serkerde bolany-da bar. (N.Gullaýew
«Gadymdan galan nusgalar»). 2. Bal bilen süýt iň gowy azyk hasap edilýär. 3. Bir wagtyň özünde hem gyzgyn hem sowuk nahardan iýmek maslahat berilmeýär. («Musulman baýramçylyklary»). 4. Bolmasa, üç-dört gün ähli işgärleri çykaryp, işimizi şol etmeli weli şol meselän-ä çözmeli.
Aknabat olaryň öňünde bir tabak çekdirme goýup, bur- ça çekildi-de diňşirgendi. Şondan soň Nury bilen Güljahan bir hepde basa ot..r..p, radiooýun ýazdy. Ol ýeňillik bilen uludan bir dem aldy(-)5da öňündäki käsäni myhmanlara ta- rap sü..ş..rdi. (B.Öwezow «Şatlyk çeşmesi»).
Ikuçlulygy görkezýänler – ýa, ýa-da.
Bu baglaýjy kömekçiler deňdeş agzalaryň aralaryndan ýa-da öňlerinden gelýärler. Olar sözlemden aňladylýan pikiriň deňdeş agzalaryň haýsy-da bolsa birine degişlidigi- ni, ýagny ikuçlulygy aňladýarlar.
Bu kömekçiler deňdeş agzalaryň arasynda bir gezek gelse, ýazuwda otur goýulmaýar. Olar birnäçe ýola gelseler, onda deňdeş agzalaryň arasynda otur(,) goýulýar.
Meselem:
Nowruza bagyşlanan bäsleşikde altynjylar ýa(ýa-da) ýedinjiler üstün çykarlar. [D ýa D], [D ýa-da D].
Nowruza bagyşlanan bäsleşikde ýa altynjylar, ýa (ýa-da) ýedinjiler üstün çykarlar. [ýa D, ýa D], [ýa D, ýa-da D].
Gezekleşige görkezýänler – kä, käte.
Bular many taýyndan deňdeş agzalardan aňlanylýan düşünjäniň gezekleşip durýandygyny bildirýärler.
Do'stlaringiz bilan baham: |